Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda zähmet haklary gijikdirilýän işçileriň ençemesi öz islegleri bilen işden çykýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Günbatar Balkan welaýatynyň ençeme edara-kärhanalarynda, şol sanda hojalyk we transport hyzmatlary kärhanalarynda işgärleriň aýlyk zähmet haklary birnäçe aý bäri gijikdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Işgärleriň aýlyklarynyň gijikdirilmegi ozal görlüp-eşidilmedik derejelere çykdy, biziň edaramyzda dört aý bäri aýlyklar berilmeýär” diýip, welaýat agyz suw üpjünçilik edarasynyň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Şonuň üçin, işgärler öz islegleri bilen köpçülikleýin işden çykyp başladylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Zähmet haklarynyň gijikdirilmegi Balkan welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginde, agyz suw üpjünçilik edarasynda we transport hyzmatlary kärhanasynda hem hasaba alynýar.

Ýerli agyz suw üpjünçilik kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bu edarada soňky aýlarda işgärleriň tas ýarysynyň gijikmeler zerarly, öz islegleri boýunça işden çykandyklaryny aýdýar.

Bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bolmaýar.

Welaýatyň agyz suw üpjünçiligi Balkan welaýat häkimliginiň tabynlygyndaky “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitiň transport hyzmatlary kärhanasynda hem zähmet haklarynyň gijikdirilýändigini aýdýar.

Welaýatyň iň iri transport kärhanasy “Balkanawtoulag” önümçilik birleşigi bolup, bu kärhana Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” gullugynyň tabynlygyndadyr.

Azatlyk Radiosy welaýatyň hojalyk we transport hyzmatlary kärhanalarynda işgärleriň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi boýunça degişli edaralardan goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

Emele gelen bu ýagdaý şäher ilatynyň hojalyk hyzmatlary bilen kadaly üpjünçiligini bökdeýär.

“Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri tas üç aý çemesi wagt bäri welaýat merkezindäki zibil çeleklerini öz wagtynda arassalamaýarlar. Zähmet haklarynyň gijikdirilmegi sebäpli, işgärlerde höwes ýok. Üstesine, jemagat gulluklarynyň garamagyndaky zibil daşaýan ulaglar işlemeýär, döwük, garažlarda ýatyr” diýip, jemagat gullugyndan habarly çeşmeler aýdýar.

Zibil daşaýan ulaglary bejermek işleri sürüjileriň öz üstüne ýüklenýän ekeni. Ýöne zähmet haklary gijikdirilýän işgärler özleriniň aýlyklarynyň onsuz hem ujypsyz bolandygyny aýdyp, alýan aýlyklarynyň güzeran aýlamaga-da ýetmeýändigini aýdýarlar.

“Muňa garamazdan, edaranyň ulaglaryna degişli çykdajylary işgärlere töletdirmeklik adaty ýagdaýa öwrülip barýar, bu bolsa işgärleri işden sowadýar” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýar.

Ýerli transport kärhanasynyň işgärleri hem gijikmelerden ejir çekip, ýerli çeşmeler bu edarada pulsuzlyk sebäpli, käbir sürüjileriň öz ulaglaryna paýlanyp berilýän awtoulag ýangyjyny satyp, güzeran aýlamaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

“Welaýat transport hyzmatlary kärhanasy hem pulsuzlykdan kösenýär, sürüjiler özlerine berlen benzin we dizel ýangyjyny artdyryp satyp, çörek pul edinmäge çalyşýarlar” diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

Jemagat hojalygy müdirlikleriniň işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar dört aý çemesi mundan ozal paýtagt Aşgabatda hem bolup geçdi. Şonda Azatlygyň habarçylary köçe tämizlikçileriniň maý aýyna degişli aýlyk haklarynyň iýul aýynda hem tölenilmändigini habar beripdi.

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynda geçen ýylyň dekabr aýynda hem aýlyklar köpçülikleýin gijikdirildi. Şonda ýerli çeşmeler bu sebitiň Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, “Hazar Balyk” kärhanasynda we Türkmenbaşy şäheriniň awtomobil parkynda 4-5 bäri aýlyk haklarynyň gijikdirilendigini habar berdiler.

Ýurduň beýleki sebitlerinde hem şeýle gijikmeler bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri ýaňy-ýakynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Lebap böleginiň gurluşygynda zähmet çekýän işçileriň aýlyk haklarynyň gijikdirilýändigini habar berdi.

Ýangyç serişdeleriniň halkara söwdasyndan milliardlarça dollar girdeji gazanýan türkmen hökümeti we ýerli häkimiýetler ilatyň zähmet haklaryny tölemäge ukypsyzlykda tankyt edilýär.

Döwlet media serişdeleri şeýle ýagdaýlar barada habar bermeýär. Häkimiýetler bu problemalar boýunça açyk beýanatlar bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG