Eýrandaky möhüm meseleleri yzarlaýan we olaryň näme üçin wajypdygyny düşündirýän Azatlyk Radiosynyň “Farda Brifing” rubrikasyna hoş geldiňiz.
Men Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Kian Şerifi. Bu sanymyzda men Eýranyň abandyrýan ýadro howpy we onuň ABŞ bilen gytaklaýyn gepleşikler babatynda tutanýerliliginiň Günbatary nädip biynjalyk edýändigine syn edýärin, Fransiýa harby hereketleriň "gutulgysyz" boljakdygyny duýdurýar.
Bilmeli zatlaryňyz
• Ýadro howpunyň güýçlenmegi: Eýranyň baş lideriniň baş kömekçisi Ali Larijani, Yslam respublikasyna garşy harby hereketiň Tährana ýadro ýaragyny ösdürmäge itergi berjekdigini duýdurdy. Bu aralykda, Fransiýa Eýranyň ýadro programmasy baradaky duýduryşy artdyrdy we oktýabr aýyna çenli ylalaşyk gazanylmasa harby hereketleriň "tas gutulgysyz" boljakdygyny duýdurdy.
• Aýdylýan bank hüjümi gahary tutaşdyrdy: Eýranyň "Sepah Banky", geçen hepde Codebreakers topary tarapyndan döwülip, onuň 42 million müşderisiniň maglumatlary, şol sanda meşhur adamlaryň hasaplary paş edildi. "Sepah Bank" maglumatlaryň ogurlanmagyny ret edýär we ulgamlarynyň howpsuzdygyny aýdyp, ony "döwüp bolmajakdygyny" öňe sürdi. Bu waka ykdysady deňsizlik we Eýranyň kiberhowpsuzlygynyň gowşaklygy sebäpli onlaýn gahar-gazaply çykyşlara sebäp boldy. Agzalan gizlin maglumatlar Yslam rewolýusiýasynyň sakçylar korpusynyň (IRGC) agzalary bilen baglanyşykly sanlary öz içine alýar.
• Hameneýini tankytlan sosiolog negatiw reaksiýa duçar boldy: Eýranly sosiolog Mostafa Mehrain, Baş lider Aýatolla Ali Hameneýi tankytlaýan iki açyk hat çap edeninden soň jedel döredi. Birinjisinde ol Hameneýini ýalňyşlyklary boýun almaga, ötünç soramaga we iş başyndan aýrylmaga çagyrdy, bu kazyýet işiniň golgalmagyna we onuň suda çagyrylmagyna sebäp boldy. Ikinji hatynda ol Hameneýiniň öz dini missiýasyna ynamyny sorag astyna aldy. Mostafa Mehrain Azatlyk Radiosynyň Farda gullugyna beren interwýusynda Eýran jemgyýetiniň "güýjüne" ýokary baha berdi we munuň özüne Hameneýä ýüzlenmek üçin "batyrlyk" berendigini aýtdy.
Uly mesele
Dostlar ýa duşmanlar - saýlaň
Hameneýiniň uly geňeşçisi Larijani Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana ykdysady hyzmatdaş hökmünde ýa-da duşman hökmünde çemeleşip biljekdigini 1-nji aprelde aýtdy.
"Olar ykdysady peýdalar barada gürleşip bilerler we ikisine-de peýdaly ykdysady meseleler boýunça Eýran bilen adalatly hyzmatdaşlyk edip bilerler" - diýip Larijani aýtdy.
Mejlisiň öňki spikeri we öňki milli howpsuzlyk geňeşçisi Larijani, Eýrana garşy harby howp döretmegiň ýagdaýy hasam erbetleşdirjekdigini aýtdy.
"Amerika ýa-da Ysraýyl ýadro meselesi bahanasy bilen Eýrana hüjüm etse, Eýran atom bombasyny ýasamaga tarap hereket edip biler" diýip Larijani aýtdy.
Näme üçin bu möhüm: ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň ýadro programmasy barada ylalaşyk bolmasa, Eýrany bombalamak bilen haýbat atdy.
Trampyň 2018-nji ýylda çykan 2015-nji ýylyň ýadro şertnamasy oktýabr aýynda gutarýar. Ylalaşyk gutarandan soň dünýä güýçleri BMG-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny gaýtadan ulanyp bilmezler.
Fransiýanyň Daşary işler ministri Jean-Noel Barrot 2-nji aprelde parlamentde eden çykyşynda täze şertnama baglaşylmasa "harby gapma-garşylygyň tas gutulgysyz bolup görünjekdigini" duýdurdy.
Eýran, göni gepleşikleri geçirmek baradaky teklibi ret etdi we ABŞ-nyň prezidenti "berk basyş" kampaniýasyndan el çekmese diňe göni bomadyk gepleşiklere seretjekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, Tramp 3-nji aprelde Eýranyň pozisiýasyna täzeden garandygyny aýtdy.
Barrot "biziň ileri tutýan zadymyz" Eýranyň ýadro programmasyny "hakykatdanam we berk çäklendirýän" ylalaşyk gazanmakdyr diýdi.
Emma Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gapma-garşy habarlar gelýär, Ýakyn Gündogarda boýunça ýörite wekil Stiw Witkoff programmanyň “doly sökülmegine” çagyryş etdi.
Halkara strategiki gözlegler institutynyň bilermeni Fabian Hinz soňky harby türgenleşikleriň we raketa bazalarynyň üstüniň açylmagynyň Tähranyň harby howplaryň hakykydygyna ynanýandygyny görkezýär diýdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýakyn Gündogardaky harby güýçlerini artdyrmagy muňa goşant goşdy.
Azatlyk Radiosynyň Farda gullugyna beren interwýusynda ol harby zarbanyň Eýranyň ýadro mümkinçiligini ýok etmegiň ýerine diňe "wagt utup" biljekdigini, sebäbi "bilimi ýok edip bolmajagyny" belledi.
Hinz, Eýranyň ýadro programmasyna hüjüm edilse, onuň gizlin dowam etjekdigini öňe sürdi. Ol Eýranda üpjünçilik zynjyrlaryny kesgitlemek we nyşana almak arkaly "programma has uly zyýan ýetirip boljakdygyny" aýtdy.
Näme diýilýär: Larijaniniň, esasanam bomba döretmek mümkinçiligi baradaky bellikleri, Eýranyň içinde uly reaksiýa döretdi.
Reformist analitik Ahmad Zeidabadi, resmiler Eýranyň harby güýjüni we ýadro programmasyny ýaraglandyrmak ukybyny bellänlerinde, Yslam respublikasynyň ýagdaýyny "diňe özi üçin kynlaşdyrýar we Amerika hem Ysraýyl üçin has aňsatlaşdyrýar" diýdi.
Medeniýet ministri Abbas Salehi, Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek mümkinçiligini ret etdi we Hameneýiniň ýadro ýaragyny öndürmegine garşy fatwasynyň "dini ýörelgelere" esaslanandygy sebäpli onuň häzirki ýagdaýlara esaslanyp üýtgedilmejegini beledi.
Bilermeniň pikiri: "Eýranyň nukdaý nazaryndan, Trampyň aýdýanlaryna çynlakaý garamagyň manysy bar, sebäbi ol režimiň iň ýokary derejeli agzalarynyň birini öldürdi" - diýip, Hinz 2020-nji ýylda Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylar korpusynyň (IRGC) generaly Kassem Soleimaniniň öldürilmegine degişli ýagdaýy ýatlatdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.