Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uly möçberlerde jerime töleglerine sezewar edilýän hususy taksi we ýük ulag sürüjileri nägile bolýar


Änew şäherinde bir taksi duralgasy. Arhiw suraty. Illýustrasiýa.
Änew şäherinde bir taksi duralgasy. Arhiw suraty. Illýustrasiýa.

Şu günler Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy we Döwlet salgyt gullugy hususy täjirçilik ulaglaryny nyşana alýar, sürüjileriň ygtyýarnamalaryny köpçülikleýin barlaýar. Ulag eýeleri ýüzlerçe manat möçberlerindäki jerime tölegleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Ýaňy bir ýolagçy alyp, ýola düşenimde ýol polisiýasy meni saklap, ‘hä, adam aldyňmy, ygtyýarnamaň barmy’ diýip, 500 manat möçberinde jerime ýazdy” diýip, hususy taksi sürüjisi aýdýar.

Olar ýurtda 27-nji sentýabrda bellenip geçilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, ygtyýarnama barlaglarynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny aýdýarlar.

“Köçelerde ýük daşaýan islendik ýük ulagyny saklap, sürüjilerden kireý etmek üçin ygtyýarnamaň barmy diýip soraýarlar” diýip, şeýle barlaglara sezewar bolan birnäçe ýük ulag sürüjisi aýdýar.

Polisiýa barlaglaryna döwlet salgyt gullugynyň işgärleri hem gatnaşýar, olar hem täjirçilik maksatly ulaglaryň salgyt resminamalarynyň düzüw bolmagynyň üpjün edilmegine gözegçilik edýärler.

“Meniň ulagymy saklap resminamalarymy soradylar. Men ýük ulagymyň şahadatnamasyny we guratlyk hatyny görkezdim. Maňa 500 manat möçberinde jerime ýazdylar. Meniň ulagym üç tonnadan artyk ýüki götermeýär. Öňler ýol polisiýasy 10-20 manat para alyp, goýbererdi, gazanýan girdejilerimiziň tas ýarysyny polisiýa işgärlerine paýlardyk” diýip, Hytaýda öndürilen “Forland” kysymly ýük awtoulagynyň eýesi aýdýar.

Häkimiýetler ozalky ýyllarda hem Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda täjirçilik maksatly ulaglaryň ygtyýarnamalaryna degişli gözegçilik işlerini güýçlendirýärdiler.

Öňki ýyllarda habarçylarymyz ýolagçy gatnadýan minibuslara degişli ygtyýarnamalaryň hem salgyt gullugynyň işgärleri tarapyndan Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda barlanylmagy barada habar beripdiler.

Galyberse-de, Türkmenistanda häkimiýetleriň köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine degişli gözegçilik işleri her ýylyň sentýabr aýynda güýçlenýär. Sentýabr aýy ýurt boýunça “ýol hereketiniň howpsuzlygy” biraýlygy hökmünde yglan edilýär we bu möwsümde ýurduň köçelerinde polisiýa barlaglary güýçlenýär. Bu düzgün 11 ýyl bäri dowam edýär. “Howpsuzlyk” biraýlygyna 2013-nji ýylyň sentýabrynda badalga berildi.

Türkmenistanda ýol polisiýasy sürüjilerden dürli bahanalara esaslanyp, para almakda tanalýar. Şeýle-de, ýurduň köçelerinde hereket edýän awtoulaglar bir topar çäklendirmelere sezewar edilýär. Olaryň hatarynda häkimiýetleriň ak reňk talaby has ileri tutulýar. Köçelerde hereket edýän awtomobil ulaglarynyň reňkiniň ak ýa-da açyk reňkde bolmagy häkimiýetler tarapyndan tutanýerlilik bilen talap edilýär.

Hususy taksi sürüjileri güýçlendirilen barlaglardan hem-de uly möçberlerdäki jerimelerden şikaýat edýärler.

“Biz adamlardan 3-5 manatdan pul ýygnap, onuň 500 manadyny jerime hökmünde tölemeli bolýarys. Biz ýolda gazanç edip, hojalygymyzy ekleýäris, üstesine awtoulagyň ätiýaç şaýlaryna-da yzygiderli çykdajy etmeli bolýarys” diýip, bir ýerli sürüji uly möçberlerde jerime ýazylmagyna şikaýat bildirdi.

Türkmenistanda täjirçilik maksatly hususy ulaglardan ygtyýarnama talap edilýär. Bu ygtyýarnamalar Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli bölümleri tarapyndan berilýär. Mundan öňki habarlarda, hususy täjirçilik ulaglarynyň eýeleri şeýle ygtyýarnamalaryň bir ýyl möhlet bilen berilýändigini aýdypdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine görä, şuňa meňzeş resminamalara, şol sanda salgyt gullugyna degişli kagyzlara Internet arkaly onlaýn görnüşde ýüz tutup bolýar.

“Biz öz ýurdumyzda iş tapmansoň, başga ýurtlara çykmaga-da rugsat berilmänsoň, taksiçilik edip güzeran aýlaýarys. Biz ýaly hojalyklaryň üstüne ýene-de agram salýarlar. Öňümiz gyş, entek awtoulaglaryň tekerlerini hem çalyşmaly, uly möçberlerdäki jerimeler hojalyklara urgy bolýar” diýip, ygtyýarnamasy bolmanlygy sebäpli 500 manat möçberinde jerime töleglerine sezewar edilen taksi sürüjileri aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG