2024-nji ýylyň sentýabr aýynda onlaýn paýlaşylan we görnüşinden zyýansyz ýaly bolup görnen bir surat Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň bu gündogar ýewropa ýurdundaky rus ýadro ýaraglary boýunça anyklan subutnamasynyň kiçijik bir bölegidir.
Rus prezidenti Wladimir Putin we belarus awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenko, raketalaryň nirelerde saklanyp bilinjekdigi barada maglumatlary aýan etmezden, rus ýadro ýaraglarynyň Belarusa ýerleşdirilmegi barada açyk gürrüň edipdiler.
Güman edilýän enjam
Merkezi Belarusdaky 1405-nji ok-däri bazasynda düşürilen surat olaryň ýerleşýän ýerleriniň birisini äşgär eden bolmagy mümkin.
Bu suratda bölüm serkerdesi podpolkownik Waleriý Kuzmin bir dabarada öz adamlaryny gutlaýar.
Onuň arkasyndaky diwarda, sanly ekranda bazanyň radiasiýa derejesi görkezilýär, ýogsa, bu ýere iň ýakyn atom elektrik stansiýasy 100 kilometrden gowrak aradaşlykda ýerleşýär.
Bu enjam “Atomteks” belarus kompaniýasynyň önümleriniň katalogynda “radiasiýa gurşawyna” esewan etmekde peýdalanylýan AT2327 signal görkeziji maglumat paneli hökmünde sanawa goşulypdyr.
Şeýle enjamlardan diňe demirgazyk günbatar Belarusdaky Astrawetskaýa atom elektrik stansiýalaryny goraýan 8-nji Radiasiýa howpsuzlygy, himiki we biologiki gorag brigadasy tarapyndan, hem-de 7434 harby bölümi tarapyndan peýdalanylýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 1405-nji bazanyň töwereginde hem güýçlendirilen ýadro howpsuzlygy çärelerini anyklady. Subutnamalar ol ýerde ýod profilaktikasyna, ýagny ýadro desgasynda awariýa bolan halatynda geçirilmeli gorag çärelerine degişli himiki serişdeleriň saklanylýandygyny äşgär etdi.
Bu barada bazany beýleki bir desga bilen – Asipowiçy harby bazasy bilen – birleşdirýän täze demir ýol boýunça taýýarlanan dokumentleriň goşundysynda agzalýar. Beýleki desgada hem rus ýadro ýaraglarynyň saklanylýandygyna ynanylýar.
Belarus kanunçylygy atom elektrik stansiýasyndan, ýa-da Çernobyl çetleşdirme zolagyndan 100 kilometr aradaşlykda ýerleşýän desgalarda ýod profilaktikasyny talap edýär. 1405-nji baza bu kategoriýalaryň hiç haýsyna degişli däl.
Asipowiçy ilkibaşda ýadro ýaraglarynyň saklanylýan ýeri bolmagy mümkin desga hökmünde Amerikan alymlarynyň federasiýasy tarapyndan 2023-nji ýylda anyklandy. The New York Times hem geçen ýylyň maý aýynda bu barada ýazdy. Demir ýolunyň gurluşygy tomsuň ahyrlarynda tamamlandy.
Planet Labs tarapyndan 24-nji fewralda düşürilen emeli hemra suratlarynda tokaýda demir ýoluny çekmek boýunça arassaçylyk işleriniň geçirilendigi, toprak işleriniň alnyp barylýandygy hem-de bazanyň içindäki platformalaryň düýbüniň tutulandygy görkezilýär.
Bu taslama boýunça dokumentasiýalar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Belpol tarapyndan üpjün edildi. Belpol häzir režime garşy işleýän öňki belarus howpsuzlyk resmileriniň toparydyr.
Kagyzlarda taslama boýunça jikme-jiklikler, şol sanda sakçylar otaglarynyň gurluşygy barada maglumatlar bar, şeýle-de olarda 10 million dollar möçberindäki harajatlaryň Goranmak ministrligi tarapyndan maliýeleşdiriljekdigi bellenýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda Asipowiçy desgasynyň täze suratlary hem bar. Olarda geçen tomusdan bäri ol ýerde gurluşyk işleriniň çaltlanýandygyny görmek bolýar.
Bu işler kazarmalaryň, ýarag ammarlarynyň, belki-de rus Iskander raketalaryna niýetlenjek täze hangarlaryň gurluşygyny we abatlaýyş işlerini öz içine alýar. Iskander raketalary ýadro başlaryny ýa-da häzirki zaman ýarag başlaryny göterip bilýär.
Lukaşenko 2024-nji ýylyň fewralynda Iskander ýaraglarynyň iki toplumynyň getirilendigini mälim etdi. Asipowiçy harby bazasyndan atylan 500 kilometr aralygy bolan raketalar bilen Latwia, Litwa, Polşa we Ukraina ýaly ýurtlaryň köp bölegine zarba urup bolýar.
Her bir bölüm 24 ulag üçin saklawhana desgalaryny talap edýär, olaryň sekiz sanysy raketa daşaýar. Emeli hemra suratlary 2023-nji ýylda şeýle binalaryň birisiniň tamamlanandygyny, ýene iki sanysynyň bolsa, düýbüniň tutulandygyny görkezdi. Fewralda düşürilen täze emeli hemra suralary ähli binalaryň tamamlanandygyny görkezýär.
Infrastruktura gurmak
Täze suratda beýleki binalary hem görmek bolýar. Bu binalar ýaşaýyş jaý binalaryny hem-de sport stadionyny öz içine alýar.
Ýerli häkimiýetler 14-nji martda bir ýaşaýyş binasyndaky 72 öýüň açarlarynyň harbylara gowşurylandygyny habar berdiler.
Aýdylmagyna görä, “ähli harby bölümleriň, şeýle-de Asipowiçy garnizonyndaky bölümleriň wekilleri bu binada ýaşarlar”
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda 1405-nji ok-däri ammarynyň täze düşürilen emeli hemra suratlary hem bar. Bu hem, rus ýadro ýaraglarynyň saklanylýan ýeri bolmagy mümkin desga hökmünde The New York Times tarapyndan 2024-nji ýylyň maý aýynda anyklandy.
Lukaşenko 2024-nji ýylyň dekabr aýynda olaryň Belarusa getirilendigini aýtdy. “Men bu ýere ýadro başlaryny getirdim. Diňe onalrçasyny däl... Olar hatda biziň bulary bu ýere nädip getirenimizi hem duýman galdylar” diýip, Lukaşenko aýtdy.
Fewralda düşürilen täze emeli hemra suratlary bazada hem-de demir ýolunyň gapdalynda platformalaryň gurulýandygyny görkezýär. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gelip gowşan dokumentasiýalarda şeýle platformalaryň dört sanysy agzalýar.
“Ýeriň üstünde platformalaryň gurulmagy olarda howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň saklanjakdygyny görkezýär” diýip, Polşada ýaşaýan goranyş boýunça belarusly analitik Konrad Muzyka Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“Bu, öz gezeginde, ol ýeriň has köp gyzyklanma döredýän ýer bolandygyny, hem-de Belarusyň ol ýerleri raketa hüjümlerinden goramak üçin köp zatlary etjekdigini görkezýär” diýip, Muzyka aýtdy.
Oňa görä, bu ýagdaý desgada alnyp barylýan gurluşygyň umumy depginine kybap gelýär.
“Iskanderler üçin ýarag başlaryny, häzirki zaman ýarag başlaryny, has möhümi, ýadro ýaraglaryny saklap biljek saklawhana desgasynyň durkunyň täzelenmeginiň özi möhüm waka bolup durýar” diýip, Muzyka sözüniň üstüni ýetirdi.
Barha artýan köp sanly subutnamalar, eger bu ýaraglar hakykatdan-da Belarusa getirilen bolsa, olaryň Asipowiçide hem-de 1405-nji ok-däri ammarynda saklanýandygyny, ýa-da bu desgalaryň olaryň getirilmegine taýýarlanylýandygyny görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum