Ilkibada aşgabatlylaryň daçalarynyň ýerleşýän ýeri bolan Çoganly häzir Aşgabadyň bir etrabynyň garamagyndaky posýolaga öwrüldi. Gum, kanal we hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy Çoganly obasyny häsiýetlendirýän esasy alamatlar.
Çoganlynyň Garagum kanalyna golaý ýerleşmegi özüniň erbet täsirini ýetirýär. Çoganly posýolagy hanasy betonlanmadyk Garagum kanalynyň öz töweregindäki ýerleri nähili şorladýandygyny, zaýalaýandygyny görkezýän aýdyň mysal.
Obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde ýylyň ähli paslynda gar ýaly ap-ak şor ýeriň ýüzüne çykyp ýatyr. Käbir ýerlerinde bolsa ýeriň ýüzüne çykyp duran ýerasty suwlaryň döreden kiçijek “köljagazlary” hem bar. Ýeriň zaýalanmagy bu obanyň esasy problemalarynyň biri.
Şol sebäpden bu obada ýaşaýyş jaýlaryny gurýanlar hem guruljak jaýlarynyň ýerini ep-esli ýokary galdyrmaly bolýarlar. “Men jaýymy guranymda 2 metre golaý ýeri ýokary galdyrmaly boldum. Ýogsam, ýeriň ýüzüne çykýan suw pola ýetmegi ähtimal” diýip, çoganlyly Batyr Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Ondan başga-da, ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu oba gumluk ýerde ýerleşensoň, bu hem obanyň ilatyna görgi baryny berýär. Tomus aýlary çala ýel tursa, tozan asmana galýar. Kämahallar tozandan ýaňa gözüňi hem açyp bolmaýar. Batyryň aýtmagyna görä, ol her hepde diýen ýaly sowadyjy enjamyny çägeden arssalamaly bolýar.
“Öýüň içi tozan. Öýden çyksaň, çäge. Daş-töweregiň gum, şor. Çoganlylar şular ýaly şertlerde ýaşaýarlar” diýip, Batyr ýagdaýdan habar berýär.
Ýagynly günler bolsa obanyň käbir köçeleriniň batga öwrülýän halatlary hem seýrek däl. Ýogsam, bu obanyň käbir köçeleri bejerilýärem. Emma, muňa garamazdan, Çoganlynyň köçeleri gijelerine köplenç garaňky.
Obada arassaçylyk taýdan hem edilmeli işler örän köp. Çoganlynyň içinde we onuň çetlerinde zir-zibil zyňylan ýerler az däl. Onsoň zir-zibiliň töwreginde olardan iýmitlenýän itler hem gabat gelýär. Zir-zibilleriň aram-aram ýakylmagy bu obanyň howasynyň arassalygyna zyýan ýetirýän zatlaryň ýene biri.
Gijelerine bu oba pyýada barýan adam diňe bir çukurjyklara büdremekden däl, eýsem öýsüz-öwzarsyz ýa-da howlyň daşyna goýberilen itleriň ýarmagyndan hem häzir bolmaly. Ýöne, muňa garamazdan, bu obada hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.
Häzirki wagtda Çoganly paýtagtyň iň uly obalarynyň biri diýsek ýalňyş bolmaz. Soňky döwürlerde “Aşgabatgurluşyk” we “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginiň iki gatly kottej tipli ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen bu oba has-da ulaldy. Bu jaýlaryň gurulmagy bilen ýüzlerçe maşgalalar öýli-öwzarly boldular. Bu jaýlar, esasanam, paýtagtda we onuň töwereklerinde ýaşaýyş jaýlary ýykylanlara berilýär.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Çoganlyda ençeme sosial ähmiýetli binalar hem guruldy. Obada iki sany orta mekdep we çagalar bagy guruldy. Bu ýagdaý Çoganlyda ýaşaýan çagalara öz posýolaklarynyň çäginde häzirki zaman çagalar bagynda terbiýenemäge hem-de orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berdi.
Emma, Çoganlynyň ilatynyň köpelýändigine garamazdan, ilatyň ýaşaýyş üçin amatlyklar bilen üpjünçiliginiň ýagdaýynyň gözgynydygyny Batyr aýdýar. Ilat ylaýtada tok bilen üpjünçiligiň pesliginden kösenýär. Tomsuna has-da erbetleşýär. Çünki kondisionerler, split sistemalar işledilip, elektrik togunyň sarp edilişi artýar we netijede tok ýetmezçilik edýär.
“Köne transformator podstansiýalar muňa çydaman ýanýar. Ýa-da kadaly işläp bilmeýär. Gyşyna bolsa gaz peselýär. Her kim ýylanmak üçin gaz peçlerini ulanýar. Çoganly Aşgabatdan uzakda ýerleşmeýän hem bolsa, kanalizasiýa geçirilenok” diýip, Batyr Azatlyk Radiosyna bu posýologyň kynçylyklary barada gürrüň berdi.
Ilkibaşda kanalyň kenarynda bary-ýogy birnäçe daça ýerlerinden ybarat bolan Çoganly indi kiçeňräk şähere öwrüldi. Ilaty barada statistik maglumatlaryň ýokdugyna garamazdan, soňky döwürde bu obanyň ilatynyň has köpelýändigine Çoganla gatnaýan awtobus marşrutlarynyň köpelmegi hem şaýatlyk edýär.