OZALKYNYŇ GYZY, HÄZIRKINIŇ DOGANY
Russiýadan, Hytaýdan, Eýrandan we Gazagystandan gelen onlarça daşary ýurtly myhman “Parahatçylyk we ynam ýyly: Çagalar üçin halkara çäreleri ösdürmek” atly konferensiýasynyň şygarynyň fonunda surata düşdi. Surata düşenleriň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedikler ýok. Ýöne "çagalar" bar - prezidentleriň çagalary. Bu, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kömekçisi we gyzy Saida Mirziýoýewa. Suratyň ortasynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa bar. Kakasy de-fakto öz wezipesini ogluna gowşurdy, emma işinden aýrylandan soň giň ygtyýarlyklary, ýokary derejäni we türkmen halkynyň lideri, howandary aňladýan Arkadag titulyny saklady.
Halkara konferensiýa Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Arkadag şäherinde geçirildi we Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dördünji ýyl dönümine gabat geldi. Oguljahan Atabaýewa geçen ýylyň ahyryndan bäri bu gaznanyň ýerine ýetiriji müdiri we wise-prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.
Türkmenistanda öňki prezidentiň gyzy we häzirki prezidentiň gyz dogany hakda soňky wagta çenli az zat bilinýärdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýekeje ogly Serdara esasy üns gönükdirilipdi. Serdaryň iki aýal dogany Oguljahan we Güljahan köpçülige çykmandy. Aýallaryň ýaşy we karýerasy barada maglumat ýok.
Oguljahan hakda bilinýän maglumat onuň öz adamsy Beýik Britaniýadaky türkmen ilçihanasynyň geňeşçisi Döwlet Atabaýew bilen bile Londonda ýaşandygy bilen çäklenipdi. Arkadag şäheriniň gurluşygy başlanandan soň är-aýal watanyna gaýdyp geldi we Berdimuhamedowyň giýewisi, metbugatda habar berlişi ýaly, şäheri ösdürmek boýunça proýektlere işjeň gatnaşyp başlady.
Oguljahan geçen ýylyň dekabrynda, kakasynyň adyny göterýän fond üçin lukmançylyk amallaryny boýunça wise-prezident wezipesine bellenýänçä, kölegede galypdy. Şondan birnäçe gün soň prezident dogany oňa Arkadag medalyny gowşurdy.
Ýöne adaty türkmenler Atabaýewanyň hakyky işjeňligini diňe geçen aýdan bäri synlaýarlar. Ol 22-nji martda Arkadagda agaç ekmek dabarasyna gatnaşdy. 25-nji martda ol ýurduň premýer-ministriniň medeniýet boýunça orunbasary bilen duşuşdy. 28-nji martda çagalaryň saglygy we abadançylygy temasyndaky şol konferensiýany geçirdi. Bu wakalar berk döwlet gözegçiligi astyndaky telekanallar we gazetler tarapyndan giňden beýan edildi (Türkmenistan metbugat azatlygy indeksinde ençeme ýyl bäri iň soňky orunda durýar).
"Berdimuhamedow maşgalasyndan kimdir biri Türkmenistanda telewideniýede giňden görkezilip başlansa, hemme zat düşnüklidir: onuň ýakyn wagtda ýokary derejeli hökümet wezipelerinden birini eýelejekdigine şübhe ýok. Köp adam onuň ýakyn wagtda parlamentiň başlygy boljakdygyna garaşýarlar" -diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy aýtdy.
Oguljahan diňe bir resmi metbugatda däl, eýsem sosial ulgamlarda hem peýda bolup başlady. Ol hakda TikTok we Instagram ulgamlarynda, hususan-da, häkimiýete ýakyn blogerler ýazýar we Atabaýewanyň wideolaryny paýlaşýar.
"Adamlar häzir bu wideolara gorky sebäpli teswir ýazýarlar. Hökümdaryň maşgalasy barada wideonyň aşagyna erbet teswir ýazmak ýaramaz netijeleri berip biler" - diýip, adynyň agzalmagyny slemedik Mary şäheriniň ýaşaýjysy aýtdy.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier Atabaýewanyň syýasy sahnada peýda bolmagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çagalarynyň ornuny berkitmäge synanyşýandygyny aňladyp biler diýip hasaplaýar.
"Ol [Gurbanguly Berdimuhamedow] öz maşgalasynyň, oglunyň güýjüni berkitmäge synanyşýar. Ýöne munuň patriarhal jemgyýetde nähili işlejekdigi şübheli bolup galýar. Göreris" - diýip, Pannier belledi.
SAIDA, GÜLNARA, DARIGA we KARLYGA
Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň tejribesi prezidentleriň garyndaşlarynyň we gyzlarynyň karýera basgançagyndan çalt geçmegi üçin elmydama gowy mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Arkadagdaky konferensiýa baran Saida Mirziýoýewa bary-ýogy alty ýyl ozal syýasata giripdi we eýýäm haýran galdyryjy netije gazandy - ol öz kakasy Özbegistanyň prezidentinden soň ýurduň ikinji möhüm resmi wezipesini eýeleýär.
Şawkat Mirziýoýewyň uly gyzy köplenç resmi ýygnaklara gatnaşýar, daşary ýurt wekiliýetleri bilen duşuşýar, ýurduň sebitlerine baryp görýär we daşary ýurtlarda Özbegistana wekilçilik edýär. Mysal üçin, mart aýynda Mirziýoýewa prezidentiň kömekçisi hökmünde Almatyda gazagystanly özbek suratkeşi Ural Tansykbaýewiň retrospektiw sergisini açdy.
Käbir adamlar 40 ýaşly Saidanyň kakasynyň mirasdüşeri boljakdygyny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, çaklamalaryň gadyry ýok. Bir wagtlar Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimowyň gyzy mirasdüşer diýlip atlandyrylýardy. Ol Ýewropada diplomatik gullugynda bolup, uly täsire eýedi. Şeýle-de ol moda sergilerini geçirýärdi we "Googooşa" ady bilen aýdym aýdýardy.
Ýöne soňy şowly bolmady: ilki bilen, Gulnara Karimowa kakasynyň gaharyny getirdi we ol dirikä ýazgaryldy. Ilkinji prezident ölenden soň, ol türmä düşdi. 2020-nji ýylyň mart aýynda Daşkendiň kazyýeti dildüwşük, talamak, ogurlamak we hilegärlik, pul ýuwmak we beýleki jenaýatlar sebäpli aýyplap, ony 13 ýyl we dört aý azatlykdan mahrum etdi.
Ýanwar aýynda Karimowanyň ýaşaýyş koloniýasyna geçirilendigi habar berildi. Daşkent Gülnara garşy gozgalan jenaýat işleriniň çäginde doňdurylan ýüzlerçe million dollarlyk emläginiň daşary ýurtlardan ýurda gaýtarylmagyny gazanmak işlerini dowam etdirýär.
Gazagystanda hem ilkinji prezident Nursultan Nazarbaýewiň mirasdüşeri hökmünde uly gyzy Dariga hasaplanýardy. Ol ýokary wezipelerde işledi, premýer-ministriň orunbasary we deputat boldy. 2019-njy ýylda, kakasy 30 ýyl töweregi ýurdy dolandyrandan soň işinden aýrylan güni, Dariga Nazarbaýewa mejlisiň ýokarky öýüniň başlygy boldy. Bu wezipe ýurtda wajyplygy boýunça ikinji orunda durýar. Prezidentiň işinden aýrylan ýa-da aradan çykan halatynda onuň ygtyýarlygy Senatyň başlygyna geçirilýär - bu mehanizm 2019-njy ýylda Nazarbaýew bu wezipäni Kassym-Žomart Tokaýewe tabşyranda synagdan geçirilipdi.
Şeýle-de bolsa, 2020-nji ýylda Tokaýew Dariga Nazarbaýewanyň parlament ygtyýarlyklaryny ýatyrdy. Ol Senatyň başlygy wezipesini ýitirdi. Emma şol ýyl ol kakasynyň partiýasynyň düzüminde Majilisiň aşaky palatasyna girdi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndaky wakalardan soň Nazarbaýewa mejlisden çykdy we köpçülige çykmakdan, esasanam Gazagystanda görünmekden ýüz öwürdi.
Soňky gezek Dariga geçen ýyl Kannyda Monako şazadasynyň hormatyna geçirilen haýyr-sahawat auksionynda ogly Nurali Aliýew, onuň aýaly we üç çagasy bilen bilelikde köpçülikde göründi.
Gazagystanyň "Forbes" žurnalynyň habaryna görä, Dariga Nazarbaýewa, aýal dogany Dinara Kulibaýewa ýaly ýurduň iň baý adamlarynyň arasynda galýar. Dürli görnüşli biznesiň eýesi 61 ýaşly Nazarbaýewanyň baýlygy takmynan 590 million dollara barabar. Ýurduň iň uly täjirçilik bankyna gözegçilik edýän Kulibaýewanyň baýlygy, amerikan "Forbes" žurnalynyň çaklamalaryna görä, 5,4 milliard dollardan gowrak.
Şeýle-de bolsa, Nazarbaýewiň gyzlary "Forbes" tarapyndan geçen güýzde düzülen Gazagystanyň iň täsirli aýallarynyň sanawyna goşulmady. Ýöne bu reýtinge häzirki prezident Kassym-Žomart Tokaýewiň aýal dogany Karlyga Izbastina girdi.
"Prezidentiň aýal dogany we üç Izbastiniň ejesi jemgyýetimizde täsirli däl diýýänler goý maňa daş atsyn" - diýip, "Forbes"-yň reýting redaktory Ardak Bukeýewa "Giperborey" YouTube kanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Gazagystanyň prezidentiniň aýal dogany, Gazagystanyň Bolgariýadaky öňki ilçisi diplomat Temirtaý Izbastiniň baýaly. Jübüdiň dört çagasy, şol sanda üç ogly bar. Muhamet Izbastin telekeçi we Gazagystanyň iň täsirli telekeçileriniň sanawynyň agzasy, Kanyş Izbastin birnäçe milli kompaniýada ýokary wezipelerde işledi, Beket Izbastin "KazMunayGas"-yň golçur kärhanasy PSA-nyň baş müdiri bolup işleýär.
GARYNDAŞPARAZLYK DÄBI
Gyrgyzystanda ilkinji prezident Askar Akaýewiň syýasatyndan we garyndaşparazlykdan nägilelik 2005-nji ýyldaky Çigildem rewolýusiýasy wagtynda öç aldy. Müňlerçe adam köçelere çykdy we Akaýew maşgalasy bilen Russiýa gaçdy we häzirem şol ýerde ýaşaýar.
Bişkekdäki protestler, oppozisiýanyň sözlerine görä, galplaşdyrylan parlament saýlawlaryndan soň başlandy. Orunlaryň 90 göterimini häkimiýetiň tarapdarlary, şol sanda prezidentiň çagalary - gyzy Bermet we ogly Aýdar ýaly dalaşgärler aldy. Öňki prezidentiň uly gyzy häzir daşary ýurtda ýaşaýar, ogly 2020-nji ýylda aradan çykdy.
31 ýyl bäri ýurdy dolandyrýan Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň maşgalasy uly - iki ogly we ýedi gyzy bar. Prezidentiň üç çagasyny döwlet resmileri diýip atlandyryp bolar. Ilki bilen, Duşenbäniň häkimi we mejlisiň ýokarky palatasynyň başlygy Rüstam Emomali - ol Täjigistanda kakasynyň mirasdüşeri hasaplanýar.
Täjigistanyň “parahatçylygy esaslandyryjy we milletiň lideri” atlandyrylýan Rahmonyň iň meşhur gyzy - 47 ýaşly Ozoda Rahmon. Ol Täjigistanyň ABŞ-daky ilçihanasynda, Duşenbede Daşary işler ministrliginiň düzüminde işledi we 2016-njy ýyldan bäri kakasynyň administrasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Başga bir gyzy Ruhşona Rahmonowa kakasy tarapyndan 2021-nji ýylda Britaniýada ilçi wezipesine bellendi.
Rahmonyň beýleki çagalary heniz kölegede galýar. Azatlygyň Täjik gullugy Ozodi Radiosy 2023-nji ýylda Parwina Rahmonowanyň administratiw çeşmeleriň goldawy bilen alty ýylda ýurduň derman bazarynda öňdebaryjy bir kompaniýany dolandyrýandygyny ýazdy. Geçen ýyl Zarina Rahmon täjirçilik "Orienbankyň" müdiriýetiniň orunbasary boldy. Prezidentiň başga bir gyzy Takmina Rahmonowa "Howa Aragatnaşyk Guramasy" atly kompaniýanyň esaslandyryjysy. Žurnalistleriň sözlerine görä, kompaniýa Täjigistanda uçar biletleriniň satuw bazaryna gözegçilik edýär.
«GENDER DEŇLIGI»
Türkmenistanda prezidentiň aýal garyndaşlarynyň ýurduň syýasy giňişliginde peýda bolmagy täzelik. Ýurtda prezidentiň aýal dogany Oguljahan Atabaýewanyň köpçülige hödürlenmegi, "jyns deňligini" görkezmäge gönükdirilen hökümet kampaniýasynyň bir bölegi bolup biler diýen pikirler orta atylýar.
"Bu, elbetde, syýasy oýun. Aslynda, dünýewi, demokratik we kanun döwleti doly ýeňildi" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik paýtagtyň konserwatoriýasynyň işgäri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanda prezidentiň aýal doganynyň we öňki prezidentiň gyzynyň giňişleýin maglumat kampaniýasyna garamazdan, aýallaryň ýagdaýy hakykatdanam gözgyny bolup galýar. Döwlet edaralarynyň işgärlerine kosmetiki serişdelerini ulanmak, dar köýnek geýmek we saçlaryny açyk reňke boýamak gadagan. Türkmen aýal-gyzlaryna dodaklaryny ulaltmak, gaşyny boýamak, hatda dyrnagyny ösdürmek we ýa-da emeli kirpik goýdurmak ýaly kosmetiki amallardan peýdalanmaga rugsat berilmeýär.
Prezidentleriň gyzlarynyň we garyndaşlarynyň uly karýerasyna garamazdan, beýleki sebit ýurtlary hem gender deňliginden uzakda galýar. Şwesiýada ýerleşýän Merkezi Aziýa bilen raýdaşlyk guramasy bäş ýurtda aýallaryň erkekler bilen deň hukuklarynyň ýokdugyny we durmuşynyň köp ugurlarynda özbaşdak karar etmek erkinliginden mahrum edilýändigini belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum