Türkmenistanyň demirgazygynda duzly tupan turdy. Daşoguz welaýatynda ýekşenbe güni irden howany örten duzly ümür töwerek daşy görmegi kynlaşdyrdy, adamlaryň demini gysdyrdy. Azatlygyň ýerli habarçylary we çeşmeleri şu sapar duzly tozanyň ozalkylaryndan has-da güýçli bolandygyny gürrüň berdiler.
"Daşoguza şu wagt duzly tozan ýagýar men beýle tozanly howany görmändim. Bu ekologiki apat - katastrofa. Ony suratlandyrmak üçin söz tapmak kyn" diýip, Daşoguzdaky habarçymyz 6-njy aprelde gürrüň berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, ir sagat 9 töweregi başlanan duzly tozan zerarly howa ümürli bolup, 30 metr aralykda görmek kyn bolupdyr: "Gündiz we giç düşende ulaglar çyrasynyň uzak aralyga yşyk berýän çyralaryny we awariýnyý çyralaryny ýakyp hereket edýärler" diýip, habarçy aýdýar.
Harasat bir gije-güniz dowam edip, 7-nji aprelde ir sagat 8 töweregi köşeşipdir. "Edil häzir tozan dyndy, ýöne howa gaty agyr kislorod az" diýip, habarçy belledi.
Demirgazyk welaýatda duzly ýel soňky birnäçe ýyl bäri gaýtalanyp durýar. Mundan öň Daşoguzda geçen ýylyň maý aýynda duzly ýel bilen gelen duzly tozan demirgazyk-günbatar etraplarynyň ondan gowragyny gurşap alypdy. Bu tebigy hadysa iýun we iýul aýlarynda ýene-de gaýtalanypdy.
Habarçymyzyň sözlerine görä, şu gezek ýeliň güýji we duzly tozanyň galyňlygy ozalkylaryndan hem has artyk bolupdyr.
Adaty bolmadyk bu howa şertleri adamlaryň saglygyna ýaramaz tasir ýetiripdir we duz bölejiklerini öz içine alýan tozanly howa adamlaryň demini gysdyrypdyr.
"Adamlaryň arasynda demgysma keselli we allergik keseli bolan näsaglar gaty ejir çekdi. Bu duzly tozanyň köçede daşarda ýörän demgysmaly näsaglary ýykandygy, birnäçe adamyň reanimasiýa ýatyrylandygy we düýn öýländen bäri astma keseli bolan 13 adamyň ölendigi belli boldy" diýip, daşoguzly lukman 7-nji aprelde gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan daşoguzly çeşmeleriň maglumatlaryna görä, duzly tupan sebäpli ýaşaýjylaryň baglaryna we oba hojalygyna zyýan ýetipdir.
"Tozanly şemal gülläp oturan miweli baglaryň hasylyny 100 göterim dökdi. Ir ekilen indi gögeriş alan gowaçalary duzly tozan guratdy, gaýtadan ekiş geçirmeli boldy" diýip, daşoguzly çeşme aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, tebigy hadysa her gezek duýdansyz başlanýar we ilat üçin garaşylmadyk ýagdaý bolýar.
Daşoguzly çeşmeler soňky ýyllarda yzly-yzyna gaýtalanýan duzly tupanlaryň we tozanly ýelleriň ýerli ilatyň saglygyna ýaramaz tasir edýändigine ünsi çekýärler.
"2017-nji ýylda Daşoguzda duzly tozandan soň welaýatda onkologiýa hassalarynyň sany esli köpeldi" diýip, daşoguzly saglyk wekili anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu maglumaty ýerli saglyk edaralaryndan resmi görnüşde tassyklap bilmedi.
Daşoguz welaýaty gurap barýan we ekologiki betbagtçylyga uçran Aral deňzine golaý ýerleşýär. Emma duzly tupanlar Türkmenistanyň tutuş giňişliginde birnäçe ýyl bäri gaýtalanýar.
Howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri 6-njy aprelde Türkmenistanyň birnäçe regionynda Balkan, Daşoguz, Ahal we Lebap welaýatlarynda güýçli ýeliň, tozanly tupanyň we ümrüň bolandygyny 7-nji aprelde habar berdi.
"Daşoguzda tozanly tupan we güýji 16 m/s çenli ýel öwüsdi, görmek mümkinçiligi 500 metre çenli azaldy diýlip, maglumatda Kerkide tozanly ýeliň güýjüniň 15 m/s, Çagylda 14 m/s, Derwezede 12 m/s derejede hasaba alnandygyny aýdylýar.
Türkmen metbugatynda adaty bolmadyk bu tebigy hadysa, onuň netijeleri we ilata duýduryş berlip-berilmändigi aýan edilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum