Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda ýagan güýçli ýagyş köçeleri we köprüleri suw basmagyna sebäp boldy


Türkmenistanda güýçli ýagyşdan soňky ýagyn suwlary (Arhiw suraty)
Türkmenistanda güýçli ýagyşdan soňky ýagyn suwlary (Arhiw suraty)

Ahalyň çäginde we paýtagt Aşgabatda 23-nji martdan bäri ýagynly howa dowam edýär. Esasan Ahalyň çäginde dyngysyz ýagýan güýçli ýagyşlar köçeleri ýagyn suwlarynyň basmagyna getirdi.

Welaýatyň käbir obalarynda bolsa, sil suwlary köçeleriň we köprüleriň gyrasyndaky topragy ýuwup, transport aragatnaşygyny kesdi. Käbir obalarda ilatyň elektrik we gaz üpjünçilikleri hem kesildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy martda sebitden maglumat berdi.

“Güýçli ýagyn welaýatyň esasan Bäherden, Gökdepe, Kaka we Tejen etraplaryna täsir etdi. Bu etraplaryň dag eteginde ýerleşýän käbir obalarynda ilatyň tok we gaz üpjünçiligi kesildi. Häzir köp oba ilatynyň diňe suw üpjünçiligi bar” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Sebitde tapgyr dördünji gün ýagynly howa dowam edýär. Ýagyn ilkinji iki günüň dowamynda güýçli ýagan bolsa, soňky iki günüň dowamynda onuň gerimi wagtal-wagtal peselýär, ýöne soňra ýene güýçlenýär.

Ulaglaryň gapysynyň bosagasyna çenli...

“Tejen şäherinde ýollaryň pes ýerlerine suw dolup, köle öwrüldi. Suwuň beýikligi uly ulaglaryň, ýagny ýolsuz ýollardan, asfalt düşelmedik ýollardan geçýän ulaglaryň gapysynyň bosagasyna çenli ýetdi. Ýeňil ulaglar bu ýollardan geçmez hala geldi. Asfalt düşelmedik ýollar has-da erbet” diýip, ýagdaýlardan habarly tejenli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýagyn ilatyň, hususan-da, çagalaryň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir etdi.

Käbir ýaşaýjylar çagalaryny öýlerinde alyp galan bolsa, şu günler köp okuwçynyň köýneklerini galdyryp, balaklaryny dyzyndan ýokarsyna çenli çermäp, mekdebe barýandygyny görse bolýar.

Sebitde ýagýan güýçli ýagyşlar dag etegindäki obalara, şol sanda ýollara we köprülere has-da ýaramaz täsir etdi.

Aragatnaşyk kesildi

Dyngysyz ýagýan ýagşyň getiren sil suwlary käbir köçeleriň we köprüleriň gyrasyndaky topragy ýuwup, transport aragatnaşygyny kesdi.

“Kaka etrabynyň Gozgan daýhan birleşiginiň deňinden daga tarap çekilen ýoly sil suwy ýuwup, aragatnaşyk kesildi. Şeýle-de, sil suwlarynyň topragy ýuwmagy netijesinde, köp sanly köpriniň iki gapdaly opurylyp, köprüleri zaýalady. Bulardan geçmek howply ýagdaýa öwrüldi” diýip, ýagdaýlardan habarly kakaly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyzyň redaksiýamyza iberen suratlarynda güýçli ýagnyň getiren sil suwlary netijesinde, suw basan köçeleri, köprüleriň iki gapdalynyň opurylandygyny we käbir obalarda, iňrik mazaly garalan wagty hem, elektrik üpjünçiliginiň ýola goýulmandygyny, hiç hili yşyk ýanmaýandygyny görse bolýar.

Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu suratlary çap etmekden saklanýar.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, köçelerdäki ýagyn suwlary arassalanmaýar. Ýerli häkimiýetler munuň sebäbini suw sorujy ulaglaryň, tehnikanyň ýokdugy bilen düşündirýär.

Häkimiýetleriň wadalary

“Ýerli hökümet ýaşaýjylardan ýagyş doly dynýança garaşmagy soraýar. Olar şondan soň abatlaýyş işlerini geçirmegi wada berýärler” diýip, tejenli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şeýle-de Ahal welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi web sahypasynda howa hadysasy barada hiç hili maglumat ýa-da duýduryş göze ilmeýär.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 22-23-24-25-nji martda efire berlen sanlarynda hem, ýurtda ýagşyň ýagjakdygy barada aýdylsa-da, onuň depgini, ýetirip biljek ýa-da ýetiren täsirleri, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýdylmaýar.

Adatça türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda boljak adatdan daşary howa hadysalary we onuň ýetirmegi mümkin ýa-da ýetiren täsirleri barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan duýduryş, maglumat berýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG