30-dan gowrak ýurduň ýolbaşçylary Parižde, üç ýyllyk urşy soňlamak üçin edilýän tagallalaryň arasynda, ABŞ-nyň gepleşilen ýaraşygy ýa-da parahatçylyk ylalaşygy baglaşylan halatynda Ukraina goldaw bermegi maksat edinýän "isleg koalisiýasynyň" bir bölegi hökmünde, möhüm maslahata toplandy.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň beýemçiliginde geçirilýän maslahata ýewropa liderleri, şeýle-de Kanadanyň we Türkiýäniň wekilleri 27-nji martda, özleriniň Kiýewe hödürläp biljek geljekki howpsuzlyk kepilliginiň formaty barada gepleşik geçirmek, ABŞ ýolbaşçylygyndaky gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylýan häzirki meseleleri, şol sanda Russiýanyň sanksiýalary ýeňilleşdirmek baradaky talaby bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin duşuşýarlar.
Sammitiň Azatlyk radiosyna mälim bolan gün tertibine laýyklykda, liderleriň Ukraina mundan beýläk beriljek harby kömegi, atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyklary, şol sanda Gara deňiz üçin ýakynda ylalaşylan şertnamany goldamak, ukrain goşunyny uzak möhletleýin şertde maliýeleşdirmek we enjamlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
Şeýle-de, sammitiniň dowamynda, has giň parahatçylyk şertnamasynyň çäginde, Ukrainada Ýewropanyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy üpjün ediji güýçleriň ýerleşdirilmegi barada pikir alşylar.
ABŞ-nyň şu hepdäniň başynda Saud Arabystanynda Kiýew hem-de Moskwa bilen aýratynlykda geçiren utgaşdyrylan gepleşikleri netijesinde, Ak tam energiýa desgalaryna zarba urulmagyny we Gara deňizdäki atyşyklary togtatmak barada alnan soňky borçnamalary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan "çäreleri taýýarlamak" ylalaşygyna gelnendigini aýtdy.
Emma Russiýa hem, ylalaşygyň ýerine ýetirilmeginiň deregine, sanksiýalary ýeňilleşdirmek ýaly, öz şertlerini goýýar we olaryň ýerine ýetirilmegini talap edýär.
Bu sammite Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hem gatnaşýar we, ol ýygnanyşygyň öňüsyrasynda Makron bilen bilelikde eden çykyşynda Russiýany “urşy dowam etdirmek isleginde” aýyplady hem-de Moskwanyň 30 günlük ýaraşygy “deslapky şert goýmazdan” kabul etmelidigini aýtdy.
Fransiýanyň prezidenti öz ýurdunyň Ukraina 2 milliard ýewrolyk täze kömek bukjasyny berjekdigini yglan etdi, oňa tank garşy raketalar, howa goranyş ulgamlary, söweş uçarlarynyň Miraage raketalary, sowutly ulaglar, ok-däriler we beýleki kömekler girer.
Şeýle-de, Makron koalisiýanyň wakalaryň bolýan ýerinde hödürläp biljek zatlary barada täze maglumatlary hödürledi, 27-nji martda geçiriljek gepleşiklerde Ýewropanyň ýolbaşçylygynda parahatçylygy üpjün etjek güýçleri döretmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, ol bu güýçleriň front liniýalarynda bolmajakdygyny, olara ýaraşygyň şertleriniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek ýa-da ol şertleriň ýerine ýetirmegini üpjün etmek wezipesiniň ýüklenmejekdigini, bu işiň BMG-niň parahatçylygy goraýjy güýçlerine tabşyrylyp bilinjekdigini aýtdy.
Muňa derek, Russiýanyň öňüni almak we ukrain güýçlerine tälim we goldaw bermek üçin, bu güýçler mundan beýläk Ukrainanyň çäginde galar diýip, Makron aýtdy.
Koalisiýa başlangyjy ilkinji gezek iňlis premýer-ministri Keir Starmer tarapyndan 2-nji martda, Londonda geçirilen sammitde aýan edildi, şonda ýewropaly we beýleki ýurtlardan gelen liderler Kiýewi goldamak meselesini ara alyp maslahatlaşypdylar.
Bu meýilnamalaryň iş ýüzünde degişli hereketiň edilmegine getirjekdigi we Waşingtonyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan diplomatik tagallalara baryp goşuljakdygy entek belli däl.
Ýewropa liderleri, ABŞ-nyň Ukrainadaky urşy soňlamak üçin alyp barýan ýokary derejeli diplomatiýasynyň arasynda, gepleşik stolunyň başynda orun almaga çalyşýarlar, emma şu wagta çenli Moskwa, Kiýew we Waşington bilen baglanyşykly gepleşiklerden gyrada galdylar.
Forum