Türkiýe soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamyndaky iň uly protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýarka, bu wakalaryň prezident Rejep Taýýyp Erdogana çynlakaý kynçylyk getirjekdigi ýa-da onuň awtoritarizme tarap has-da süýşjekdigi barada güýçli çaklamalar bar.
Protestler 2028-nji ýyldaky prezident saýlawynda esasy oppozisiýa Respublikan Halk Partiýasynyň (CHP) kandidaty, Stambulyň häkimi Ekrem Ymamoglunyň türmä basylmagy bilen başlandy.
Ondan soň bolup geçjek zatlar, Türkiýanyň çäklerinden has daşary täsir edip biler.
Ukrainadaky söweş
Urşuň başynda Türkiye Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda iki ýurduň Gara deňziň üsti bilen gallany eksport etmegine rugsat berýän şertnama baglaşyp, möhüm diplomatik üstünlik gazandy.
Bu şertnama, ukrain gallasyna örän bil baglaýan Global Günorta ýurtlaryna ukrain galla eksportyny eltmekde möhüm faktor boldy. Şertnama, Russiýa ondan çykmazdan öň, bir ýyl dowam etdi.
Waşingtonyň Moskwa we Kiýew bilen geçirýän gepleşiklerinde bu meseläni gaýtadan gün tertibine getirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürmegi hem meseläniň möhümdigini görkezýär.
Ankara söweşiň dowamynda esasan öz oýnuny oýnady.
Türkiýe NATO-nyň agzasy bolsa-da, Erdogan Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gowy gatnaşyk saklamaga çalyşýar.
Ýöne bu, Türkiýäniň pilotsyz uçar öndürijisi "Baýraktary" Ukrainada meýilleşdirilen zawody öňe tarap itmekden saklamady. "Baýraktaryň" önümleri urşuň ilkinji döwründe Ukrainany goramakda möhüm rol oýnady.
Kiýewdäki Ýakyn Gündogary öwreniş merkeziniň müdiri Ihor Semywolos, Türkiýäniň daşary syýasatynyň hereketlendiriji güýjüniň ykdysady bähbitlerdigini aýdýar.
"Sebit meseleleri barada aýdylanda bolsa, Russiýa, Ukraina, Ýakyn Gündogar esasy rol işewürlik gyzyklanmalarynda oýnaýar. Olar häzirki wagtda Erdoganyň daşyndan aýlanyşy ýaly Ymamoglunyň daşyndan hem aýlanarlar" diýip, Semywolos Azatlyk Radiosynyň Nastoýaşeýe Wremýa gullugyna beren maglumatynda aýtdy.
Günbatar bilen gatnaşyklar - ÝB we Waşington
Işewürlik barada aýdylanda, Ýewropa Bileleşiginiň statistikasyna görä, Türkiýäniň iň uly söwda hyzmatdaşy ÝB bolup, ol ýurduň söwdasynyň üçden bir bölegini emele getirýär.
Türkiýede hökümet çalşygy, ýurtda demokratik yza çekilişiň tankyt edilmeginiň arasynda, 2018-nji ýylda Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak prosesini togtadan Brýussel bilen gatnaşyklaryna hem täsir edip biler.
Ymamoglunyň, gatnaşyklaryň gowulaşmagyna we Türkiýäniň ÝB-e agza bolmagy baradaky gepleşikleriň täzeden başlanmagyna itergi bermegi örän ähtimal.
Emma Brýussel bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklar her niçigem bolsa gowulaşyp biler. Ýewropa goranyş boýunça Waşingtona bolan garaşlylygyny azaltmaga we Ukraina harby missiýa döretmäge synanyşýarka, Türkiýäniň ýaragly güýçleri ony esasy oýunçy edip biler.
Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan şu hepde Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen gepleşik geçirende hem, ykdysadyýet olaryň gün tertibinde esasy orun eýeledi.
Erdogan, Türkiýe Russiýanyň S-400 howa gorag ulgamlaryny satyn alandan soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan 2020-nji ýylda girizilen sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegini umyt edipdi.
Eýran we Ýakyn Gündogar
Türkiýedäki wakalar Tähran bilen Ankaranyň birek-biregini öz içerki işlerine goşulmakda aýyplaýan we bir-birine haýbat atýan wagtynda ýüze çykdy.
Iki ýurduň dürli sebitleýin meseleler boýunça ýygy-ýygydan gapma-garşylykly gyzyklanmalary bar, meselem, Türkiýäniň Siriýadaky Assad režimine garşy oppozisiýany we Ermenistana garşy Azerbaýjany goldamagy ýaly.
Şol bir wagtda, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Türkiýedäki wakalaryň “içerki meseledigini” aýtdy.
Türkiýäniň geografiki taýdan ýerleşişi oňa sebite ägirt uly täsir etmek mümkinçiligini hödürleýär. Ankara Ukraina söweşiniň başynda Bosfor bogazyny Russiýanyň harby gämi gatnawy üçin ýapdy, bu bolsa Moskwanyň Siriýadaky güýçleri bilen aragatnaşygyny kynlaşdyrdy.
Merkezi Aziýa
Türkiýäniň täsiri Ýakyn Gündogardan daşgary, Merkezi Aziýa çenli baryp ýetýär, bu sebitiň dört ýurdunda - Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda aglaba köplük türki dillerde gürleýär.
Bu ýurtlaryň Türkmenistandan başga hemmesi Türki dilli döwletleriň guramasynda jemlenendir. Bu gurama Azerbaýjany hem öz içine alýar.
Käbir sebit ekspertleri, Russiýanyň giňelişiniň, Ukrainada bolşy ýaly, rus dilinde gürleýän ilatly Merkezi Aziýa sebitine gönükdirilip bilinjekdigi baradaky aladalaryň arasynda Türkiýäniň alternatiw polýusdygyny aýdýarlar.
"Olar bilelikdäki harby türgenleşik geçirýärler we Russiýadan başga bazarlardan ýarag satyn almagy we önümçiligi ýola goýýarlar" diýip, Kipriň demirgazygyndaky Ýakyn Gündogar uniwersitetinden Assel Tutumlu geçen ýylyň noýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Ukrainadaky söweşden öň Merkezi Aziýanyň Ýewropa bilen söwdasynyň köp bölegi Russiýadan geçýärdi. Tutumlu, Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen, täze söwda ýollaryna itergi berendigini aýtdy.
Balkan ýurtlary
Türkiýe energiýa bazarlarynda hem esasy rol oýnaýar we bu, günorta-gündogar Ýewropada-da has aýdyň görünýär.
Wengriýa, Rumyniýa we Serbiýa Türkiýe tarapyndan iberilýän tebigy gazyň esasy sarp edijileridir. “Turkstream” häzirki wagtda rus gazyny Ýewropa, ýagny Gara deňziň aşagy bilen, Russiýadan Türkiýä, soňra bolsa Balkan ýurtlaryna iberýän ýeke-täk turbageçiriji bolup durýar.
Türkiýe Balkan ýurtlarynda, esasanam Serbiýada esasy maýa goýujydyr. Ankara Belgrad-Saraýewo awtoulag ýoluny gurmak baradaky ägirt uly meýilnamalary öňe sürmekden başga-da, Serbiýada pilotsyz uçarlaryny öndürmek meýilnamalaryny öňe sürdi.
Pilotsyz uçarlar baradaky şertnamalar Bosniýada we Albaniýada hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.