Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ kazyýeti maliýe üpjünçiliginiň kesilmegi boýunça Azatlyk Radiosynyň beren arzasyna sereder


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynyň öňünde baýdaklar pasyrdaýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynyň öňünde baýdaklar pasyrdaýar.

ABŞ kazyýeti 24-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň üstünden beren azasyna sereder. Media guramasy “yzyna gaýtaryp bolmajak ýitginiň” öňüne geçmek maksady bilen, özüne Kongres tarapyndan bölünip berlen grantyň Global Media Agentligi tarapyndan ýatyrylmaga synanyşylmagy boýunça kazyýete arza bilen ýüz tutupdy.

Kolumbiýa etrabyndaky ABŞ etrap kazyýeti bu iş boýunça iki tarapyň-da ileri sürýän argumentlerini ýerli wagt bilen öýlän sagat 2-de diňlär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryň hökümet üpjünçiligindäki media guramalaryna, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna hem-de Amerikanyň sesine gözegçilik edýän Global Media Agentliginden özüne Kongres tarapyndan bölünip berlen maliýe serişdeleriniň 1-nji mart-15-nji mart aralygyna degişli böleginiň, 7,5 million ABŞ-dollarynyň goýberilmegini talap edýär. Agentlik 15-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bölünip berlen granty ýatyrypdy.

Kazyýete berlen arza Kongres tarapyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bölünip berlen maliýe serişdeleriniň öňüniň baglanmagy bilen, federal kanunlaryň hem-de ABŞ Konstitusiýasynyň bozulýandygyny aýdýar. Federal harçlamalar boýunça ygtyýarlylyk Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasy tarapyndan Kongrese berilýär. Şeýle-de, arzada media guramasyna ýetiriljek zyýany çäklendirmek maksady bilen, kazyýetden mart aýyna degişli maliýe serişdeleriniň goýberilmegi boýunça wagtlaýyn buýrugyň çykarylmagy soralýar.

Azatlyk Radiosynyň hukuk tagallalary 30-njy sentýabrda tamamlanýan 2025-nji býujet ýylyna degişli maliýe serişdeleriniň galan böleginiň hem dolulygyna goýberilmegini soraýar. Bu maliýe serişdeleri boýunça deslapky kazyýet diňlenişiginiň apreliň ortalarynda geçirilmegine garaşylýar.

“Ştatdan daşary habarçylarymyzyň şertnamalaryny ýatyryp, işgärlerimizi tölegsiz rugsada ibermek bilen, biziň 23 ýurdy senzurasyz habar bilen üpjün etmek mümkinçiligimiz ep-esli çäklenýär” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus kompaniýanyň maliýe serişdeleriniň saklanylmagynyň ýetirip biljek täsirleri barada kazyýete beren arzasynda aýtdy.

“Kazyýet yzyna gaýtaryp bolmajak zyýanyň öňüne geçmek maksady bilen, deslapky diňlenişik hatda heniz geçirilmänkä, çäkli hem bolsa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň soraýan wagtlaýyn buýrugyny çykarmalydyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň kazyýete beren arzasynda aýdylýar.

ABŞ-nyň Global Media Agentligi bu şikaýat boýunça kazyýete beren öz arzasynda bu meseläni çözmekde Etrap kazyýetiniň ýalňyş ýer bolandygyny aýtdy. Ol öz grant kabul edijilerine gözegçilik etmekde Kongresiň Global Media Agentligine giň ygtyýarlyk berendigini; hem-de bu kazyýetiň ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň kabul eden kararyny ýatyrmak boýunça edilen haýyşy kanagatlandyrmaga hukugy bolanda hem, muny şeýle etmekligiň jemgyýetçiligiň bähbidine bolmajakdygyny aýtdy.

“Ýalan tümlügini kesip geçýän ýagtylyk şöhlesi”

Media guramasynyň maliýe üpjünçiligine abanýan wehimler bu guramanyň 27 dilde efir berýän 23 ýurdundaky auditoriýalarynyň arasynda goldaw tolkunlaryny tutaşdyrdy.

Okyjylar we diňleýjiler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýrandan Belarusa, Owganystandan Russiýa, Pakistandan Ukraina çenli giň çäklerde, front çyzygynda hem-de dünýäniň iň repressiw syýasy we media giňişliklerinde batyrgaýlyk, tarapgöýsüzlik we dogruçyllyk bilen iş alyp barýan žurnalistlerine goldaw sözlerini beýan etdiler, şeýle-de onuň ýitip gitmek ähtimallygy boýunça alada bildirdiler.

“Siz käteler edil ýalan tümlügini böwsüp geçýän ýagtylyk şöhlesi ýaly bolduňyz” diýip, bir ukrainaly ýaşaýjy, Oleh Pozorow özüniň Facebook sahypasy arkaly Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna sagbol aýdýar hem-de “syýasy azatlyklary goramak” ugrunda bu gullugyň bitiren işlerine minnetdarlyk bildirýär.

ABŞ prezidenti Donald Trampyň ýedi federal agentligiň, şol sanda ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň işini “kanunda görkezilen çäklere çenli kemeltmek” boýunça gol çeken kararynyň yz ýany, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň maliýe üpjünçiligini ýatyrmak boýunça görkezme berildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň granty resmi hatda özüni ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijiniň ygtyýalyklary bilen ygtyýarlandyrylan wagtlaýyn ýerine ýetirijiniň ýokary derejeli geňeşçisi hökmünde tanyşdyrýan Kari Leýk tarapyndan ýatyryldy. Bu hatyň mazmunynda Azatlyk Radiosyna bölünip berlen “grantyň agentligiň prioritetlerini kanagatlandyrmaýandygy” aýdylýar.

Tramp Global Media Agentligi bilen çaknyşýar

Leýk Tramp tarapyndan Amerikanyň sesine başlyk wezipesine hödürlenipdir, ýöne onuň dalaşgärligi heniz Halkara ýaýlymlar boýunça maslahat beriji geňeşi tarapyndan tassyklanmady.

ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň işine gözegçilik etmek maksady bilen Kongres tarapyndan esaslandyrylan maslahat beriji geňeşiň, ýagny Halkara ýaýlymlar boýunça maslahat beriji geňeşiň agzalary ýanwar aýynda ABŞ administrasiýasy tarapyndan wezipelerinden boşadyldy we henize çenli olaryň ornuna hiç kim bellenmedi.

ABŞ-nyň Global Media Agentligi we Amerikanyň sesi federal agentlikler bolsa-da, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Delawaýr ştatynda hasaba alnan hususy, girdeji gözlemeýän korporasiýa bolup durýar.Kongres tarapyndan bölünip berilýän grantlar bilen maliýeleşdirilse-de, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň işgärleri Birleşen Ştatlaryň federal hökümetiniň işgärleri däl.

Ýanwar aýynda ikinji möhlete prezident wezipesine girişeli bäri hökümet harajatlaryny kemeltmek boýunça iş alyp barýan Tramp özüniň ilkinji möhletinde ABŞ-nyň Global Media Agentligi bilen redaksion garaşsyzlyk babatynda hem-de gepleşikleriň ugry boýunça çaknyşypdy.

Ol gaýtadan wezipä girişeli bäri şol aladalary gaýtalap gelýär. Media guramalarynyň tarapdarlary olaryň ABŞ diplomatiýasynyň möhüm şahasy bolandyklaryny aýdýarlar.

“Kongresiň ABŞ-nyň Global Media Agentligini goramagy, onuň žurnalistleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegi hem-de ABŞ hökümetiniň ýurt içinde we ýurt daşynda azat we garaşsyz metbugata ygrarlylygyny gaýtadan tassyklamagy möhüm bolup durýar” diýip, metbugat azatlygy boýunça iş alyp barýan 28 topar 19-njy martda ABŞ kanun çykaryjylaryna iberen hatynda aýtdylar.

ÝB öňe çykarmy?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geljegi näbelli galýan mahaly, Ýewropa Bileleşiginiň syýasatçylary media guramasyna ýardam bermegiň ýollaryny agtarýarlar.

ABŞ-nyň Global Media Agentligi Birleşen Ştatlaryň garaşsyz hökümet gullugy bolup, ol 50-den gowrak dilde, her hepdede 361 million çemesi adama habarlaryň we maglumatlaryň berilmegine gözegçilik edýär.

Agentlik özüniň alyp barýan ähli işlerini maliýeleşdirmek üçin 2025-nji býujet ýylynda jemi 950 million dollar möçberinde býujet sorady.

Bu maliýe serişdesi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Amerikanyň sesi, Azat Aziýa Radiosy, Kuba Ýaýlym edarasy (Radio Marti), Ýakyn gündogar ýaýlym tory (MBN) hem-de Açyk Tehnologiýa Gaznasy ýaly media guramalaryny öz içine alýar.

ABŞ-nyň Global Media Agentliginiň resminamalaryna görä, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy 2025-nji ýylyň býujetinden 153 million ABŞ dollaryny sorapdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG