Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini töläp bilmeýän maşgalalar köpelýär


Sarp edilen elektrik energiýasy üçin töleg geçirmäge baran raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Sarp edilen elektrik energiýasy üçin töleg geçirmäge baran raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş gymmatçylygynyň arasynda, Maryda hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini töläp bilmeýän maşgalalar göz-görtele köpelýär.

Häkimiýetler tölegleri geçirip bilmedik hojalyklaryň elektrik we gaz üpjünçiliklerini kesýär. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan hojalyklaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

Baýramaly etrabynda ogly, gelni we üç agtygy bilen ýaşaýan pensioner ene özleriniň eýýäm şu ýylyň başyndan bäri toksuz we gazsyz ýaşaýandyklaryny gürrüň berdi.

“Geçen ýylyň güýzünde gaz, tok töleglerimizi töläp bilmedik. Etrabymyzyň gaz, tok edaralarynyň işgärleri gelip, ilki tölegi geçirmelidigi barada duýduryş berdiler, soňra-da togumyzy, gazymyzy kesdiler” diýip, pensioner ene anonimlik şertinde aýtdy.

Ol tölegleri geçirip bilmezliginiň sebäbini azyk önümleriniň we durmuş hyzmatlarynyň günsaýyn gymmatlamagy, güzeran eklenjiniň barha agyrlaşmagy bilen düşündirýär.

"Hemme zat gymmat"

“Oglum bazarlarda ýük düşürip, ýük ýükläp, günlükçilik edýär. Gelnim oba hojalygy meýdanlarynda işläp, gazanç edýär. Ýöne olaryň gazanjy hem şol güne ýa-da möwsüme görä üýtgeýär. Üstesine-de, olaryň gazanjy diňe iýjek-içjegimize ýetýär. Hemme zat gymmat. Oglum we gelnim kadaly işde işlejek bolsa, iş ýok. Olar ýyllarboýy zähmet biržasynyň gapysyndan baryp, halys boldular” diýip, pensioner ene belledi.

Ol özüniň hem pensiýa ýaşyna ýetýänçä oba hojalygy meýdanlarynda zähmet çekendigini, şol sebäpli pensiýasynyň iň pes möçberde kesgitlenendigini hem nygtady.

Türkmenistanda oba hojalygy meýdanlarynda zähmet çekýän raýatlaryň aglabasy üçin iş stažyny hasaba alýan zähmet kitapçasy ýöredilmeýär. Şol sebäpli, bu raýatlar pensiýa ýaşyna ýetende, olaryň pensiýa haky köplenç iň pes möçberde kesgitlenýär.

"Agtyklarymy we gelnimi ejesi öýüne ibermeli boldum"

Pensioner ene howanyň aşa sowaýan gyş aýlarynda elektrigiň we gazyň kesilmeginiň esasan ýylynmak meselesinde uly kynçylyk döredendigini aýdyp, şeýle diýýär:

“Gyş geçýänçä agtyklarymy we gelnimi ejesi öýüne ibermeli boldum. Sebäbi öýüň içi gaty sowuk. Üstesine-de, agtyklarym tok bolmasa oňanok. Kiçi agtyklarym garaňkyda gorkup, aglaýardylar” diýip, pensioner ene häzir özüniň ähli etmeli işlerini gündiziň ýagtysynda bitirýändigini hem belledi.

Habarçymyz etrapda şeýle hojalyklaryň sanynyň onlarçadygyny aýdyp, olaryň arasynda häkimiýetler tarapyndan kesilen elektrik simlerini gaýtadan çatýanlaryň bardygyny hem belledi.

“Ýöne bu hojalyklaryň hem togy tiz wagtda gaýtadan kesilýär. Sebäbi tok edaranyň işgärleri gelip, bu gezek olaryň hojalygyndan çykyp, tok stolbasyna çenli barýan simi kesip, öz ýanlary bilen alyp gidýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly baýramalyly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azalyk bu ýagdaýlar barada sebitiň elektrik we gaz üpjünçilik edaralaryndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji martda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Gözegçilikler we gurpdan düşýän hojalyklar

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi. Şondan bäri häkimiýetler hojalyk hyzmatlarynyň tölegleriniň öz wagtynda geçirilişine yzygiderli gözegçilik edýärler.

Türkmen hökümeti mundan alty ýyl gowrak ozal ýurtda elektrigi, gazy we suwy tölegli etmeginiň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi.

Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyga goşmaça agram saldy. Bu tölegleri töläp bilmeýän hojalyklaryň köpdügi, olaryň elektrik, gaz üpjünçiliginiň kesilýändigi barada habarçylarymyz ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Geçen ýylyň başynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimiýetleri ilatdan sarp edilen gazyň töleglerini almak işine polisiýany çekip başladylar.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we munuň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun almaýar. Resmi media bu ýagdaýlar barada habar berip, ilatyň töleg geçirmekdäki kynçylyklary we munuň sebäpleri barada mesele gozgamaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG