Aşgabadyň golaýyndaky Çoganly posýologynyň bagbançylyk üçin berlen ýerlerinde gurlan daça jaýlarynyň ýykylmaly edilendigi aýdylýar, ýöne şäher häkimiýetleriniň bu kararynyň sebäpleri ýa-da bakja ýerleri ellerinden alynýan adamlaryň çekjek maddy zyýany üçin kompensasiýa alyp biljegi belli däl.
Türkmen kanunçylygyna görä, bagçylyk uçastoklary raýatlara bag ekmek, miwe we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin berilýär we ol ýerde kiçiräk jaý salmaga rugsat edilýär. Şol bir wagtda döwletiň ol ýeri islendik wagt yzyna hem alyp bilýändigi aýdylýar.
Emma Türkmenistanda adamlar, başga ýeri ýa jaýy bolmadyk halatynda, maşgalasy bilen, bagçylyk üçin berlen uçastokda ýaşaýar.
Çoganly daçalygy diýilýände hem şeýle ýagdaýda, ýagny başga alaç tapman, bagbançylyk uçastogynda salnan jaýlarda tutuş maşgala bolup ýaşaýan adamlaryň az däldigi aýdylýar.
Eýsem daça jaýlary ýykylsa, ol adamlar näme etmeli bolar?
Azatlyk radiosy bu barada aşgabatly synçy we raýat aktiwisti Nurberdi Nurmmämedow bilen söhbetdeş boldy.