Türkmenbaşy şäher häkimliginiň, ýerli MHM, kazyýet we polisiýa edaralarynyň wekilleri we ýaşulular sebitiň ýaşlary hem-de medeniýet işgärleri bilen ýygnaklary geçirýärler.
Ýygnaklarda olardan ýurtda bolup geçýän tebigy we ýol hadysalaryny Internetde paýlaşmazlyk, Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň syzmagyna ýol bermezlik talap edilýär. Bu barada Azatlygyň habarçysy 6-njy iýunda sebitden maglumat berdi.
“Ýygnaklarda esasan ýaşulular çykyş edip, ‘sähel ýagyş ýagsa ýa-da ýolda awtoulag hadysasy bolsa Internetde paýlaşyp, bolup bileniňizi bolýarsyňyz’ diýdiler. Olar ‘bu maglumatlary we näsag çaga üçin pul sorap, suratlary we wideolary paýlaşmaň, dürli problemalaryň aşagynda teswir ýazmaň’ hem diýdiler” diýip, gürrüňi edilýän ýygnaklaryň birine gatnaşan ýerli medeniýet işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
3-nji iýunda şäherde şeýle ýygnaklaryň üç sanysy - 1-nji mekdebiň we medeniýet öýüniň ýygnaklar zallarynda – geçirildi.
Ýygnaklara gatnaşan ýerli medeniýet işgärleriniň we ýaşlaryň ençemesiniň anonim şertde aýtmagyna görä, ýaşulular “kemçiliksiz ýurt ýok” diýip, “kemçilikleri ýaşyrmalydygyny” hem aýtdylar.
“Sähel Internet erkinligi berildi diýip, TikTok-da IMO-da dünýäniň problemasyny çözjek bolýarsyňyz. Bu erkinlikden kesilmejek bolsaňyz, ýurduň abraýyna zyýan ýetirýän suratlary, wideolary, maglumatlary TikTok-da we Azatlyk Radiosynda çykarmaň” diýip, türkmenbaşyly medeniýet işgäri bir ýaşulynyň ýygnakda aýdan sözlerini sitirledi.
Häkimiýet wekilleri geçen aýda Aşgabada gelen sil suwlaryny wideo düşüren raýatlaryň hem anyklanandygyny, bulary Internetde paýlaşanlaryň aglabasynyň medeniýet işgärleridigini hem aýtdylar.
“Medeniýet işgärleriniň ‘tebigaty ýeňil’, näme wideo ýa-da maglumat syzyp çyksa, esasy siziň içiňizden çykýar. Her ne bolgusyzlyk bolsa depesinde ýa aýdymçylar bardyr, ýa-da aktýorlar, galan halk hem yzyny alyp göterýär” diýip, medeniýet işgäri ýygnakda çykyş eden MHM işgäriniň sözlerini sitirledi.
Ýaşulular we häkimiýet wekilleri ýygnakdaky ene-atalardan ýaş ogul-gyzlarynyň Internetden nähili peýdalanýandygyny, nähili maglumatlary okaýandygyny gözegçilikde saklamagy hem talap etdiler.
“Olar ýygnaga gatnaşanlara diňe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän VPN ulgamlardan peýdalanmagy, Internetde ýurdumyz barada diňe gowy wideolary, suratlary we habarlary paýlaşmagy hem maslahat berdiler” diýip, ýygnaga gatnaşan balkanly ýaşlaryň biri aýtdy.
Häkimiýetleriň ilatyň Internetden peýdalanmak hukugyny çäklendirmäge garşy alyp barýan göreşiniň Türkmenbaşyda gaýtadan güýçlenmegi, maý aýynyň ortalarynda ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde, Aşgabada we Mara gelen sil suwlarynyň Internetde giňden paýlaşylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Azatlygyň habarçylaryna we ygtybarly çeşmelerine mälim bolan maglumatlara görä, tebigy hadysada bir esger öldi we başga-da alty sany esger dereksiz ýitdi.
Adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we mediasy bu tebigy hadysa we onuň ýetiren zyýany barada häzirki güne çenli dymyşlygyny saklaýarlar.
Galyberse-de, soňky aýlarda Azatlyk we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan ulag heläkçilikleri barada hem yzygiderli habar berip, käte bular baradaky wideolary we suratlary köpçülige ýetirýärler.
Öz raýatlarynyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýän Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri ýurtda bolýan tebigy, ýol hadysalary ýa-da ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler. Resmi media “ilatyň bagtyýar zamanada, nurana durmuşda ýaşaýandygyny” dabaralandyrýar.
Türkmenbaşyda geçirilen ýygnaklarda häkimiýet wekilleri şu günler Palestina halky üçin ýardam toplaýandygyny aýdyp, ilatdan pul ýygnaýan “kezzaplaryň” köpelendigine hem ünsi çekip, ilaty bu adamlara ynanmazlyga hem çagyrdylar.
“Olar ‘siz hakykatdan hem ýardam bermek isleseňiz, hormatly Arkadagymyzyň haýyr-sahawat gaznasyna geçiriň. Ol gazna ähli pullary halal eýelerine gowşurar’ hem diýdiler” diýip, medeniýet işgäri aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol sanda şäher häkimliginden we polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum