Ukraina öten agşam ruslaryň köp sanly pilotsyz uçar hüjümini edendigini, şol sanda Moskwanyň giň gerimli hüjümi başlanaly bäri Kriwi Rih şäherine iň uly zarbasyny urandygyny habar berdi. Şu aralykda Russiýa iki sany ukrain pilotsyz uçaryny Gara deňziň üstünde we ýene ýedi ýerde urup gaçyrandygyny öňe sürdi.
Şol bir wagtda, Kreml Russiýanyň Gara deňiz ylalaşygyny diňe "birnäçe şert berjaý edileninden soň" berjaý edip biljekdigi barada aýdanlaryny gaýtalady.
Mykolaýewiň, Ukrainanyň Gara deňziň golaýyndaky port şäheriniň häkimi Russiýanyň uran pilotsyz uçar zarbalary baradaky habarlardan soň, sebitde elektrik togunyň gyssagly ýagdaýda kesilendigini aýtdy.
Prezident Wolodymyr Zelenskiý drom hüjümleriniň Russiýa bilen serhetleşýän demirgazyk-gündogar Sumy sebitindäki infrastruktura hem zyýan ýetirendigini aýtdy.
Ukrainanyň howa güýçleri, umuman alanyňda, Russiýanyň öten agşam Ukraina uçuran 117 pilotsyz uçarynyň 56-syny urandygyny aýtdy.
Pilotsyz uçarlaryň 48-siniň ugruny ýitirendigi, harby güýçleriň olaryň ugruny üýtgetmek üçin elektron söweş tilsimlerini ulanandygy aýdylýar.
26-njy martda berlen habarlar Birleşen Ştatlaryň Gara deňizdäki hüjümleri duruzmak barada bir gün öň Ukraina we Russiýa bilen aýratynlykda gelen ylalaşyklarynyň haçan we nädip güýje girjekdigi baradaky soraglaryň arasynda peýda boldy. Moskwanyň kesgitlän şertleri bu meselede şübhe döremegine sebäp bolýar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski üçünji gün, 26-njy martda Russiýanyň pilotsyz uçar hüjümleriniň Krywyi Rih şäherinde we Sumy sebitinde infrastruktura desgalaryna zyýan ýetirendigini aýtdy.
"Atyşygy kesmek barada geçirilen gepleşiklerden soň şeýle uly göwrümli hüjümleriň edilmegi Moskwanyň hakyky parahatçylyga eýermejekdigini bütin dünýä aýdyň görkezýär" diýip, Zelenski Telegramda aýzdy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň eden beýanaty garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi we onda pilotsyz uçarlaryň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan doly göwrümli çozuşyň dördünji ýylynda, Ukraina garşy söweşiň esasy nokady bolan Gara deňziň nyşanalaryna gönükdirilendigi ýa-da däldigi, diňe deňziň üstünden uçurylandygy aýdylmady.
Goranmak ministrligi rus goşunynyň Kursk sebitinde iki sany pilotsyz uçary we Belgorod sebitinde bäş sany pilotsyz uçary ýok edendigini aýtdy. Belgorod sebit häkimi bir raýatyň kellesinden ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilendigini we pilotsyz uçaryň ýaşaýyş jaýyna azajyk zyýan ýetendigini aýtdy.
Nikolaýewde tok kesilmesine öten agşam edilen hüjümiň sebäp bolandygy ýa-da elektrik üpjünçiliginiň seresaplyk çäreleri esasynda kesilendigi bada-bat kesgitlenip bilinmedi.
Parahatçylyk ylalaşyklary
Gara deňiz ýaraşygyndan başga, Ak tam şu hepde Saud Arabystanynda ukrain we rus wekilleri bilen aýry-aýry geçirilen gepleşikleriň energiýa desgalaryna urulýan zarbalary togtatmak baradaky soňky borçnamalary ýerine ýetirmek üçin "ylalaşyk çärelerini işläp düzmek mümkinçiligini" döredendigini aýtdy.
Krywiý Rihdäki harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleksandr Wilkul öten agşam edilen pilotsyz uçar hüjüminiň ýangyn turmagyna sebäp bolandygyny, binalara zyýan ýetirendigini, ýöne ýitgi çekilmändigini aýtdy. "Görnüşinden, bu basyp alyjylaryň parahatçylygy nähili isleýändiklerini görkezýär" diýip, ol telegramda ýazdy.
23-25-nji mart aralygynda Riýadda, ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen aýry-aýrylykda geçiren gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyklar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň iki aý mundan ozal, 20-nji ýanwarda işe başlaly bäri urşuň soňuna çykmak ugrunda eden tagallalarynda gazanylan iň möhüm üstünlikleriň biri bolup görünýär, ýöne olar köp zady düşnüksiz ýagdaýda galdyrdy.
Ak tam bu gepleşikler barada aýry-aýrylykda eden iki beýanatynda Gara deňiz şertnamasynyň, Russiýanyň oba hojalygy we dökün eksporty üçin, Moskwanyň dünýä bazarlaryna elýeterliligini dikeltmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Kreml bu mümkinçiligi üç ýyl gowrak mundan ozal, Ukraina garşy başlan doly gerimli çozuşyndan soň ýitiripdi.
“Birleşen Ştatlar, parahatçylykly çözgüt tapmak üçin, iki tarapyň arasyndaky gepleşiklere ýardam etmegini dowam etdirer" diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.
Bu ylalaşyklar Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly we iň ganly konflikti togtatmak üçin has giň ýaraşyk şertnamasynyň ilkinji ädimini alamatlandyrýar, emma beýanatlarda energiýa desgalarynyň çäklerinden aňyrda, beýleki raýat infrastrukturasynyň nyşana alynmagy barada hiç zat aýdylmaýar.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 26-njy martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky energiýa infrastrukturasyna hüjüm etmek meselesindäki moratoriýa buýrugynyň henizem güýjünde galýandygyny we Russiýanyň ýaragly güýçleri tarapyndan ýerine ýetirilýändigini aýtdy.
Şeýle-de, Peskow Russiýanyň ABŞ bilen aragatnaşyk saklamagyny dowam etdirýändigini we gepleşikleriň häzirki ilerlemesinden hoşaldygyny aýtdy. Ol, Gara deňiz inisiatiwasynyň, "birnäçe şertler ýerine ýetirilenden soň işjeňleşdiriljekdigini" hem sözüne goşdy.
Forum