Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganly "petikligine" galýar


Çoganla awtoulag bilen barmak isleýänler üçin açyk galan diňe bir köçe bar
Çoganla awtoulag bilen barmak isleýänler üçin açyk galan diňe bir köçe bar
Çoganlydaky daçalaryň ýaşaýjylary indi ep-esli wagtdan bäri dürli çäklendirmeler bilen ýaşaýarlar. Agzalýan daçalara awtoulag bilen barmak isleýänler üçin açyk galan diňe bir köçe bar, olam polisiýanyň gözegçiliginde.

Aşgabat-Daşoguz awtotrassasyndan bu daçalyga tarap barýan awtoýollaryň ählisi ozal çukur gazylyp, beklenildi. Aradan bäş aý geçdi. Ýollar ulaglar üçin henizem ýapyk. Şol bir wagtyň özünde-de pyýada barýanlar üçin şeýle çäklendirmeler ýok.

Düşündiriş ýok

Bu çäklendirmäniň näme üçin girizilendigi we näme üçin dowam etdirilýändigi hakda resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berlenok. Emma indi ep-esli wagtdan bäri dowam edýän bu ýagdaý Çoganlynyň daçalarynyň ýaşaýjylary üçin dürli kynçylyklary döredýär.


Çoganlynyň daçalarynyň ilat sany hakda takyk maglumat bolmasa-da, Aşgabadyň etegindäki bu daçalaryň eýeleýän meýdanyndan çen tutsaň, daçalaryň ýaşaýjylarynyň sanyny müňlerçe diýip çaklasa bolar. Ýöne bu daçalyga iň ýakyn orta mekdep bolsa 5 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Daçalarda saglyk merkezi we administratiw binalar hem ýok. Hatda gaz bilen üpjünçilik hem göz öňünde tutulmandyr. Bu çäklendirme ozaly bilen her gün mekdebe gatnaýan çagalara we paýtagtda işleýän adamlara öz ýaramaz täsirini ýetirýär.

Çoganlynyň daçalarynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy Aşgabadyň gurluşyk sektorlarynda işlemek üçin ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelen migrant işçilerden ybarat bolup, olaryň köpüsiniň paýtagtda ýaşamak üçin rugsat haty ýok.

Resmi taýdan hiç hili maglumat berilmese-de, howpsuzlyk güýçleriniň işgärleriniň daçalarda wagtal-wagtal barlag geçirýändigi we welaýatlylaryň dürli bahanalar bilen wagtlaýyn tussag edilýän halatlarynyň-da duş gelinýändigi aýdylýar.

Pedofilli waka

Çoganly daçalarynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylary şeýle barlaglaryň Aşgabat ýa onuň töwereginde haýsydyr bir jenaýatçylykly waka bolanda hasam möwjeýändigini aýdýarlar. Edil şeýle ýagdaýlar geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda pedofilli waka ýüze çykdy diýlende hem bolupdyr.

Emma indi bäş aýdan bäri bu obaçylykda dowam edýän çäklendirilen durmuş ýaşaýjylary binjalyk edip başlapdyr.

“Öň öz ulagym bilen daçama arkaýyn baryp bilýärdim. Indi bolsa daçalaryň gutarýan ýerinden aýlanyp gelmeli. Käwagt bolsa şlagbaumy ýapyp, dokumentleriňi soraýarlar” diýip, özüni Ýazmyrat diýip tanadan Çoganlydaky daçalaryň biriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Onuň pikiriçe, Çoganlynyň daçalaryndaky dörän häzirki ýagdaý bu ýeriň ýaşaýjylarynyň hukuklaryny kemsidýar. Ýazmyrat öz nägileligini şeýle beýan edýär: “Häkimiýetler ur diýseň, öldüräýýärler. Jenaýat etjek adam şonsuzam jenaýat eder. Bu gabawlyk diňe ýönekeý adamlary çäklendirýär”.

Şol bir wagtyň özünde-de boldy diýilýän jenaýatlaryň bu daçalar bilen ilteşiginiň bolup-bolmandygy we eger bolan bolsa, nähili bolandygy hakda resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berlenok.

Emma, muňa garamazdan, Aşgabatda geçen ýylyň oktýabr aýynda boldy diýilýän şol pedofilli wakadan soň Çoganlynyň daçalarynda hasaba alynmadyk, ýazgy edilmedik kireýine ýaşaýan adamlaryň hemmesiniň daçalardan üç günüň dowamynda çykarylmalydygy barada duýduryş berilipdi.

Barlaglar

Kireýine ýaşaýanlaryň käbirleri şol wagt bu raýondan çykarylan hem bolsalar, barybir häzirem bu ýerde kireýine ýaşaýanlar az däl. Şol sebäpdenem bu taýda häli-şindi uçastok polisiýasynyň işgärleri wagtal-wagtal aýlanyp, ýaşaýjylaryň dokumentlerini barlaýarlar.

Bu ýagdaý bolsa halk arasynda howpsuzlyk güýçlerinden närazylygyň artmagyna sebäp bolýar. “Bu çäreleriň boldy diýilýän şol jenaýatçylygyň öňüni almak bilen hiç hili dahyly ýok. Olar muny para almak üçin edýärler. Ellerine 100 manat berseň, adyňy tutanoklar” diýip, bu ýerde kireýine ýaşaýan Ahmet gürrüň berýär.

Bu problemalar bilen bir hatarda bu daçalaryň göçüriljekdigi hakda hem halk arasynda dürli gürrüňler bar. Aýdylyşyna görä, daçalar göçürilip, bu ýerlerden ýaşaýyş jaýlary üçin mellek ýerleri paýlanylyp berilmeli.

Emma bu gürrüňleriň hem näderejede dogrudygyny resmi taýdan anyklap bolmady. Ýöne bu ýagdaý Çoganlynyň daçalarynyň eýelerini alada goýýar.

“Adamlar bu ýerden ençeme pul çykdajy edip jaý gurdular. Daçalardan jaý guranlara kompensasiýanyň ýa-da täze daça uçastoklarynyň beriljekdigi bolsa näbelli. Berzeňňiniň daçalary ýaly hiç zatsyz goýaýmasalar” diýip, Çoganlydaky daçalaryň biriniň eýesi Ýazmyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Paýtagtyň çetinde ýerleşýän ”Çoganlynyň daçalary” diýlip atlandyrylýan bu ýerlere eýýäm birnäçe ýyllardan bäri ilat arasynda daça ýerleri hökmünde garalmaýar. Eýse, ençeme ýyllap adamlara ýaşaýyş jaýlary üçin mellek ýerleri berilmänsoň, Çoganly giden bir oturymly oba öwrüldi.
XS
SM
MD
LG