Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi


Türkmen bagşysy Sahy Jepbarow (çepde) we publisist ýazyjy, Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Amanmyrat Bugaýew (sagda). Aprel, 1975. Türkmenistan. Arhiw suraty.
Türkmen bagşysy Sahy Jepbarow (çepde) we publisist ýazyjy, Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Amanmyrat Bugaýew (sagda). Aprel, 1975. Türkmenistan. Arhiw suraty.

Şu ýyl Türkmenistanda meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenýär. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň arasynda "özboluşly sungat mekdebine öwrülen" ussat bagşynyň ýubileý toýuna bagyşlanýar.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bagşynyň maşgala agzalary bilen 1990-njy ýyllaryň başlarynda geçiren özara söhbetdeşligine salgylanyp, şol döwürlerde Azatlyk Radiosynyň efir tolkunlarynda goýberilen aýdym-sazlaryň tas dörtden bir böleginiň Sahy Jepbarow tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýdýar.

Sahy Jepbarow 1905-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykdan bagşyçylyk bilen meşgullanyp başlansoň, il arasynda “oglan bagşy” hökmünde at alýar.

Resmi çeşmelerde çap edilen terjimehalyna görä, Sahy Jepbarow eýýäm ýetginjeklik ýyllarynda Sary bagşy, Mylly Täçmyrat we Pürli Sary ýaly meşhur bagşylar bilen içgin tanyşýar. Şeýle gatnaşyklar 1920-nji ýyllara gabat gelýär.

Türkmenleriň arasynda bagşyçylyk sungaty ymgyr medeniýeti özünde jemleýän özboluşly bir mekdep hökmünde kabul edilip, ilhalar bagşylar gowy günde-de, erbet günde-de mydama halkyň ruhuny göterip gelipdirler.

“Oglan bagşy” 1930-njy ýyllarda ýurduň dürli künjeklerinde Magtymguly Garly, Nobat bagşy ýaly bagyşlar we beýleki sazandarlar bilen gatnaşyp başlaýar.

Ol 1935-nji ýylda goşun gullugyna çagyrylýar, ol ýerde hem ansambl döredip sungat işi bilen meşgullanýar. 1937-nji ýylda bolsa, ol Aşgabatda halk saz gurallarynyň döwlet ansamblyny döredýär.

Meşhur bagşy Türkmenistan halk döredijilik öýüniň, döwlet filarmoniýasynyň saz ansamblynyň, şeýle-de Türkmenistanyň ilkinji kompozitorlar birleşiginiň düýbüniň tutulmagyna gatnaşýar.

Türkmen sungatyny öwrenijiler Sahy Jepbarowyň Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetiniň ulgamlaýyn guramalaşdyrylmagyna uly goşant goşandygyny aýdýarlar.

Bagşy möhüm döwrüň çatrygynda, ýurduň, halkyň syýasy durmuşynda uly özgerişleriň bolup geçen döwürlerinde ýaşap geçipdir, Ikinji jahan urşuna şaýat bolupdyr.

Ol ýaşan döwründe 200-den gowrak aýdym döredipdir, Magtymguly Pyragynyň eserlerini “nepislik bilen aýdym setirlerine geçirmegi başaran” sungat işgärleriniň hatarynda ykrar edilipdir.

Ýerine gelende bellesek, Sahy Jepbarow 1970-nji ýyllarda merhum publisist ýazyjy, Azatlyk Radiosynyň öňki žurnalisti Amanmyrat Bugaýewiň “Ýaş kommunist” gazetinde çap edilen “Çöller heý” goşgusyny hem aýdym edip aýdyp, ýaş zehiniň döredijilik ýoluna itergi beripdir. Öňümizdäki günlerde merhum žurnalistiň iş üstünde aradan çykmagynyň altynjy ýyl dönümi dolýar.

Sahy Jepbarow 1978-nji ýylda, 73 ýaşynyň içinde aradan çykdy, häzirki wagtda Türkmenistanda onuň adyny göterýän sungat mekdebi hereket edýär.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy ilhalar bagşynyň doglan gününiň 120 ýyllygynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdi.

DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG