Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azygyň gymmatlamagy, bahalaryň durnuksyzlygy ilaty howatyrlandyrýar


Häkimiýetler nyrhlaryň birden ýokarlanmagyna we harytlaryň gytalmagyna resmi düşündiriş bermeýär.
Häkimiýetler nyrhlaryň birden ýokarlanmagyna we harytlaryň gytalmagyna resmi düşündiriş bermeýär.

Mary welaýatynda harytlaryň nyrhlary yzygiderli ýokarlanýar. Un, ýag, et, tüwi, gök önüm ýaly azygyň nyrhlary barha has köp adamyň alyjylyk ukybyndan gymmat bolýar. Köp maşgalanyň iýmitiniň esasyny düzýän günebakar ýagynyň iň pes hilli görnüşi üç hepdede azyndan iki esse gymmatlady we tapdyrmaýar.

Şu günler bazarlarda günebakar ýagynyň bahasy hiline görä 35 manatdan başlanýar we 50 manada barýar. Bu ýagyň bir litriniň nyrhy. Oktýabryň başynda günebakar ýagy birden gytalmagyndan ozal hususy söwda nokatlarynda bir litri 17 manatdan satylýardy.

Döwlet dükanlarynda ösümlik ýagy soňky bir hepde bäri 18 manatdan peýda boldy. Emma satylan wagty uly nobatlar döräp, her bir alyja bir litrden köp berilmeýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, nobatda duran çagalara ýag satylmaýar.

Şu günler Marynyň bazarlarynda alyjylar köp däl. Satyjylaryň sözlerine görä, azyk önümleri öňküsinden az mukdarda satyn alynýar.

Azatlygyň habarçysy 22-nji oktýabrda bazardaky nyrhlara syn edip, azyk önümleriniň tas ählisiniň belli bir derejede gymmatlandygyny belledi.

Marynyň bazarlaryndaky ortaça bahalara görä, ýerli bürünç 1 kg - 17 we 24 manat aralygynda; daşary ýurtdan getirilen dürli bürünçleriň bahasy 40 we 50 manat aralygynda; pomidor 1 kg - 17 manat; şeker 1 kg - 19 manat; göle eti 1 kg - 80 manat, ýokary hilli ýerli un 1 kg - 8 manat, daşary ýurtlarda öndürilen un hiline görä 1 kg - 10 we 12 manat aralygynda bahalanýar.

Azyk harytlarynyň gymmatlamagy paýtagtyň bazarlarynda hem dowan edýär. Aýratyn hem etiň bahasy ýokarlanýar.

Soňky hepdelerde goýun etiniň bir kilogramy 45 manatdan 50 manada, sygyr eti 55 manatdan 65 manada, süňksiz etiň bahasy 65 manatdan 75 manada ýokarlanan bolsa, soňky günlerde ýene-de gymmatlapdyr. Häzir süňksüz etiň bahasy 75 mandan 95 manada galypdyr.

Azyk önümleriniň gymmatlamagy ilatyň ýagdaýyny kynlaşdyrýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, gitdigiçe ilatyň has uly bölegi hatda ýönekeý iýmitden düzülen gündelik azyk üpjünçiligini berjaý edip bilmeýär. Birnäçe günläp iýmitlenmeýän maşgalalar hem köpelýär.

"Halkyň ýagdaýy hasam kynlaşýar. Hasam gündelik gara işini ýerine ýetirip, gününe 30-40 manat alýan adamlaryň ýagdaýy agyrlaşýar. Bu gazançlary gündelik iýjek iýmitine ýetmeyär. Köp çagaly maşgalalaryň güni has agyr" diýip, maryly çeşme aýdýar.

Türkmenistanda ortaça aýlyk resmi taýdan 2000 manat aralygynda kesgitlenýär. Emma ägirt uly işsizlik zerarly, ilatyň belli bir bölegi günlük gazanç bilen gün görýär. Pensiýa we sosial kömek pullary resmi taýdan aýda azyndan 500 manatdan gowrak diýlip kesgitlenýärkä, 300 manada ýetmeýän pensiýa alýanlar hem bar. Türkmen hökümeti takyk statistika maglumatlary köpçülige elýeterli etmeýär.

Azyk harytlarynyň gytalmagy we gymmatlamagy bilen bagly häzirki ýagdaý barada hem häkimiýetler tarapyndan resmi düşündiriş berilmedi.

Ýurt içindäki käbir çeşmeler bahalaryň ýokarlanmagyny dollaryň gara bazardaky kursunyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Şu günler 1 amerikan dollarynyň gara bazardaky nyrhy 20-21 manat aralygynda üýtgäp durýar. Birnäçe aýyň dowamynda dollaryň gara bazardaky nyrhy 20 manata ýetmeýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG