Ilkinji Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi sammiti 4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde öz işini tamamlady. Iki sebitiň liderleri sammitiň yz ýany bilelikde jarnama kabul edip, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarýandyklaryny yglan etdiler.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň sebit ähmiýetine, şeýle-de ykdysadyýet, maýa goýum, energetika, ulag we söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
“Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji, geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görýäris” diýip, Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda aýtdy hem-de öz ýurdunyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda bu ugurda iş alyp barmaga taýýardygyny belledi.
Ýerli synçylar türkmen prezidentiniň sammitde eden çykyşynda endige öwrülen ‘howaýy gürrüňleri’ gaýtalap, anyk meseleleri gozgamakdan saklanandygyny aýdýarlar.
Ygrarlylyk
Sammitiň yz ýany bilelikde kabul edilen jarnamada parahatçylyk, howpsuzlyk we demokratiýa ugrunda hyzmatdaşlyga, şeýle-de halkara hukugyna ygrarlylyk nygtaldy. Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň hartiýasynyň ýörelgelerine laýyklykda Ukrainada giň möçberli, adalatly we dowamly parahatçylygyň gysga wagtda gazanylmagynyň ähmiýetini hem nygtady.
Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde bilim ulgamynda amala aşyrylan taslamalara-da salgylandy.
Ýöne synçylar bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hut türkmen häkimiýetleriniň özleriniň döredip gelýän emeli böwetlerine we çäklendirmelerine duçar galýandygyny, muňa garamazdan, bilim taslamalarynyň ýewropaly diplomatlaryň hem-de adaty türkmen raýatlarynyň erjelligi hem-de bilime teşneligi sebäpli durmuşa geçirilmeginiň mümkin bolýandygyny aýdýarlar.
Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda “Merkezi Aziýanyň geosyýasy dawalara we gapma-garşylyklara goşulmaýan durnukly sebit hökmünde görülmegine” ünsi çeken-de bolsa, ýurduň daşary syýasatyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçylar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebiti bilen integrasiýalaşmakdan-da, halkara gatnaşyklary giňeltmekden-de çetde galýandygyny we bu gatnaşyklara sowuk sala çemeleşýändigini aýdýarlar.
Halkara gatnaşyklar boýunça ýerli hünärmenler ilkinji Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi sammitiniň yz ýany, Türkmenistanyň daşary syýasaty babatynda öňden bäri dowam edýän soraglaryň ýene bir gezek öz-özünden gün tertibine gelýändigini aýdýarlar.
Iki çemeleşme
Türkmen režimi, ýerli synçylara görä, daşary syýasat babatynda esasan iki çemeleşmä eýerýär. Birinjilik bilen, häkimiýetler daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda diňe sanlyja ugurda, diňe döwlet ýolbaşçysynyň rugsady esasynda, hem-de diňe türkmen režiminiň özüne bähbitli bolan halatynda ýönekeý ‘alyş-çalyş’ gatnaşyklaryny ýola goýýarlar. Bu gatnaşyklar köplenç Türkiýe, Russiýa, Hytaý, Özbegistan we Eýran ýaly döwletler bilen çäklenýär.
“Şol sanlyja ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem gönüden-göni Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň degişli ýurtlaryň ýolbaşçylary ýa-da iri döwlet işgärleri, bilermenleri bilen şahsy gatnaşyklary esasynda berk galyba salnan görnüşde amala aşyrylýar” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Ikinji çemeleşme, ýurduň BMG, ÝHHG we GDA ýaly halkara guramalarynyň meýdançalarynda alyp barýan daşary gatnaşyklar syýasaty bolup, bu ulgam köplenç diňe diýen ýaly, ‘deklaratiw’ we ‘howaýy’ çykyşlardan ybarat bolýar.
“Bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty global derejede islenilýän umumy meseleleri aýdyňlaşdyrmazdan Birleşen Milletler Guramasynda rezolýusiýalary, çözgütleri teklip etmekden, hem-de halkara derejesinde ýurduň ‘parahat, asuda, bagtyýar we arkadagly abadan ýurt bolup durýandygyny” mahabatlandyrmakdan ybarat bolup durýar” diýip, ýerli hünärmen aýdýar.
Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlar bilen arada şahsy gatnaşyk esasynda ýola goýýan, hem-de Russiýa, Hytaý, Türkiýe we Eýran ýaly esasan awtoritar ýurtlar bilen çäklenýän daşary gatnaşyklar, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde esasan deklaratiw häsiýete, howaýy gürrüňlere esaslanýan daşary gatnaşyklar ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup galýar. Ýurduň bitaraplyk hukuk durumy bolsa, şeýle syýasatyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Türkmen metbugatyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi sammitiniň meýdançalarynda 3-nji aprelde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen bilen hem-de Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta bilen aýry-aýry duşuşyklary geçirdi.
Merkezi Aziýadan 'üzňelik'
Goňşy Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlar hem türkmenler bilen gümrük düzgünlerini sadalaşdyrmak, wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek, bu iki ýurtdan Eýrana iberilýän üstaşyr ýükler bilen bagly bökdençlikleri aradan aýyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýarlar diýip, ýerli hünärmen aýdýar.
“Ýöne köp halatda şeýle synanyşyklar oňyn netije bermeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Ol ýyllarboýy dowam edýän berk düzgünleriň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam bermeýändigini aýdýar.
“Ýurtda 30 ýyldan gowrak wagtda emele gelen berk ýeke-täk çözgüt çykarmak düzgüni we ýeke-täk şahsyň diýeni bilen tas ähli içeri we daşary syýasatdaky meseleleriň çözülmek tejribesi iş ýüzünde Türkmenistanda diňe bir içerki syýasatda däl, eýsem regional integrasiýa, halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde hem durgunlylyga we yza galaklyga getirýär. Sebäbi, iş ýüzünde, bu günki günde Türkmenistanyň häkimiýetleri üçin daşary syýasat Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy gatnaşyklary bolan sanlyja aýry-aýry daşary ýurtly döwlet baştutanlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen çäkli "alyş-çalyş" duşuşyklaryna, şeýle hem halkara guramalarynyň we halkara duşuşyklaryň çäklerindqki "howaýy, umumy sözlere baý" şol bir çykyşlarda jemlenýär” diýip, ýerli hünärmen aýdýar.
Munuň netijesinde, onuň sözlerine görä, içeri syýasat diňe “bagtyýarlyk wagzynyň batlandyrylmagyndan”, daşary syýasat bolsa “duşuşyk üçin duşuşyk, maslahat üçin maslahat” çärelerinden ybarat bolýar.
“Şeýle ýagdaýda, dogurdan-da, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada integrasiýa ýa-da hyzmatdaşlyga taýýardygyna ynanmak tas mümkin däl” diýip, synçy aýdýar.
Ol Türkmenistanyň transport pudagynda sebit integrasiýasyndan çetde durmagyna, wizalary ýeňletmek arkaly öz halkynyň sebit halklary bilen gidim-gelimini aňsatlaşdyrmazlygyna, hem-de sebit paýtagtlary bilen arada ýola goýulmadyk uçar ýa-da otly gatnawlaryna salgylanyp, ýurduň sebitde we dünýäde heniz-de üzňelikde ýaşaýandygyny delillendirýär.
Bu aralykda, iri daşary ýurt döwletleri we guramalary, şol sanda Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi soňky ýyllarda Merkezi Aziýa bilen arada gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar. Sebit ýurtlaryna-da ýapyk galýan Türkmenistan şeýle formatda geçirilýän ýygnaklarda orun alýar.
Netije
“Biz özara ykdysady, syýasy we ynsanperwer gatnaşyklara açyk we taýýar diýip öwran-öwran gaýtalaýan Türkmenistan iş ýüzünde goňşy ýurtlar bilen arada heniz-de ulag gatnawlaryny ýola goýmady, özara bank we maliýe, aragatnaşyk we tehnologiýa ulgamynda gatnaşyk açmady, her gezek wiza düzgünlerini ýatyrmak barada gürrüň gozgalanda, ‘biz howpsuzlyk çäreleri sebäpli, wizany ýatyrmaýarys’ diýip, gaýtalap gelýär. Ol, eýsem, goňşy döwletlere milli howpsuzlyga abanýan ‘howp’ hökmünde garaýarmy?” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Ýewropa Bileleşigi 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýa kabul etdi. Iri daşary ýurt döwletleri Merkezi Aziýa sebitine bitewi çemeleşip, sebit bilen arada köptaraply gatnaşyklary güýçlendirmäge çalyşýar.
“Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagtda hiç hili syýasy institutlar kemala gelmedi, kazyýet erkinligi, söz we metbugat azatlygy, syýasy oppozisiýanyň emele gelmegi üpjün edilmedi” diýip, ýerli hünärmen aýdýar we şonuň üçin onuň dünýädäki täze şertlere uýgunlaşyp bilmeýändigini nygtap, sözüniň üstüni ýetirýär.
“Dünýäde globallaşmanyň hem-de öwrülişikleriň çaltlanýan döwründe Türkmenistanda geljekde ýüze çykyp biljek institusional problemalaryň nähili agyr netijelere getirjekdigini öňünden çaklamak kyn” diýip, synçylar aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum