Aşgabatda häzirki wagtda bölüm polisiýa işgärleri öýme-öý aýlanyp, resmi öý ýazgysynda durmaýan raýatlary anyklamak işini alyp barýarlar. Olar ýaşaýyş jaýlarynda ýazgy edilenleriň sanawyny barlap, şol jaýda kireýine ýaşaýan adamlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny soraýarlar.
Paýtagtyň merkezinden o diýen uzakda bolmadyk Çoganly daçalarynyň ýerleşýän ýerinde bolsa köçeleriň gyrasynda ýerleşýän yşyklandyryjy sütünlerde geçen hepdäniň takmynan penşenbe güni daçalarda kireýine ýaşaýan hem-de hasapda durmaýan raýatlaryň üç günüň dowamynda çykarylmalydygy baradaky bildirişler ýelmenipdir.
Bu bildirişde şu talabyň ýerine ýetirilmedik halatynda daça eýeleriniň öz daça melleklerinden mahrum boljakdyklary barada duýduryş berilýär.
Mundan başga-da Aşgabat-Daşoguz ýolundan bu daçalara öwrülýän köçeleriň ählisi diýen ýaly gum üýşürilip, awtoulag geçmez ýaly beklenipdir. Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, penşenbe güni Çoganly daçalaryna barýan marşrut awtobuslary hem, bu ýere ýetmänkä, yzyna öwrülip gatnapdyr.
Sebäpler
Görülýän çäreleriň Çoganly we onuň töweregine gönükdirilmeginiň bir sebäbi – şol ýerde ýerleşýän daçalaryň ýaşaýjylarynyň uly böleginiň welaýatlardan paýtagta işlemäge gelen adamlardan ybarat bolmagydyr. Şol daçalarda jaý kireýi paýtagt boýunça iň arzan ýerler hasaplanýar.
Ady agzalýan raýonyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, bu ýerlerdäki ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin adam başyna 100 manat töweregi kireý puly alynýar.
Paýtagtda hasaba durmadyk adamlara garşy bu kompaniýanyň edil häzirki döwürde başlanmagynyň sebäbi barada takyk resmi maglumat berilmeýär. Emma il arasynda ýaýran gürrüňlerden çen tutulsa, munuň soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagtda haýsydyr bir pedofiliň döremegi bilen baglanyşdyrylýar.
Eýýäm iki hepdeden bäri ilat arasynda paýtagt Aşgabat şäherinde haýsydyr bir näbelli pedofiliň dörändigi baradaky gürrüňler bar. Aýdylyşyna görä, orta mekdepde okaýan iki sany gyz ondan ejir çekipdirler. Bu ýagdaý hakda sosial media sahypalarynda gürrüň köp, emma resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.
Soňky maglumatlara görä, jenaýat etdi diýilýän ol kişi hukuk goraýjy organlar tarapyndan tutulupdyr.
Il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, bu jenaýaty etdi diýilýän adam welaýatdan gelen bolmaly. Hasaba durmadyk adamlara garşy çäreleriň başlanmagynyň, boldy diýilýän şol jenaýatyň yz ýanydan bolup geçmegi bu iki wakanyň arasynda ilteşigiň bardygy hakda pikir döredýär.
Resmi taýdan bu çäräniň sebäpleri hakda hiç zat aýdylmaýar. Emma bolaýmagy mümkin ýene bir sebäplerden biriniň, garaşsyzlyk baýramy bilen baglydygy aýdylýar. Mälim bolşuna görä, her ýyl garaşsyzlyk baýramy Aşgabatda uly dabara bilen bellenýär, oňa müňlerçe adam, şol sanda prezident hem gatnaşýar.
Garaýyşlar
Welaýatlardan gelip, Aşgabatda işleýän adamlara garşy görülýän çäreler hakda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň arasynda hem dürli garaýyşlar bar. Olaryň arasynda bu çärä garşy çykýanlar bilen bir hatarda, paýtagtda barha artyp barýandygy aýdylýan jenaýatlaryň azalmagy üçin bu çäräniň peýdaly boljagyna ynanýanlar hem bar.
“Welaýatdan gelenler, paýtagtyň golaýyndaky raýonlaryň ählisinde diýen ýaly bar. Şol sebäpden bu raýonlarda jenaýatçylyk hem köpelýär. Ýerli ilat bilen döreýän konfliktler hakda wagtal-wagtal habarlar eşidilýär” diýip, paýtagtyň Hitrowka raýonynyň ýaşaýjysy 36 ýaşly Geldi gürrüň berýär.
Emma Daşoguz welaýatyndan paýtagta işlemäge gelen ýokary bilimli işçi Oraz häkimiýetleriň häzirki döwürde welaýatlardan gelen işçilere garşy alyp barýan çärelerine adamlaryň hak-hukuklaryny kemsitmek diýip baha berýär.
“Kanun boýunça her bir türkmenistanlynyň ýurduň islendik ýerinde işlemäge hukugy bar. Şonuň üçin olaryň garşysyna şunuň ýaly çäreleriň görülmegi bikanun. Onsoňam bir jenaýat boldy diýip, ähli adamlara garşy çäre görmek adalatsyzlyk” diýip, Oraz öz pikirini beýan edýär.
Edil häzirki döwürde welaýatlardan paýtagta gelip işleýän adamlaryň sany hakda takyk maglumat berilmeýär. Emma olar, umuman, gurluşyk proýektlerinde işleýärler. Iş gözläp, welaýatlylaryň ençemesi paýtagta gelýän hem bolsa, soňky döwürlerde olaryň Awaza işlemäge gidýänleriniň sanynyň hem köpelýändigi hakda maglumatlar bar.