“Biziň ýurdumyzda maýyplar üçin hem aýratyn şertler döredilse gowy bolardy, halka hödürlenýän ähli mümkinçilikler diňe sagdyn adamlara niýetlenen” diýip, maýyply bolan bir türkmenistanly aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary maýyplygy bolan birnäçe türkmenistanly bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat taýýarlady.
Olar Türkmenistanda synasynyň mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň durmuş goraglylygynyň pes bolandygyny, özlerine berilýän döwlet kömek pullarynyň az bolandygyny, şeýle-de özleriniň sosial stigmadan we üzňeleşdirmelerden jebir çekýändiklerini aýdýarlar.
“Seniň iň eziz görýän adamlaryň hem saňa ‘dogulman geçen’ diýip, käýinip bilýär. Içiňe salyp gezmeli bolýar” diýip, bir maýyp aýdýar.
Olar ýaşaýyş we durmuş binalary taslananda özleri üçin aýratyn şertleriň göz öňünde tutulmaýandygyny aýdýarlar.
“Markete baryp, bir zatlar satyn almakçy boldum, ýöne arabam bilen içerik girip bilmedim, sebäbi basgançaklar gaty belent ekeni. Men şonda-da arabamy itekläp girmekçi boldum welin, tigirlenip yzyma gaýtdym we ýykyldym. Adamlar meni göterip, arabamy itekläp içerik girizjek boldular. Olar ‘münmesine mündüreris welin, düşeniňde nädip düşersiň’ diýip, maňa aýtdylar” diýip, beden synasynyň mümkinçilikleri çäkli türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Ýurduň dürli sebitlerinde dilegçilik edýän, adamlara el serip ýardam soraýan maýyplara hem duş gelmek mümkin.
“Maýyp adamlar dilegçilik edip ýygnanja pullaryna azyk satyn alýar. Olar döwletiň özlerine berýän kömek pullarynyň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar. Soňky aýlarda iki bükülip dilegçilik edýän maýyplar has köp göze ilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda maýyplar üçin aýratyn şertleriň döredilendigini aýdýar, türkmen kanunçylygy maýyplaryň birnäçe ýeňillikler, şol sanda döwlet kömek pullary, tölegsiz hyzmatlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Resmi habarlarda mümkinçiligi çäkli adamlaryň ýaşaýyş jaýlary, hatda ýörite iş orunlary bilen hem üpjün edilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanda 2017-nji ýylda welaýatlarda we paýtagt Aşgabatda maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna mätäç adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada karar kabul edildi. Şonda Tejen, Türkmenabat, Mary, Balkanabat, Daşoguz we Aşgabat şäherleriniň her haýsynda maýyplar üçin 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak planlaşdyryldy. Döwlet telewideniýesi soňky ýyllarda şeýle jaýlaryň açylyş pursatlaryny hem görkezdi.
Türkmenistan Maýyplaryň hukuklary hakynda Birleşen Milletleriniň konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşuldy.
Bulara garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan maýyplygy bolan adamlar özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň agyr bolandygyny aýdýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar hususan-da soňky aýlarda ýurduň dürli sebitlerinde jemgyýetçilik ýerlerinde, toý mekanlarynyň golaýynda, bazarlarda we söwda dükanlarynyň töwereginde dilegçilik edýän maýyplara has köp duş gelinýändigini aýdýarlar.
Maýyplygy bolan adamlaryň dermanlar, maýyplyk arabalary, protezler ýaly lukmançylyk serişdeleri bilen ýeňillikli üpjün edilmäge hukugy bardyr.
“Syrkawlap hassahana dagy düşseň, puluň ýokdugyny bilseler, hatda palata hem ýerleşdirmeýärler, zalda ýatyrýarlar” diýip, mümkinçiligi çäkli türkmenistanly aýdýar.
Türkmenistanda maýyplaryň, durmuş goraglylygyna mätäç adamlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän, olara ýardam berýän jemgyýetçilik guramalarynyň işi hem çäkli bolmagynda galýar.
Bu ugurda 2012-nji ýylda Aşgabatda esaslandyrylan “Ýeňme” atly jemgyýetçilik guramasynyň alyp barýan işleri wagtal-wagtal ýerli metbugatda habar berilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýanwar aýynyň ahyrlarynda Aşgabatda mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň ençemesiniň şäher häkimliginiň düzümindäki Maýyplar jemgyýetçilik guramasynyň işinden nägile bolýandyklaryny habar berdiler.
Şonda paýtagtda maýyplygy bolan adamlar bu guramanyň bellige alnan maýyplara dürli kömekleri bermek wezipesini öz üstüne alandygyny, ýöne soňky aýlarda kömek soralyp ýazylan arzalaryň, tabşyrylan resminamalaryň jogapsyz galdyrylýandygyny aýtdylar.
“Öňler bu guramanyň kömegi bilen, mugt ýa-da arzan bahadan ýylda bir gezek ýurtdaky şypahanalaryň birinde bir hepde dynç alyp, saglygymyza seretdirip bilýärdik” diýip, şonda aşgabatly maýyp gürrüň berdi.
Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň anyk sany baradaky maglumatlar yzygiderli täzelenmeýär. Ýöne 2015-nji ýylda Pensiýa gaznasynyň hasabatlaryna salgylanylyp çap edilen maglumatda ýurtda maýyplygy bolan adamlaryň sany takmynan 122 müň adam hökmünde görkezildi.
“Biziň ýurdumyzda ähli zatlar sagdyn jemgyýete niýetlenen, ýöne bizde-de arzuw bar, bizde hem duýgy bar, göwün bar, biz hem begenip we gynanyp bilýäris. Ýöne biziň şat günümizden gynançly günümiz has köp bolýar” diýip, aşgabatly maýyp aýdýar we iň bolmanda awtobuslarda hem özleriniň maýyp arabalary bilen münüp düşmeklerine mümkinçilikleriň döredilmändigini aýdýar.
Maýyplara hemaýat bermek boýunça iş alyp barýan “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Birleşen Milletleri Guramasynyň türkmen dilli web sahypasynda çap edilen interwýusynda maýyplaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna ünsi çekýär.
“Türkmenistanda maýyplar sosial stigma, iş mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy we goldawyň bolmazlygy ýaly köp kynçylyklara duçar bolýarlar. Maýyp aýallar we gyzlar köplenç jynsparazlyk we medeni kadalar sebäpli goşmaça kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bilime, işe ýerleşmäge we sosial integrasiýa ýaly päsgelçilikler jemgyýete doly gatyşmak ukybyny hasam çäklendirip bilerler” diýip, jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Gulýa Çörekliýewa BMG-niň Türkmenistan sahypasynda sitirlenýär.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanda gowşak gatlagyň, şol sanda maýyplygy bolan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada yzygiderli habar berip gelýär.
Redaksiýa maýyp adamlaryň ýaşaýyş şertleri barada häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum