Giňelmek meseleleri boýunça ýewropa komissary Marta Kos “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny (AÝ/AR) goramagyň zerurlygyny” nygtady we “eger-de şeýle etmesek, biz dünýädäki awtokratlara sowgat berdigimiz bolar” diýip, duýduryş berdi.
Ol bu barada Ýewropa Parlamentiniň 1-nji aprelde Strasburgda demokratik media serişdelerine, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna elýeterliligi goramaga gönükdirilen plenar maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Bu maslahata ABŞ prezidenti Donald Trampyň 14-nji martda ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň göwrümini kiçeltmek boýunça gol çeken kararyna jogap hökmünde girişildi. Agentlik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna hem gözegçilik edýär.
Bu kararyň yz ýany, Agentligiň baş müdiriniň ýokary derejeli geňeşçisi Kari Leýk (Kari Lake) media guramasynyň Kongres tarapyndan tassyklanan grantynyň ýatyrylandygyny mälim etdi.
Grantyň ýatyrylmagy, biraz soňra, goýbolsun edilen-de bolsa, Global Media Agentligi henize çenli Kongres tarapyndan bölünip berlen maliýe serişdelerini ibermedi, şeýlelikde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 1-nji aprelden başlap, özüniň käbir işgärlerini rugsada iberip başlady.
Kos ÝB-niň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallasyň adyndan çykyş edip, “Ýewropa Bileleşigi garaşsyz media serişdelerine, şol sanda Russiýadan we Belarusdan bolanlara, olar öz işlerini dowam etdirip biler ýaly, korrupsiýanyň üstüni açyp, özleriniň syýasy we biznes elitalaryny jogapkärçilige çekip biler ýaly, gaçybatalga bolmalydyr” diýdi.
Komissar ÝB-niň bu media guramasyny maliýeleşdirmek mümkinçiligi barada gürrüň etmekden saklanan-da bolsa, Ýewropa Parlamentiniň birnäçe agzasy şeýle pikiri agzadylar.
Aldym-berdimli maslahatlaşma
Palatadaky iň iri toparyň, merkez-sag Ýewropa halkynyň partiýasynyň agzasy Sebastiao Bugalho “biz bahasyny töläp, gerdende götereris” diýdi.
“Biz Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň uzak möhletli we durnukly maliýe serişdeleriniň bolmagyny üpjün etmelidiris, şol sanda ÝB-den” diýip, ýaşyllardan bolan litwaly kanun çykaryjy Wirjinius Sinkewiçius (Virginijus Sinkevicius) aýtdy.
Sag ganatdan bolan Ýewropaly konserwatiwler we reformistler partiýasynyň çehiýaly agzasy, kommunist Çehoslowakiýada belli-meşhur dissident bolan Aleksandr Wondra bu radionyň Eýran, Belarus we Russiýa ýaly repressiw ýurtlarda maglumaty ýaýratmaga ýardam berendigini aýtdy we Ýewropa Bileleşigini radiostansiýany maliýeleşdirmäge goşant goşmaga çagyrdy.
“Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny ÝB-niň puly bilen-de maliýeleşdirmäge açyk bolalyň, hem-de munuň nähili görnüşde boljagy dogrusynda ylalaşyga baralyň” diýip, ol aýtdy.
Bir sagat dowam eden çekişme wagtal-wagtal aldym-berdimli boldy, kanun çykaryjylar çykyşlaryň arasynda bir-biregiň üstüne gygyrdy.
Aşa-sag “Germaniýa üçin Alternatiwa” toparynyň kanun çykaryjysy Meri Han (Mary Khan) “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy öz-özüni maliýeleşdirip biler” diýdi. “Media serişdeleri ýewropa institutlary tarapyndan maliýeleşdirilmeli däldir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Han ýaly, “Özygtyýarly halklar toparynyň Ýewropasyna” degişli bolan slowakiýaly kanun çykaryjy Milan Uhrik ÝB-niň, muňa derek, Slowakiýada mallarda dörän agsyl keseline garşy göreşýän daýhanlara ýardam bermelidigini aýtdy. “Siziň garaşsyz mediaňyz garaşsyz medianyň düýbünden gapma-garşysydyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Sag ganatdan bolan beýleki bir populist topara, “Ýewropa üçin watansöýerler” toparyna degişli bolan fransiýaly deputat Ýulien Sançez (Julien Sanchez) bu ýagdaý barada gürleşmek bilen palatanyň “ikiýüzlülik edýändigini” hem-de “Birleşen Ştatlaryň içerki meselelerine gatyşýandygyny” aýtdy.
3-nji aprelde tamamlanjak plenar maslahatda sese goýuljak çözgüt bolmaz, ýöne soňky tapgyrlarda bu şeýle bolar. Ýewropa Parlamentiniň birnäçe resmisiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, palata bu ýagdaýa esewan etmegi dowam etdirer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum