Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti Stambulda tussag edildi, türkmen aktiwistleri Stokgolmda miting geçirýär


Tussaglykdaky aktiwist.
Tussaglykdaky aktiwist.

26-njy oktýabrda Türkiýede oppozisiýadaky syýasatçy, "Halk hereketi" hereketiniň ýolbaşçysy Kakamyrat Hydyrow tussag edildi diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Hydyrow Stambula egindeşleri bilen duşuşyk geçirmek üçin birnäçe gün ozal geldi. Ol öz planlaryny açyk yglan etdi we isleg bildirýänleriň ählisini "Marmaris" myhmanhanasynda gurnalmaly çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Hydyrow mejlisiň başlanmagyna 40 minut galanda öz feýsbuk hasabynda geçiriljek çäre görülýän taýýarlyk hakynda maglumat berdi we ony göni alyp görkezmekçidigini aýtdy. Şondan soň onuň bilen aragatnaşyk kesildi diýip, adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň saýtynda habar berilýär.

20 ýyldan gowrak wagt bäri Londonda ýaşaýandygyny aýdan Kakamyrat Hydyrow soňky döwürde, hususan-da Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ölendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar çykandan soň, Youtube kanalynda öz syýasy pikir-garaýyşlary bilen çykyş etmäge, häkimiýetiň halka degişli bolmalydygyny aýtmaga başlady.

Ol öz çykyşlarynda Berdimuhamedowy, Reşit Meredowy "jenaýatçy" diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol Berdimuhamedowy "Nyýazowyň kopiýasy" hökmünde häsiýetlendirdi, onuň saglygy saklaýyş pudagyny weýran edendigini aýtdy; öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň bolmanda gürläp, halky aldap bilendigini, emma Berdimuhamedowyň il öňüne çykyp, gürrüň etmegi hem başarmaýandygyny, "A" harpynyň gedaýydyny" öňe sürdi.

Şeýle-de ol türkmenistanlylary özlerini adam ýaly duýmaga, öz adam mertebelerini goramaga çagyrdy. Muny olaryň özleri etmese, hiç kimiň gelip, mertebelerini gorap bilmejekdigini aýtdy.

Öz wideo çykyşlarynda bilimi boýunça ýuristdigini, sülçi bolup işländigini aýdan Hydyrow Türkmenistanda "Arkadaga şöhrat!" diýip gygyrylýan şygara derek, "Biz halk, biz gul däl" diýen şygary öňe sürýändigini hem belläp geçdi.

Şu aralykda türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow 27-nji oktýabrda, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda, BMG-niň Bosgunlar edarasynyň ýokary komissarlygynyň Demirgazyk Ýewropadaky edarasynyň öňünde miting geçirjekdigini aýtdy.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" maglumatyna görä, bu çäre sagat 10-dan 12-ä çenli bolar we oňa on çemesi adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söýünow bu çäräniň Türkmenistanyň (ozalky) Garaşsyzlyk gününde geçirilmeginiň ýöne ýerden däldigini, türkmen prezidentiniň bu senäni hiç bir sebäpsiz başga aýa geçirendigini aýtdy.

Ol bu çäräniň maksadynyň oppozisionerler bilen ýaşlaryň arasynda aragatnaşyk gurmakdan ybaratdygyny, şeýle-de halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni Türkmenistandaky düýpli problemalara çekmekçi bolýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG