Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ýol gözegçilik polisiýasy. Aşgabat
Ýol gözegçilik polisiýasy. Aşgabat

Aşgabadyň köçelerinde soňky günlerde polisiýa işgärleriniň sany esli köpeldi. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri paýtagtyň köçelerinde gözegçilik edýän kanun goraýjylaryň arasynda welaýatlardan ugradylan polisiýa işgärleriniň hem bardygyny habar berýärler.

"Paýtagtyň köçelerine nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleriniň arasynda diňe Aşgabat şäherine degişli polisiýa bölümleriniň wekilleri bolman, eýsem welaýatlaryň ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerinden paýtagta iş sapary bilen ugradylanlar bar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri 14-nji noýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şerinde gepleşen welaýatly polisiýa işgäriniň sözlerine görä, olar paýtagtdaky iş saparynyň dowamynda köçe-ýol hereketine gözegçilik etmek işine çekilýär.

"Köçelerde nobatçylyk çekýän ýol gözegçilik gullugynyň her bir işgärine günde 60 sany jerime protokolyny ýazmak tabşyrylýar" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Bu aralykda Azatlygyň habarçylary köçelerde saklanýan awtoulaglaryň sanynyň esli köpelendigini aýdýarlar.

Paýtagtly sürüjiler bolsa, polisiýanyň özlerine gün bermeýändigini aýdýarlar.

"Polisiýa işgärleri köçelerden geçip barýan ulaglary bir gezek saklanda 4, 5 ulagy birden duruzýarlar we olardan azyndan ikisine ýa-da üçüsine hökman jerime ýazýarlar. Polisiýa işgärleri dürli bahanalary tapýarlar jerime protokolyny doldurmak üçin" diýip, paýtagtly sürüji gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň köçelerinde saklanýan sürüjilere ýazylýan jerimeler azyndan 50 manatdan başlanýar. Ortaça jerime 150 manat bilen 200 manat aralygynda bolýar. Käbir sürüjiler günde 3, 4 gezek saklanyp, olara her gezek dürli bahanalar sebäpli jerime ýazylýar.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, käbir ulag eýelerine bir hepdäniň dowamynda ýazylan jerimeler 3-4 müň manada ýetýär.

"Häzir ulaglaryny täze ýyl baýramçylygy geçýänçä duralgada goýmak kararyna gelen sürüjiler az däl" diýip, habarçymyz belleýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň köçelerinde polisiýa işgärleriniň sanynyň köpelmeginiň we ýol hereketine gözegçiligiň artdyrylmagynyň sebäpleri barada paýtagtyň polisiýa wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen kanun goraýjy edarasyndaky çeşme paýtagt polisiýasynyň şeýdip, hem döwlet gaznasy, hem-de özleri üçin girdeji edýändigini aýdýar.

"Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysyndan görkezme bar, ýol polisiýasyna köçelerde awtoulaglary saklap, ýazylýan jerime protokollarynyň sanyny artdyrmak tabşyryldy" diýip, polisiýadaky çeşme aýdýar.

Türkmenistanda ýol gözegçilik polisiýasy ulag sürüjileriniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Türkmenistanda polisiýanyň aktiwleşmegi döwlet baýramçylyklarynyň, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryň we döwlet ýolbaşçylarynyň ýurduň içinde we daşyna edýän saparlarynyň dowamynda has güýçlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Günbatar Balkan welaýatynyň ençeme edara-kärhanalarynda, şol sanda hojalyk we transport hyzmatlary kärhanalarynda işgärleriň aýlyk zähmet haklary birnäçe aý bäri gijikdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Işgärleriň aýlyklarynyň gijikdirilmegi ozal görlüp-eşidilmedik derejelere çykdy, biziň edaramyzda dört aý bäri aýlyklar berilmeýär” diýip, welaýat agyz suw üpjünçilik edarasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Şonuň üçin, işgärler öz islegleri bilen köpçülikleýin işden çykyp başladylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Zähmet haklarynyň gijikdirilmegi Balkan welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginde, agyz suw üpjünçilik edarasynda we transport hyzmatlary kärhanasynda hem hasaba alynýar.

