Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk wizasyna ýüz tutýan türkmenler özlerinden 'köp mukdarda para' soralýandygyny aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty. Stambul, Türkiýe. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Stambul, Türkiýe. Arhiwden alyndy.

Aşgabatda türk wizasyna ýüz tutýan türkmenistanlylaryň birnäçesi soňky wagtlarda bu ýurda wiza almak üçin özlerinden uly möçberlerde paranyň soralyp başlanandygyny aýdýarlar.

Ýaňy ýakynda Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk wizasyna ýüz tutan bir türkmenistanly wizanyň bu görnüşini almak üçin özünden 2200 dollar möçberinde paranyň soralandygyny gürrüň berýär.

15 gün möhlet bilen Stambula gidip gelmekçi bolan beýleki bir türkmenistanly wiza düzetmek üçin özünden 1500 dollar möçberinde goşmaça tölegiň talap edilendigini aýdýar.

“Wiza gullugynyň işgärleri ‘200 dollar töleg geçireniňiz bilen, wiza haýyşlaryňyz kanagatlandyrylmaýar’ diýýärler. Olar, hamala, bu bir adaty talap ýaly, para soraýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly aýdýar.

“Öňler tanyş üsti bilen para alyşardylar, indi, araçy hem gerek däl, göni bazardan haryt satyn alan ýaly, wiza işgärleri bilen gürleşip, Türkiýe Respublikasyna wiza satyn alyp bolýar” diýip, beýleki bir türkmenistanly aýdýar.

Aşgabatda Türkiýe wizalaryna ýüztutmalar “Gateway International” kompaniýasy tarapyndan kabul edilýär. Azatlyk Radiosy bu kompaniýanyň işgärlerinden wiza meseleleri boýunça resmi teswir alyp bilmeýär.

Türk wizalaryna ýüz tutan türkmenistanlylara görä, gullugyň işgärleri soralýan paranyň raýatyň Aşgabat halkara howa menzilindäki pasport barlagyndan päsgelçiliksiz geçirilmegini hem öz içine alýandygyny we muny kepillendirýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda raýatyň pasportynda daşary ýurt döwletleriniň wizalary bolanda hem, bu onuň ýurt daşyna syýahat etmegine rugsat beriljekdigini aňlatman bilýär. Migrasiýa işgärleri wagtal-wagtal hiç hili düşündiriş bermezden raýatlaryň ýoluny baglap bilýär.

Türk wizalaryny almakda paranyň soralmagy bilen bagly meseleler soňky wagtlarda sosial media ulanyjylary tarapyndan hem gozgalyp başlandy.

Özüniň Lebap welaýatyndan bolandygyny aýdýan 45 ýaşly bir türmenistanly zenan bu mesele boýunça geçen hepdede Tik-Tok ulgamynda paýlaşan postunda türk prezidentine şikaýat bilen ýüzlendi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanda türk wizalarynyň berilmeginde paranyň soralýandygyny aýdypdyr. Bu wideo gysga wagtda degişli Tik-Tok hasabyndan pozulyp aýrylypdyr.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu wideo ýüzlenmäniň türkmen häkimiýetleriniň talaby esasynda aýrylandygyny aýdýarlar.

Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna degişli wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Ondan ozal, türkmen raýatlary 2007-nji ýyldan bäri bu ýurda bir aý möhlet bilen wizasyz syýahat edip bilýärdi.

Şol gabatlar Aşgabatda türk wizalaryna ýüz tutulmagyna ýardam berýän “Gateway International” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Wagtyň geçmegi bilen türk wizalaryny almak boýunça türkmenlerden talap edilýän resminamalaryň sany artdy. Bu ýagdaý türkmenleriň syýahat mümkinçiliklerini çäklendirdi.

Häzirki wagtda wiza üçin talap edilýän resminamalaryň sany 18 resminama çenli baryp ýetýär. Bu resminamalaryň sanawy wizalaryň görnüşine laýyklykda üýtgäp bilýär.

Aşgabatdaky wiza merkeziniň resmi web sahypasyna görä, Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahat etmek üçin, syýahatçylyk, saglyk, biznes, maşgala, student we iş rugsady ýaly wizalaryň 12 görnüşine ýüz tutup bilýärler.

Bu ýurda syýahat etmek isleýän türkmenistanlylar Aşgabatda diňe degişli kompaniýanyň üsti bilen wizalara ýüz tutup bilýärler, türk konsullygy özbaşdak ýüz tutmalary kabul etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu kompaniýanyň ýerleşýän binasynyň öňünde türk wizalaryna ýüz tutmak isleýän adamlaryň nobatlarynyň emele geýändigini habar berýär.

“Binanyň öňünde uly nobatlar bar, adamlar maý aýynyň ahyrlaryna nobata ýazylýarlar, para berseň nobatsyz wiza almak mümkinçiligini döredip berýärler” diýip, wiza nobatyna garaşýan bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türk wizalaryny almakda uly möçberlerde paranyň soralmagy bilen bagly habarlar şu günler Türkiýede köpçülikleýin protestleriň dowam edýän wagtlaryna gabat gelýär.

Ýatlasak, türk häkimiýetleri Stambul şäheriniň häkimi Ekrem Ymamoglyny korrupsiýa aýyplamalary boýunça tussag etdiler. Munuň yz ýany, ýurtda köpçülikleýin protestler tutaşdy.

Iki ýyl ozal girizilen wiza düzgünlerine garamazdan, Türkiýe türkmenistanlylaryň syýahat edýän iň esasy ugurlarynyň bir bolmagynda galýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň mundan ozal çap eden sanlaryna görä, bu ýurtda 200 müň çemesi türkmenistanly kanuny ýaşaýyş rugsatnamasy bilen ýaşaýar. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň has köp bolandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG