Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde onlarça hojalyk jaýynyň ýykyljakdygy barada öý eýelerine resmi habarnama gowşuryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji aprelde sebitden maglumat berdi.
“Geçen hepde şäheriň günbataryndaky kottež jaýlara duldegşir ýerleşýän bir gatly howly jaýlaryň tapgyrlaýyn esasda ýykyljakdygy barada 28 hojalyga habarnama paýlandy. Häkimligiň wekilleri ýaşaýjylardan bu habarnama gol çekmegi talap etdiler we onuň bir nusgasyny olaryň özlerine gowşurdylar” diýip, duýduryş hatyndan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Häkimligiň wekilleriniň ýaşaýjylara aýtmagyna görä, jaýlaryň ýykylmagyna döwlet derejesinde kabul edilen karar sebäp bolýar.
Oňa laýyklykda, Änewiň Gämi ýaşaýyş toplumy bilen aralygyndaky köçäniň sag tarapynda ýerleşýän kottež jaýlarynyň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
“Bu ýerde soňky on ýyllygyň dowamynda gurlan iki gatly kottež jaýlaryň takmynan 40-50 sanysy ýerleşýär. Bu kottež jaýlaryň gapdalyndaky bir gatly howly jaýlar ýykylyp, olaryň deregine iki gatly kottež jaýlar gurlar. Bu barada Ahal welaýat häkimligine prezidentiň apparatyndan görkezme geldi” diýip, ýerli ýaşaýjy häkimligiň bir wekiliniň aýdan sözlerini sitirledi.
Ýatlatsak, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap yglan edilip, 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglanan Ak bugdaý etrabynda abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylýandygy barada sebitdäki habarçymyz fewralda maglumat beripdi. Waka, prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebite eden duýdansyz saparynyň yz ýanyna gabat gelipdi.
Häkimlik wekilleri raýatlara jaýlarynyň haçan ýykylyp başlanjakdygy, täze kottež jaýlarynyň gurluşygynyň haçan tamamlanjakdygy barada anyk maglumat bermeýärler.
Ýöne olar raýatlara ýykyljak jaýlaryna derek täze guruljak kottežlerden beriljekdigini dilden aýdýarlar. Jaý eýeleri häkimiýetleriň “boş wadalary yzygiderli edýändigini” aýdyp, olaryň sözüne ynamyň ýokdugyny belleýärler.
“Bize täze jaýlar berilýänçä öz golaý garyndaşlaryňyzyň öýünde ýaşamaly bolarsyňyz ýa-da öz maddy serişdeleriňiziň hasabyna kireýine jaý almaly bolarsyňyz diýdiler. Kottež jaýlar gurlandan soňra, öý kitabynda görkezilen inedördül metrden artygyny ipoteka esasynda tölärsiňiz diýdiler. Ýöne köp hojalyk resmileriň dilden aýdýan bu wadalaryna ynanmaýar. Sebäbi häkimler ýa-da beýleki emeldarlar ýygy-ýygydan işinden boşadylýar ýa başga işe geçirilýär. Soňra ilat kerebiň ujuny ýitirip, kimden hasap sorajagyny bilmän, öýsüz-işiksiz galýar. Bu köp maşgalanyň dargamagyna hem getirýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda häkimiýetleriň köp gatly we bir-iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak tejribesi indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Bu tejribe, hususan-da, Aşgabatda we onuň eteklerinde giň gerimde amal edilip, munuň çäginde müňlerçe jaý ýykyldy.
Ýykylýan jaýlaryň deregine köplenç täze seýilgähler, hökümet binalary ýa-da ilat arasynda “elita jaýlar” atlandyrylýan köp gatly ýaşaýyş jaýlary ýa-da kottežler gurulýar.
Ýaşaýjylaryň ençemesi häkimiýetleriň ýykylan jaýlaryň öwezini köplenç dolmaýandygyny ýa-da özlerine berilýän jaýlaryň köplenç şäheriň çetki etrapçalarynda ýerleşýändigini aýdýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýykylýan jaýlar we jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum