Türkmenistandaky Internet ulanyjylary Google gözleg motory arkaly VPN gözlemekde dünýäde birinji orny eýeledi. Bu barada Techopedia neşiri habar berýär.
Türkmenistan 2023-nji ýylda Google gözleg motory akaly VPN gözlemekde 100 bal alyp, dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlandy.
Barlaglara görä, Efiýopiýa, Eýran, Mýanma, Hytaý we Siriýa ýaly döwletler VPN gözlemekde Türkmenistandan yzda galypdyrlar. Goňşy Owganystan hem bu sanawda ilkinji 10-luga giripdir.
Google Trend platformasynyň statistika tablisalaryna görä, soňky 12 aýyň dowamynda Türkmenistandaky VPN gözlegleriniň gerimi 4-10-njy iýun aralygynda çür depä çykdy.
Soňky bäş ýylyň dowamyndaky ýagdaý seljerilende, iň köp VPN gözlegleri 2022-nji ýylyň 10-16-njy iýul aralygynda bolup geçipdir.
Bu ýagdaý Türkmenistanda 2022-nji we 2023-nji ýyllarda ýerli ulanyjylaryň has köp gezek VPN gözlemäge synanyşandygyny görkezýär, şeýle-de, ýurtdaky Internet petiklemeleriniň gerimini belli bir derejede açyp görkezýär.
Türkmenistanda häkimiýetler ýyllarboýy Interneti petik astynda saklaýar. Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy 2016-njy ýylda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Internetiň ganym duşmany” yglan etdi.
Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martynda prezident wezipesine geçende, onuň ýaş prezident hökmünde ýurtdaky Internet çäklendirmelerini aradan aýyrjakdygyna ynam bildirilen halatlar boldy. Azatlyk Radiosy bu barada 2022-nji ýylyň tomsunda habar berdi.
Şeýle habarlaryň edil yz ýany, 10-16-njy iýul aralygy, gaýtam, Türkmenistanda soňky bäş ýylyň dowamynda Internetden iň köp gezek VPN gözlenen döwür hökmünde tehnologiýa taryhyna geçdi. Bu sanlar Google Trend tarapyndan hasaba alyndy. Bu görkeziji soňky 10 ýylda hasaba alnan VPN gözlegleri bilen deňeşdirilende hem, iň ýokary görkeziji boldy.
Edil şol gabatlar, dünýädäki Internet işjeňligine esewan edýän “Cloudflare” kompaniýasy Türkmenistanda Internet ulgamynyň 2022-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 14-nji iýulyna çenli tas doly diýen ýaly petikli bolandygyny habar berdi.
Techopedia neşiri Türkmenistanda VPN ulgamlarynyň kanun tarapyndan gadagan edilýändigini aýdýar. Türkmenistanda 2014-nji ýylda kabul edilen Internet kanunçylygy onlaýn maglumat ulgamlaryndan peýdalanmagyň kadalaryny düzgünleşdirýär.
Bu kanuna laýyklykda, Türkmenistanda “Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorynyň daşyndan aýlanyp Internet torunyň kanallary boýunça maglumatyň üçünji şahslardan kabul edilmegi ýa-da berilmegi” hem-de, “maglumatyň kriptografik goragynyň sertifikatlaşdyrylmadyk serişdeleriniň peýdalanylmagy” Internet ulgamyndan peýdalanyjyny jogapkärçilige eltip bilýär.
Bellemeli ýeri, bu kanunçylyk maddalary, hünärmenlere görä, açyk aýdyň däl, şeýle-de olar VPN-leri, ýagny “wirtual şahsy torlary” anyk agzamaýar.
Synçylar Türkmenistanda kanunlaryň raýatlaryň bähbitlerine we hukuklaryna hyzmat edýän maddalarynyň diňe kagyz ýüzünde galýandygyny, olaryň iş ýüzünde amal edilmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda VPN hyzmatlarynyň gadagan edilmegi, bu ulgamlary gurup berýän ussalaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanmagy, hatda olaryň 15 gije-gündiz tutulyp saklanmaklary barada habar berip gelýärler. Türkmenistanda raýatlaryň VPN ulanmazlyk barada häkimiýetler tarapyndan Gurhandan ant içdirilen halatlary hem boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistan 2022-nji ýylda-da, 2023-nji ýylda-da öz çäginde iň köp gezek Internetden VPN gözlenen ýurt hökmünde öňe saýlandy.
Bu bolsa raýatlaryň Internet toruna päsgelçiliksiz birikmek üçin, has köp gözleg, has köp tagalla etmäge mejbur galýandyklaryny görkezýär.
Muňa garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti 2022-nji ýylyň dekabrynda özüniň global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzýändigini yglan etdi.
Ýöne synçylara görä, ýurtdaky VPN gözlegleri global Internet toruna bolan talabyň ýokarydygyny belli bir derejede açyp görkezýär.
Bu aralykda, turkmen.news neşiri 20-nji fewralda Türkmenistanyň Kiperhowpsuzlyk gullygynyň Aşgabatdaky telefon dükanlaryny diňe öz VPN-lerinden peýdalanmaga mejbur edýändigini habar berdi.
Türkmenistanda VPN-lere bolan talap şeýle bir giň gerime eýe bolupdyr welin, Aşgabatda adamlar täze telefon satyn alanlarynda özleriniň enjamlaryna VPN programmalarynyň hem ýüklenilip berilmegini soraýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, wirtual şahsy torlar, ýagny VPN-ler ulanyjylaryň wirtual kimliklerini, IP salgylaryny gizläp, olaryň petikli saýtlara girmegine, şeýle-de Internet ulgamyndaky maglumatlardan howpsuz ýagdaýda peýdalanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum