Tutuş Ýewropanyň çäginde takmynan 4,3 million bosgunyň ýakyn wagtda parahat Ukraina dolanyp barmak mümkinçiligi bolup biler, emma indi olaryň köpüsi muny islemeýär.
Çehiýa respublikasynda ukrain bosgunlary häzirki wagtda ilatyň 3,6 göterimini emele getirýär - bu Ýewropa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Ýaňy-ýakynda geçirilen barlag, bu bosgunlaryň diňe dörtden bir böleginiň bosgun wizalary gutaranda Ukraina dolanmagy meýilleşdirýändigini görkezdi.
Anna Naduda galmagy umyt edýänleriň biridir. Suratkeş we mugallym 2022-nji ýyldaky rus çozuşyndan ozal pajygaly hadysada körpe ogluny ýitirdi.
"Men başga bir çagamy ýitirmekden, oglumy ýitirmekden gaty gorkýaryn" diýip, ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Naduda diri galan çagasyna we özüne gaçybatalga beren Çehiýa respublikasynyň paýtagtyny mähirli suratlandyrýar.
Suratkeşiň 11 ýaşly ogly çeh dilini öwrendi we mekdebe ornaşdy. Bu ýerde onuň dostlary we güýmenjeleri bar.
"Men çagamyň durnukly we oňyn şertlerde ulalmagyny isleýärin" diýip, Naduda aýtdy.
Nadudanyň wizasy 2022-nji ýylda ylalaşylan Ýewropa Bileleşigi Wagtlaýyn goramak direktiwasynyň çäginde 2026-njy ýylyň martyna çenli öz güýjünde saklanýar.
Çehiýa respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Hana Mala Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda şol seneden soň nähili çäreler görüljekdigi "söweşiň netijelerine baglylykda utgaşdyrylar" diýdi.
Bosgunlar üçin täze wizalar
Çehiýadaky 389 müň ukrainalynyň köpüsi, parahatçylyk şertnamasy baglaşylsa, onda wagtlaýyn gorag wizalary boýunça bu ýurtda galmakda uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolar.
1-nji aprelden başlap ukrain bosgunlary uruş gutarandan soň galmaga we hemişelik ýaşamak üçin mümkin bolan ýoly hödürlemäge mümkinçilik berýän "ýörite" ýaşaýyş wizasy üçin çeh häkimiýetlerine ýüz tutup bilerler.
Emma munuň üçin dalaşgärleriň ýyllyk umumy girdejisi 440 müň kron (19 müň 200 ABŞ dollary) bolmaly. Bu çäk, bir öý hojalygyna garaşly her bir adam üçin ýene 110 müň kron artýar.
"Men has köp gazanmaly" diýip, Naduda gülýär we "şu ýyl meniň maksadym şu" diýýär.
Çehiýa respublikasynyň içeri işler ministri Wit Rakusan bosgunlar galmak isleseler, onda olaryň yzarlap biljek başga ýollarynyň bardygyny aýtdy.
"Olar beýleki daşary ýurt raýatlary ýaly düzgünlere tabyn bolarlar" diýip, ol şu ýylyň fewralynda belledi.
Rakusan barlaglaryň 200 müň töweregi adamyň Çehiýa respublikasynda galmak isleýändigini görkezendigini aýtdy. "Bu, elbetde, biziň çözüp biljek ýagdaýymyz" diýip, ol sözüne goşdy.
Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan immigrasiýa aklawçylary bu mümkinçilikleriň çäklidigini aýdýar.
Çehiýa respublikasynda ýerleşýän Bosgunlara kömek guramasynyň hukuk bölüminiň başlygy Hana Frankowa parahatçylyk gazanylan halatynda, ukrain bosgunlarynyň wagtlaýyn gorag wizalary uzaldylmazdan "teoriýada gaçybatalga sorap biljekdigini" aýdýar.
Ýöne ol "muny etmegiň diňe haýsy-da bolsa bir adamyň gaçybatalga sebäpleri bolan ýagdaýynda manysy bolup biler" diýýär. Hukuk hünärmeni, häzirki girdeji talaplaryny göz öňünde tutup, Çehiýadaky ukrain bosgunlarynyň diňe 10 göteriminiň ýaşamak üçin ýörite rugsat alyp biljekdigini çaklaýar.
"Çeh wiza aklawçysy" firmasynyň wiza hünärmeni Swatawa Pospiskowa, eger ýaraşyk yglan edilse we wagtlaýyn gorag wizasy meýilnamasy uzaldylmasa, onda ukrain bosgunlary "wizasyz syýahat etmek düzgünine laýyklykda, [Çehiýada] 90 güne çenli galyp bilerler, ýöne olar gazanç edip bilmezler" diýýär.
2022-nji ýylda Kiýewden gaçyp gaýdan öňki aklawçy we häzirki wagtda suratçy Ýulia Dobrynina Pragada göçürilen adamlaryň integrirlemegine kömek edýän jemgyýetçilik guramasynda işleýär.
Dobrynina, Çehiýada erkek çagalary bolan ukrain aýallarynyň Ukraina gitmezlik üçin köp tagalla etjekdigine ynanýar. Ol munuň rus basybalyjylygynyň parahatçylyk şertnamasy bilen tamamlanjakdygyna ynamyň azdygyny görkezýändigini hem belleýär.
"Biziň üçin bu uruş diňe üç ýyl dowam etmeýär... Bu 300 ýyllyk uruş, olar hemişe gaýdyp gelýärler, hemişe bizi öldürmek isleýärler" diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Bosgunlara berilýän ýeňillikleriň derejesi Çehiýa respublikasynda syýasy gapma-garşylyklara hem sebäp boldy.
Resmi statistika bosgunlaryň 2022-nji ýyldan bäri ýurduň ykdysadyýetine birneme ýaramaz täsir ýetirendigini görkezýär. Ýöne häzir bu tendensiýa arassa girdejä tarap ilerleýär.
Çehiýa respublikasynda 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri takmynan 62 milliard kron (2,7 milliard ABŞ dollary) bosgunlara sarp edildi, şol bir toparyň salgytlary we beýleki goşantlary 55 milliard krona ýetdi.
Emma 2024-nji ýylda ukrain bosgunlary çeh ykdysadyýetine Çehiýa respublikasyndan alýanlaryndan sähel köp, ýagny 5,7 milliard kron goşant goşdy.
Makala Ýaroslawa Tymoşçuk goşant goşdy.