Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy korrupsiýada saklandy – çeşmeler


Türkmenistanda bir çagalar hassahanasy. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanda bir çagalar hassahanasy. Illýustrasiýa suraty.

Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş edaralarynda arassalaýyş barýar, birnäçe adam tussag edildi. Bu tutha-tutluklardan habarly çeşmeler arassalaýyş işleriniň ykdysady jenaýatlar bilen baglanyşykly bolandygyny aýdýarlar.

Bu barada ilkinji bolup, 24-nji martda garaşsyz Turkmen.news neşiri habar berdi. Neşir bu tussag etmeler boýunça maglumatyň az bolandygyny, ýöne saklanan saglyk resmilerine korrupsiýa, pul ogurlygy hem-de lukmançylyk enjamlarynyň bikanun satylmagy ýaly aýyplamar boýunça günä bildirilýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy saglyk pudagyndaky çeşmesine salgylanyp, bu barada 18-nji martda habar berdi, ýöne şonda redaksiýa bu barada habar bermekden saklanypdy. Turkmen.news neşiriniň habary bilen bu maglumat tassyk boldy.

Garaşsyz neşir welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Begenç Rejepowyň, hem-de onuň baş hasapçysynyň we kadrlar bölüminiň başlygynyň tussag edilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi hem, Begenç Rejepow atly saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň tussag edilendigini, onuň hem-de onuň töweregindäki birnäçe adamyň korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýandygyny aýdýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşmesi bu waka boýunça Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýat bölümine bellenen käbir howpsuzlyk işgärleriniň hem gatyşygynyň bolandygyny aýdýar.

“Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy wezipesinden hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky işgärlerden, şeýle-de welaýatyň çäginde ýerleşýän döwlet we hususy eýeçilikdäki dermanhanalardan, täze işe kabul edilen lukmanlardan hem-de şepagat uýalaryndan para almakda aýyplanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýdýar.

Ol saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Begenç Rejepowyň “wezipe ygtyýarlyklaryndan eden-etdilikli peýdalanmagyna” howpsuzlyk işgärleriniň ýakyndan ýardam berendigini aýdýar.

Ýöne, Azatlygyň çeşmeleri bu waka boýunça 25-nji martda iberen goşmaça maglumatynda saglyk resmisiniň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň operasiýasy bilen tussag edilendigini, onuň para hökmünde taýýarlanan pullar bilen duzaga düşürilip, saklanandygyny aýtdylar. Bu wersiýa görä, saglyk resmisi welaýatdaky saglyk öýleriniň biriniň hojalyk işleri boýunça orunbasaryndan para alypdyr, bu pullar bolsa MHM tarapyndan taýýarlanan pullar ekeni. Bu boýunça başga-da jikme-jiklikler bar, ýöne Azatlyk olary başga çeşmelere tassykladyp bilmeýär.

Turkmen.news neşiri Begenç Rejepowyň gelip çykyşy boýunça Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan bolandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat beren saglyk pudagyndaky çeşme welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň “öz işine ökde pediatriýa lukmany” bolandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy demirgazyk welaýatda alnyp barylýan basyp ýatyrmalar boýunça ýerli edaralardan, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli şahamçasyndan hem-de Welaýat saglygy goraýyş müdirliginden resmi teswir alyp bilmeýär. Şeýle-de, bu iş boýunça welaýat prokuratura edarasyndan hem teswir alyp bolmaýar.

Turkmen.news neşiri Rejepowyň bu welaýatda soňky alty ýyl bäri işläp gelendigini, soňky tussag etmelerde, birinjilik bilen, onuň baş hasapçysynyň saklanandygyny aýdýar.

Türkmenistan halkara korrupsiýa hasabatlarynda dünýäde yzdaky orunlary eýeleýär. Şol bir wagtda, bu ýurtda korrupsiýa boýunça maglumatlar jemgyýetçilige elýetersiz galýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine 2019-njy ýylyň noýabr aýynda “korrupsiýa” boýunça madda girizildi. Şonda şeýle jenaýatlar bilen iş kesilen adamlar babatynda günä geçme we rehim etme ulanylmaýar diýildi, ýöne 2022-nji ýylyň tomsunda kabul edilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen günä geçmezlik karary ýatyryldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy dürli pudaklarda giň ýaýran korrupsiýa hadysalary barada yzygiderli habar berip gelýär.

Şolaryň hatarynda 2022-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze açylan bir köpugurly hassahanada baş lukmanyň täze işe kabul edilýän lukmanlardan hem-de şepagat uýalaryndan “müňlerçe dollar para almagy” barada Azatlyk Radiosynda çykan habarlardan soňra, bu hassahanada derňew işleri geçirilipdi.

Türkmenistan “Transparency International” guramasynyň 2024-nji ýyl boýunça çap eden hasabatynda korrupsiýa görkezijileri boýunça 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG