Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmen ýaşlary. Aşgabat (Arhiw suraty)
Türkmen ýaşlary. Aşgabat (Arhiw suraty)

Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär mekdepleriniň studentlerine ýene-de basyş edilýär. Güýç edaralarynyň wekilleri okuw jaýlaryna aýlanyp, studentlerden sosial ulgamlarda ýurtdaky problemalaryň üstüni açyp görkezýän suratlary we wideolary paýlaşmazlygy talap edýärler.

Kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň studentlerden paýlaşmazlygy talap edýän maglumatlarynyň biri tebigy hadysalara degişli. Güýçli ýagyşlaryň, tozanly ýelleriň netijelerini we ýetirýän zyýanyny surata düşürmegiň we sosial mediada paýlaşmagyň gadagandygy ýaşlara aýdylýar we munuň üçin jeza bermek bilen haýbat atylýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, ýaşlardan dilhaty hem alynýar.

"Türkmenistanyň güýç gulluklary ýokary okuw jaýlarynyň we ýörite mekdepleriň talyplaryna görýän we şaýat bolýan hadysalary telefona wideo we foto düşürmejekdikleri we sosial torlarda ýaýratmajaklary barada dilhaty ýazdyrýarlar. We munuň üçin jenaýat kodeksi bilen haýbat atýarlar" diýip, çeşmeleriň biri 5-nji noýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kanun goraýjy gulluklaryň ýaşlara gözegçiligini artdyrmagynyň sebäbi türkmenistanlylaryň sosial mediadaky maglumat paýlaşmak aktiwligi bilen bagly.

"Soňky wagtlar türkmen ýaşlary, ýokary we ýörite bilim berýän mekdepleriň talyplary öz görýän tebigy hadysalary, ýaşaýan welaýatlaryndaky südenekli, çukurly ýollary surata düşürüp, sosial torlarda köp paýlaýarlar. Bu bolsa türkmen hökümetiniň ýurdy ähli taraplaýyn asuda, abadan we üpjün edip görkezmek isleýän döwlet syýasatyny ýalana çykarýar. Şeýlelikde ýurt ýolbaşçylary güýç edaralarynyň alyp barýan işinden nägile bolýar we ilata basyşy artdyrmagy talap edýär" diýip ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyga gürrüň berdi.

Çeşme häkimiýetleriň güýç edaralaryň işgärlerinden ilata basyş etmek üçin peýdalanýandygyny bellemek bilen, Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, prokuraturanyň işgärlerine olaryň ýurtda iň ýokary aýlyklydygynyň ýolbaşçylar tarapyndan soňky wagtda köp ýatladylýandygyny habar berdi.

Polisiýa işgärleriniň we MHM-niň wekilleriniň okuw jaýlaryna saparlary wagtal-wagtal geçirilýär. ÝOJ-larynyň studentleriniň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň mobil telefonlary barlanýar. Olardan VPN-den peýdalanmazlyk, sosial ulgamlaryna girmezlik, maglumat paýlaşmazlyk talap edilýär.

Şeýle talaplar döwlet-edara kärhanalarynyň işgärlerinden hem edilýär.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary studentlerden, mekdep okuwçylaryndan we býujet işgärlerinden köpçülikleýin dilhatlarynyň alnandygy, mobil telefonlarynyň barlanandygyny, ilatyň soraga çekilip, haýbatlara sezewar bolandygy ençeme gezek habar beripdi.

Ilat üçin internetiň elýeterliligini, maglumat almak hukugyny çäklendirýän Türkmenistan ýyllarboýy dünýä derejesinde söz azatlygyny iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda galýar. Emma türkmen hökümeti ýurtdaky problemalary, hatda soňky wagtda ýygjamlaşan tebigy hadysalaryň bolýandygyny boýun almak islemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Gowaça meýdanlarynda bakylýan mallar häkimiýetler tarapyndan kowlup çykarylýar, eýelerine jerime ýazylýar. Balkan welaýaty.
Gowaça meýdanlarynda bakylýan mallar häkimiýetler tarapyndan kowlup çykarylýar, eýelerine jerime ýazylýar. Balkan welaýaty.

Şu günler Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) hem-de Içeri işler ministrliginiň (IIM) ýerli edaralary gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlary nyşana alýarlar. Mal eýeleri ýüzlerçe manat möçberinde jerime töleglerine sezewar edilýärler.

“Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gowaça meýdanlaryny mal-garalardan goramaga çalyşmagy sebitdäki pagta meselesiniň geriminden habar berýär, beýleki tarapdan [ýurtda konstitusion gurluşy we jemgyýetde asudalygy goramak wezipelerini öz üstüne alan] MHM edaralarynyň nähili işler bilen meşgullanýandygyny görkezýär” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar degişli etraplarda, hususan-da, agşam sagat 18:00-dan soňra güýç gurluşlarynyň gowaça meýdanlarynda mal bakýan adamlara garşy gözegçiligi güýçlendirýändiklerini aýdýarlar.

“Gowaça meýdanlarynda goýun-geçi bakyp ele salnan adamlara her bir ownuk şahly mal üçin 150 manat, her bir iri şahly mal üçin bolsa, 1200 manat möçberinde jerime ýazýarlar. Pagta meýdanlarynda ikinji gezek mal bakyp tutulan adamlaryň mal-garalary döwlet haýryna geçirilýär” diýip, balkanly ýaşaýjylaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Pagtaçy kärendeçiler häkimlik resmilerine salgylanyp, üstümizdäki pagta möwsüminiň dekabr aýynda hem dowam etdiriljekdigini aýdýarlar.

“Býujet işgärleri öz orunlaryna hakyna tutma işçi tutup, olary pagta ýygmaga ugratmaly, ýa-da olar ogul-gyzlaryny ýygyma ugradýarlar” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli daýhanlar, şol sanda işiginde mal saklaýan hojalyklar hatda sowetler döwründe hem oktýabr aýynyň soňky on günlüginde ýygym işleriniň bes edilip, gowaça meýdanlaryna mal-garalaryň iberilmegine rugsat berlendigini, ýöne häzir welin, berk ýygym düzgünleriniň we mallary gowaça meýdanlaryna girizmek bilen bagly gadaganlyklaryň ýygym möwsüminiň ahyrky günlerine çenli saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Oba ýerlerinde hasyldan boşan ýerlere mallary ibermek tejribeleri käbir sebitlerde ilat arasynda ‘boşlag’ atlandyrylýar we mal-garalar ýüpden boşadylyp, hasyldan boşan ýerlere bakmak üçin iberilýär.

Boşlaga iberilen mallar gowaça meýdanlarynda otladylýar. Balkan welaýaty. Noýabr, 2024 ý.
Boşlaga iberilen mallar gowaça meýdanlarynda otladylýar. Balkan welaýaty. Noýabr, 2024 ý.

Ýöne häzirki wagtda howpsuzlyk we polisiýa işgärleri bu däpleri hem gözegçilik astyna alyp, mal-garalaryň eňňere ýerlere erkin iberilmegine rugsat bermeýärler we ilatyň rugsat berilýän ýerlerde mal otlatmak endiklerini we erkinligini hem gözegçilikde saklamaga çalyşýarlar.

“Bu ýagdaý MHM edaralarynda etmäge başga işiň galmandygyny hem görkezýär” diýip, beýleki bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bereket we Gyzylarbat etraplarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan pagtaçy kärendeçiler we ýygymçylar gowaça meýdanlarynda pagta hasyly az hem bolsa, ýerli häkimiýetleriň adamlardan gowaça meýdanlarynda bolmaklygy talap edýändiklerini aýdýarlar.

“Adamlar köpçülikleýin ýygym işlerine çekilip, hatda günüň dowamynda bary-ýogy bir kilogram pagta ýygylsa hem, adamlardan gowaça meýdanlarynda bolmaklyk talap edilýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär. Ýöne hökümet resmileri bu tankytlara gulak gabartmaýarlar.

Türkmenistan nobatdaky pagta möwsümine ýetginjeklere pagta ýygdyrylmagyny gadagan edýän kanunçylyk bilen gadam basdy. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary, gaýtadan üns merkezine çekilýän düzgünlere garamazdan, sentýabryň birinji hepdesinde Lebap welaýatynda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygmaga çekilýändiklerini habar berdiler.

Munuň yz ýany, 11-nji sentýabrda pagta ýygmaga resmi taýdan girişilmeginiň edil öňüsyrasynda, ýurduň dürli sebitlerinde gowaça meýdanlarynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň hut özleriniň gözegçilik işlerine çekilýändikleri mälim bolupdy.

Häzir bolsa, howpsuzlyk işgärleri ýene bir gezek ýygym möwsümine gözegçilik işlerine çekilip, bu gezek gowaça meýdanlaryny garawullaýarlar we ilatyň hojalyk mallarynyň pagta meýdanlaryna iberilmeginiň öňüne geçmäge çalyşýarlar.

Türkmenistanda gowaça ekinine strategiki ekin hökmünde çemeleşilýär we ýurduň kanun goraýjy edaralary bugdaý we gowaça hasyly yglan edilýän döwürlerde oba ýerlerinde gözegçilik işlerini işjeňleşdirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary dowam edýän pagta möwsümini, adat bolşy ýaly, ýakyndan synladylar we ýurduň dürli sebitlerinde ýygym bilen bagly bolup geçen wakalar barada yzygiderli habar berdiler.

Ýaňy-ýakynda habarçylarymyz Mary welaýatynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlere, şeýle-de, administratiw temmilere sezewar edilen raýatlara mejbury pagta ýygdyrylýandygyny habar berdiler. Serhoşlukda tutulan adamlar we zähmet düzediş edaralaryna iberilen adamlar hem häkimiýetler tarapyndan pagta ýygmaga çekildiler.

Oktýabryň ortalarynda Balkan welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary özleriniň dynç günlerini Bereket etrabynyň gowaça meýdanlarynda geçirmäge mejbur edildiler.

Türkmen hökümeti her ýylda 580 müň gektar çemesi ekerançylyk meýdanyny gowaça ekinine bölüp berip, 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnap alýar.

Döwlet metbugaty heniz pagta plan borçnamasyny ýerine ýetiren etraplar ýa-da welaýatlar barada habar bermedi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi welaýat häkimleri we ýokary derejeli oba hojalyk resmileri bilen 4-nji noýabrda geçirilen nobatdaky iş maslahatyna salgylanyp, şu günler “sebitlerde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny” habar berdi.

Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy we çeşmeleri şu günler günorta-gündogar sebitde döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden pagta möwsümine mejbury pul gatançlarynyň hem ýygnalyp alynýandygyny habar berdiler.

Bu tejribe hem ýurduň pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy däp bolan tejribe bolup, maliýe serişdeleriniň möçberleri wagtal-wagtal onlarça manatdan, ýüzlerçe manada çenli çykyp bilýär. Býujet işgärleri maliýe gatançlary bilen köplenç öz orunlaryna ýygymçy işçileri pagta möwsümine ugratmaga mejbur bolýarlar.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz günbatar sebitde hem bu tejribeleriň dowam etdirilip, hakyna tutma işçilerden ýa-da döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän adamlaryň ogul-gyzlaryndan gowaça meýdanlarynda bolmagyň talap edilýändigini tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylary gündogar sebitde dowam etdirilýän mejbury pagta kampaniýalary sebäpli, welaýat merkezindäki köpçülik transport serişdeleriniň ýygym möwsümine köpçülikleýin çekilýändiklerini, munuň netijesinde şäher ilatynyň gatnaw mümkinçilikleriniň çäklendirilendigini habar berdi.

Garaşsyz turkmen.news neşiri ýaňy-ýakynda ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatynda hem mejbury ýygym işlerine bat berlip, welaýatyň “Daşoguznebitgazgurluşyk” we “Daşoguztransgaz” trestleriniň işgärleriniň 15-20 gün möhlet bilen Köneürgenç etrabynyň pagta meýdanlaryna zor bilen ýatymlyk alnyp gidilýändiklerini habar berdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edip, halkara jemgyýyetçiligini, hususan-da halkara dokma senagaty kärhanalaryny türkmen pagtasyndan ýüz öwürmäge çagyryp gelýärler.

Türkmenistan dünýäde pagta öndürýän iň esasy 10 ýurduň hataryna girýär.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynda ilatyň hojalyk mallarynyň daýhan birleşiklere bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde idedilmegi bilen bagly maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG