Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze jaýlaryna göçüp barmaga taýýarlanýan raýatlar ipoteka tölegleriniň "aşa gymmatlygyndan" aladalanýar


Türkmenistanda täze gurlan ýaşaýyş jaýlary (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda täze gurlan ýaşaýyş jaýlary (Illýustrasiýa suraty)

Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde ýene sanlyja günden täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barmaga taýýarlanýan ýaşaýjylar aýlyk ipoteka tölegleriniň "aşa gymmatlygyndan" alada galýarlar.

Bu ýagdaýlar barada ýeňillikli ipoteka esasynda jaý satyn alan ýaşaýjylaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

“Biziň jaýlarymyz 12-nji dekabarda Bitaraplyk gününde açylyp ulanylmaga berilýär. Jaýymyza göçmäge sanlyja gün galanda, ýeňillikli ipoteka esasynda satyn alan jaýymyz üçin her aýda 8 müň manada golaý pul geçirmelidigini aýtdylar. Bu mukdar, meniň we aýalymyň aýlygyny goşanda, sähel azrak bolýar” diýip, daşoguzly lukman aýtdy.

Gürrüňi edilýän jaý Daşoguz şäherinden howa menziline barýan gara ýoluň ugrunda tapgyrlaýyn gurulýan ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýär. Toplum dört gatly jaýlaryň onlarçasyndan ybarat.

Lukmanyň tassyklamagyna görä, mundan bir ýarym ýyl çemesi ozal ol we aýaly dört otagly jaýy ýeňillikli ipoteka esasynda bir ýarym million manada satyn aldy.

Bu serişde, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursunda 430 müň dollara golaý, gara bazar nyrhynda 75 müň dollara barabar bolýar.

“Onuň 25%-ni öýi satyn alanymyzda geçirdik. Galan bölegini jaýa göçüp baranymyzdan soň, 15 ýylyň dowamynda her aýda banka geçirmeli etdiler” diýip, daşoguzly lukman belleýär.

Ýöne ol soňky bir ýarym ýylyň dowamynda azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlandygyna ünsi çekip, häzirki durmuş şertlerinde ipoteka tölegleriniň özlerini alada goýýandygyny nygtaýar.

“Ipoteka tölegini geçirenimizden soň, her aý elimizde bir müň manatdan gowrak pul galjak. Onuň bilen öý harajatlaryny, kamunal tölegleri, çagalaryň çykdajylaryny tölemeli. Munuň bilen güzeran aýlamka mümkin däl” diýip, lukman goşmaça gazanç etmeseler, heniz göçüp barmadyk öýlerinden çykarylmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny belleýär.

Habarçymyz şular ýaly ýagdaýyň başga-da onlarça maşgalanyň öňünde keserip durandygyny ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, olaryň häkimiýetlerden jaýlaryň ipoteka töleglerini 30 ýylyň dowamynda üzmäge mümkinçilik döretmegini soraýandygyny belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmegiň özüniň esasy aladalarynyň biri boljakdygyny aýdypdy.

Häkimiýetleriň wadalaryna garamazdan, Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý meselesi köpýyllyklaryň dowamynda ýiti problema bolmagynda galýar.

Azatlyk raýatlaryň bir-iki otagly jaýlarda 10-dan gowrak adam bolup ýaşamaga mejbur bolýandygy ýa-da olaryň çölüň içinden bölünip berlen mellek ýerlerine häkimiýetler tarapyndan gaz, suw, tok we ýol çekilmeýändigi barada ençeme gezek habar beripdi.

Şeýle-de, habarçylarymyz ýeňillikli ipoteka esasynda satyn alan jaýlarynyň aýlyk töleglerini wagtynda töläp bilmän, jaýlary ellerinden alnan raýatlar barada hem maglumat berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG