ABŞ-nyň kanun çykaryjylary we wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň bilermenleri Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almagy ileri tutulýan mesele hökmünde ykrar etmekde seýrek duş gelýän bitarap barlyşygy tassykladylar.
Şeýle-de bolsa, Waşingtonyň näderejede diplomatiýadan basyşa ymtylmagy barada bölünişik dowam edýär.
Respublikan kanun çykaryjylar Donald Trampyň administrasiýasynyň onuň ABŞ-nyň prezidenti bolan birinji möhletinde Eýran syýasatyny kesgitleýän "iň ýokary basyş" kampaniýasyny gaýtadan dikeltmek baradaky kararyny berk goldadylar.
"Maksimum basyş kampaniýasy Eýranyň ykdysadyýetini weýran etdi we onuň möhüm çeşmeleri ret etdi. Ýadroly Eýrana mümkinçilik berilmeli däl" - diýip, subkomitetiň başlygy Maýk Lawler (Respublikan-Nýu-York) 1-nji aprelde aýtdy.
Demokratik kanun çykaryjylar hem Eýranyň abandyrýan howpuny boýun aldylar, ýöne olar diplomatiýanyň möhümdigini aýtdylar.
"Eýranyň dünýäde terrorçylygyň iň esasy döwlet hemaýatkäri hökmünde döredýän howpy barada ikitaraplaýyn düşünişmeklik bar. Biz basyşy diplomatik gatnaşyklar bilen birleşdirmegiň tarapynda" diýip, komitetiň ýokary derejeli wekili Gregori Meeks (Demokratik-Nýu-York) aýtdy.
Üç bilermen Eýranyň döredýän howplary we ABŞ-nyň strategiýalarynyň bolup biljek netijeleri barada şaýatlyk etdi.
Strategiki we halkara barlaglar merkeziniň baş geňeşçisi Norman Roule, Eýranyň ýadro programmasyny öňe sürýändigini we gözegçilik edilmese birnäçe aýyň içinde ýarag öndürip biljekdigini duýdurdy.
"Eýran ýadro ýaragynyň öndürilmegine öňküsinden has ýakyn" diýip, Roule duýduryş berdi we harby zarbalaryň programmasyny diňe yza süýşürip biljekdigini aýtdy. Ol sanksiýalary, harby taýýarlygy we diplomatiýany öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäni teklip etdi.
Ýadro Eýrana garşy birleşigiň (UANI) wekili Kleýr Ýungman, sanksiýalaryň ýurda ýetiren ykdysady zyýanyna ünsi çekdi we inflýasiýa hem-de milli puluň hümmetsizlenmegi sebäpli ykdysadyýetiň gowşandygyny belledi.
Ol Eýranyň ABŞ-nyň sanksiýalaryny bozup, Hytaý bilen alyp barýan nebit söwdasyny nyşana almagyň we onuň ykdysady gowşaklygyny ABŞ tarapyndan terrorçylykly hasaplanýan liwanly "Hezbollah" ýaly sebit toparlaryna berýän goldawyny gowşatmak üçin peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy.
Waşingtonyň Ýakyn Gündogar syýasaty institutyndan Dana Stroul harby zarbalaryň has giň konflikte öwrülip biljekdigini belläp, Waşingtony basyş taktikasyny berk diplomatiýa bilen baglanyşdyrmaga çagyrdy.
Şeýle hem bilermen, "Eýranyň howpsuzlyk strategiýasynyň sütünleri", şol sanda ýadro programmasy, proksi ulgamy, raketa we pilotsyz uçarlar arsenaly "häzirki döwürde öňküsinden has gowşak" diýip belledi.
Tramp, Tähran Waşington bilen ylalaşyk gazanyp bilmese, Eýrany bombalamak bilen haýbat atdy. Tähran bu howpy ret edip, ony parahatçylyga we howpsuzlyga “garşylyk” diýip häsiýetlendirdi.
Geçen hepde Eýran Trampyň täze ýadro şertnamasy boýunça göni gepleşikleri teklip edýän hatyna resmi jogap berdi. Tähran “ýokary basyş” kampaniýasy güýjünde galýarka göni gepleşikleri ret etdi.
“Axios”, Ak Tamyň Eýranyň göni bolmadyk gepleşikler baradaky teklibine “çynlakaý seredýändigini” we munuň bilen bir hatarda Ýakyn Gündogardaky harby güýçlerini artdyrýandygyny habar berdi.
Komitetiň başlygy Braýan Mast (Respublikan-Florida) Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýä ýüzlenip, Tramp, Eýranyň ýadro we ballistik raketa programmalaryny "parahatçylykly bes etmek üçin siz bilen işleşer" diýdi.
"Ýa-da prezident Tramp ýadro ýaraglaryňyzy we ballistik raketa programmaňyzy ýok eder. Siz çäräni saýlap bilersiňiz" - diýip, Mast aýtdy.
Eýran ýadro maksatnamasynyň parahatçylyklydygyny öňe sürýär, emma Tähranda ony ýaraglandyrmak we ABŞ hem-de Ysraýyla garşy saklamak serişdesi hökmünde ulanmak barada çagyryşlar barha artýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.