Ýerli agyz suw üpjünçilik kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bu edarada soňky aýlarda işgärleriň tas ýarysynyň gijikmeler zerarly, öz islegleri boýunça işden çykandyklaryny aýdýar.

Bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bolmaýar.

Welaýatyň agyz suw üpjünçiligi Balkan welaýat häkimliginiň tabynlygyndaky “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitiň transport hyzmatlary kärhanasynda hem zähmet haklarynyň gijikdirilýändigini aýdýar.

Welaýatyň iň iri transport kärhanasy “Balkanawtoulag” önümçilik birleşigi bolup, bu kärhana Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” gullugynyň tabynlygyndadyr.

Azatlyk Radiosy welaýatyň hojalyk we transport hyzmatlary kärhanalarynda işgärleriň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi boýunça degişli edaralardan goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

Emele gelen bu ýagdaý şäher ilatynyň hojalyk hyzmatlary bilen kadaly üpjünçiligini bökdeýär.

“Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tas üç aý çemesi wagt bäri welaýat merkezindäki zibil çeleklerini öz wagtynda arassalamaýarlar. Zähmet haklarynyň gijikdirilmegi sebäpli, işgärlerde höwes ýok. Üstesine, jemagat gulluklarynyň garamagyndaky zibil daşaýan ulaglar işlemeýär, döwük, garažlarda ýatyr” diýip, jemagat gullugyndan habarly çeşmeler aýdýar.

Zibil daşaýan ulaglary bejermek işleri sürüjileriň öz üstüne ýüklenýän ekeni. Ýöne zähmet haklary gijikdirilýän işgärler özleriniň aýlyklarynyň onsuz hem ujypsyz bolandygyny aýdyp, alýan aýlyklarynyň güzeran aýlamaga-da ýetmeýändigini aýdýarlar.

“Muňa garamazdan, edaranyň ulaglaryna degişli çykdajylary işgärlere töletdirmeklik adaty ýagdaýa öwrülip barýar, bu bolsa işgärleri işden sowadýar” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýar.

Ýerli transport kärhanasynyň işgärleri hem gijikmelerden ejir çekip, ýerli çeşmeler bu edarada pulsuzlyk sebäpli, käbir sürüjileriň öz ulaglaryna paýlanyp berilýän awtoulag ýangyjyny satyp, güzeran aýlamaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

“Welaýat transport hyzmatlary kärhanasy hem pulsuzlykdan kösenýär, sürüjiler özlerine berlen benzin we dizel ýangyjyny artdyryp satyp, çörek pul edinmäge çalyşýarlar” diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

Jemagat hojalygy müdirlikleriniň işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar dört aý çemesi mundan ozal paýtagt Aşgabatda hem bolup geçdi. Şonda Azatlygyň habarçylary köçe tämizlikçileriniň maý aýyna degişli aýlyk haklarynyň iýul aýynda hem tölenilmändigini habar beripdi.

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynda geçen ýylyň dekabr aýynda hem aýlyklar köpçülikleýin gijikdirildi. Şonda ýerli çeşmeler bu sebitiň Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, “Hazar Balyk” kärhanasynda we Türkmenbaşy şäheriniň awtomobil parkynda 4-5 bäri aýlyk haklarynyň gijikdirilendigini habar berdiler.

Ýurduň beýleki sebitlerinde hem şeýle gijikmeler bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri ýaňy-ýakynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Lebap böleginiň gurluşygynda zähmet çekýän işçileriň aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigini habar berdi.

Ýangyç serişdeleriniň halkara söwdasyndan milliardlarça dollar girdeji gazanýan türkmen hökümeti we ýerli häkimiýetler ilatyň zähmet haklaryny tölemäge ukypsyzlykda tankyt edilýär.

Döwlet media serişdeleri şeýle ýagdaýlar barada habar bermeýär. Häkimiýetler bu problemalar boýunça açyk beýanatlar bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG