Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina boýunça täze gepleşikler ABŞ bilen Ýewropanyň arasyndaky bölünişigi görkezýär


Ýewropa liderleri "Islegliler koalisiýasynyň" sammitinde. Pariž, 27-nji mart, 2025.
Ýewropa liderleri "Islegliler koalisiýasynyň" sammitinde. Pariž, 27-nji mart, 2025.

Harby planlaşdyryş we diplomatiýa hereketleriniň ýene bir hepdesi Waşington bilen Ýewropadaky ýaranlaryň arasynda Ukraina syýasaty baradaky düşünişmezligi ýene-de bir gezek nygtady, geljek günlerde NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda iki sany möhüm ýygnak giçiriler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýygnaklaryň birinjisinde bolmaz, ikinjisinde-de möhüm rol oýnamajak ýaly görünýär, Ýewropa ýurtlary öz planlaryny öňe sürmäge taýynlanýarlar.

10-njy aprelde geçiriljek ilkinji ýygnanyşyga, Ýewropa degişli bolmadyk Kanada we Awstraliýa ýaly ýurtlary hem öz içine alýan "Islegliler koalisiýasy" diýlip atlandyrylýan toparyň goranmak ministrleri gatnaşar.

30 döwletden ybarat bu topar mart aýynyň başynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň arasynda Ak tamda bolan gapma-garşylykdan soň döredilipdi. Onuň esasy maksatlarynyň arasynda ýaraşyk ýa-da parahatçylyk şertnamasyndan soň Ukraina ýerleşdirmek üçin harby güýç döretmek meselesi bar.

Güýç döretmekde uly mesele - ençeme ýurduň, şol sanda Britaniýanyň munuň diňe "ABŞ-nyň goldawy" bilen edip bolýandygyny aýtmagydyr, olar howa güýçlerini, logistikany we aňtawy agzaýarlar.

Şu wagta çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan kömek bermäge taýýarlyk barada takyk signal bolmady.

NATO-nyň Ýewropadaky öňki ýokary derejeli serkerdesi Filip Breedlow Waşingtonda syýasy erkiň bardygyna ynanmaýandygyny, ýöne her niçigem bolsa Ýewropanyň meýilnamalaryny öňe sürmelidigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Eger jenap Putin diwardan üstaşyr seredip, Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlary öz içine alýan isleg bildirýän uly koalisiýany görse ol biraz arakesme eder" diýip Breedlow aýtdy.

Germaniýanyň Ukrainadaky haýsydyr bir harby çärä gatnaşyp-gatnaşmajagy entek belli däl. Ýurt fewral aýynda geçirilen saýlawlardan soň syýasy geçişi başdan geçirýär we täze koalisiýa hökümetini döretmek baradaky gepleşikleri alyp barýar.

Britaniýa we Fransiýa koalisiýa ýolbaşçylyk edip, missiýa üçin harby güýçleri berjekdigini wada berdiler. Olar 10-njy aprelde geçiriljek gepleşikleri alyp barýarlar.

"Meniň pikirimçe, Ýewropa muny özbaşdak edip biler" -diýip, Filip Breedlow aýtdy.

"Rus goşuny ýenjildi. Oňa dikelmek we bejermek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň parahatçylyk pursadyny üpjün etmegi gaty zerur. Bu, Russiýanyň täzeden güýç toplamagyna rugsat beren iň uly sowgadymyz bolar" diýip, Breedlow aýtdy.

Onuň bu sözleri ABŞ-nyň Ýewropadaky goşunynyň öňki başlygy Ben Hodgesyň öň aýdanlaryny gaýtalady. Ol Ýewropanyň "gowy enjamlaşdyrylan aýal we erkek adamlarynyň" bardygyny we olaryň ABŞ goşulmazdan, ýagdaýyň hötdesinden gelip biljekdigini Azatlyk Radiosyna geçen aýda aýdypdy.

Emma ABŞ-ny çekmek gün tertibindäki esasy mesele bolup galýar.

"Ýewropalylar Trampy bu pikiri goldamaga ynandyrmaly" - diýip, 2018-nji ýylda pensiýa çykmazdan ozal NATO-nyň dürli ýokary wezipelerinde işlän Jeými Şea aýtdy.

"Munuň öň hatarda bolmadyk, kiçijik bir güýç boljagy aýdyň. Esasy mesele, parahatçylyk bolmasa we uruş dowam etse goşun iberilermi?" diýip, Şea sözüniň üstüni ýetirdi.

"Islegliler koalisiýasynyň" gepleşiklerinden bir gün soň täze transatlantik bölünişik 2022-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky Goranmak ministri Lloýd Austin tarapyndan döredilen Ukrainanyň Goranmagy boýunça aragatnaşyk toparynyň mejlisinde görkeziler.

Ostin Russiýanyň giň gerimli çozuşyndan soň Ukraina berilýän harby kömegi utgaşdyrmak maksady bilen ýygnaklara ýolbaşçylyk edipdi. Ýöne onuň ornuny tutan Pit Hegset muňa gatnaşmazlyk kararyna gelen bolsa gerek. Pentagonyň 4-nji aprelde eden beýanatynda onuň Panama sapar etjekdigi aýdyldy.

"Ýewropa ýaranlarynyň liderleri kontinenti goramak boýunça esasy jogapkärçiligi öz üstüne almaly" diýip, Hegset fewralda aýtdy.

"Gymmatlyklar möhümdir. Gymmatlyklary ýöne atyp bolmaz. Baýdaklary atyp bilmersiňiz we täsirli çykyşlary atyp bilmersiňiz. Berk güýji çalşyp bolmaz" - diýip, Hegset Ýewropada goranyşa has köp maýa ýatyrylmagyna çagyrdy.

Hegset, Aragatnaşyk toparynyň öňki ýygnagyna gatnaşandan bir gün soň çykyş etdi, ýöne ol şonda başlyklyk etmändi.

"Hegsetiň gatnaşmazlygy, ABŞ-nyň yglan etjek täze goldaw bukjasynyň ýokdugyny görkezer" - diýip, NATO-nyň öňki wekili Şea aýtdy.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlary belki-de henizem kömegi Ukraina bilen seýrek minerallar baradaky gepleşikleriň netijesine baglaýan bolmagy ähtimal" diýip, Şea belledi.

"Men sekretary Hegseti şahsy dost hasaplaýaryn. Ýöne men onuň gitmezligi gaty uly ýalňyşlyk diýip, hasaplaýandygymy aýdyp biljek" - diýip, Breedlow aýtdy we "Amerika Ýewropada liderligini görkezmegini dowam etdirmeli" diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG