Birleşen Ştatlarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Kongres tarapyndan bölünip berlen granty ýatyrmak ugrunda edilýän synanyşyklaryň arasynda, media guramasynyň auditoriýalary, şol sanda türkmenistanly diňleýjiler Azatlygyň 75 ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan žurnalistiki işi barada, hem-de onuň Türkmenistan ýaly awtoritar ýurtlarda ýaşaýan sada halklaryň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada goldaw beriji sözleri aýdýarlar.
“Bu Radio halkyň sesini eşitdirýär, sada halkyň hukugyny goramaga çalyşýar, hakykaty görkezip, her bir adamyň hukugynyň bardygyny aýdýar. Ol halk içinde, ýurduň dürli künjeklerinde bolup geçýän wakalaryň hakyky ýüzüni anyk we senzurasyz açyp görkezýär” diýip, türkmenistanly diňleýji aýdýar.
“Ýogsam, biziňki ýaly ýurtlarda adam hukuklarynyň yzygiderli basgylanmagynyň hem-de häkimiýet eden-etdiliginiň arasynda halklar gorkunjyna lala öwrülip barýar. Diktatura bilen dolandyrylýan ýurtlarda azat söze orun berilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy erkin metbugatyň çäklendirilýän ýurtlarynda adamlary dogry, ters meýilsiz, deňagramly we obýektiw habarlar bilen üpjün etmegi özüniň esasy missiýasy hökmünde kesgitleýär. Esasan awtokratik režimleriň dolandyryşy astynda ýaşaýan halklara halal we dogruçyl žurnalistika hödürleýändigini aýdýan media guramasy dünýäniň 23 ýurdunda iş alyp barýar. Russiýa, Belarus, Eýran we Türkmenistan ýaly ýurtlar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň efir tolkunlarynyň baryp ýetýän ýurtlarynyň diňe birnäçesi bolup, Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Günorta Aziýa sebitlerinden, media guramasynyň sanlaryna görä, her hepde 50 million çemesi adam Azatlygyň habarlary bilen tanyş bolýar.
Bu gurama Russiýada “islenilmeýän gurama” yglan edildi, beýleki ýurtlarda hem şuňa meňzeş çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Petiklemeler
Azatlyk Radiosynyň web sahypasy Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan petik astynda saklanýar, Internet ulgamynda, sosial media saýtlarynda Instagramda, Facebookda, Twitterde ýa-da beýleki ulgamlarda Azatlygyň habarlaryna “laýk” basan, teswir ýazan adamlar häkimiýetler tarapyndan yzarlanyp bilinýär.
Türkmenistan öz halkyna dünýäde iň gymmat we iň haýal Internet hödürleýän ýurt hökmünde ykrar edilýär. Şeýle şertlerde, Radionyň ähmiýeti halk üçin has-da gymmatly hala gelýär. Internet elýeterli bolanda hem adamlar bu ulgamdaky maglumat çeşmelerinde arkaýyn päsgelçiliksiz peýdalanyp bilmeýär, sebäbi döwlet Internet ulgamyna berk gözegçilik edýär, ulanyjylary yzarlap, öz syýasaty bilen ylalaşmaýan, döwlet mediasynda ýurtda gazanylýandygy gaýtalanýan ösüşlere ynanmaýan adamlary elmydama öz "çeňňegine ildirmegiň aladasynda bolýar". Şeýle ýagdaýlar halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň hasabatlary bilen tassyk bolýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri, diňe bir sada halkyň däl, ýokary wezipelerdäki adamlaryň hem, yzarlamalardan sowlup geçmek üçin, radio tolkunlarynyň üsti bilen Azatlyk Radiosyny diňleýändigini, şeýlelikde, olaryň döwlet mediasynda we ýerli elektron neşirlerde aýdylmaýan garaşsyz habarlar bilen tanyş bolýandyklaryny aýdýar.
Sebäbi, olar Internet arkaly garaşsyz habar almaga çalyşsalar, dessine häkimiýetleriň nyşanasyna öwrülip bilýärler.
Internet we Radio
“Internet ýok hojalyklaryň ençemesi tas her gün ýaly sabyrsyzlyk bilen Azatlyk Radiosynyň efirine garaşýarlar. Azatlyk Internetiň üsti bilen-de, Radionyň üsti bilen-de türkmen halkyny ýurtda bolup geçýän zatlar barada habarly edýär” diýip, türkmenistanly diňleýji aýdýar.
Azatlyk Radiosy Sowet ýyllaryndan bäri, Sowuk urşy döwürlerinde bäri ‘demir perdäniň’ aňyrsynda galan ýurtlaryň halklary üçin möhüm habar serişdesine öwrülipdi. Şol bir wagtda, ol häzirki zaman şertlerde hem digital transformasiýalary başdan geçirip, özüniň wepadar auditoriýalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda garaşsyz habarlar bilen üpjün etmek ugrunda anyk tagallalary durmuşa geçirýändigini aýdýar.
Täsirler
“Eger-de Azatlyk Radiosy bolmadyk bolanda, häkimiýetleriň eden-etdiligi artardy. Azatlyk Radiosynda çykýan habarlar häkimiýetleri ynjalykdan gaçyrýar. Hatda, ýokary wezipelerdäki emeldarlaryň hem käbirleri ýurtda bolup geçýän wakalary Azatlyk Radiosynyň üsti bilen yzarlaýar. Internet elýeterliligi yzarlanýan emeldarlar, Azatlygyň gepleşiklerini Radionyň üsti bilen diňleýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýar.
Türkmenistan hususan-da 2017-2018-nji ýyllardan soň, ýiti ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Azyk howpsuzlygy ýaramazlaşdy, bazarlarda bahalar bir döwür ‘keýigiň şahyna’ çykdy, burduň milli manady hümmetini ýitirdi, daşary ýurt walýutasy gymmatlady, ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Ýurduň maliýe-ykdysady pudagynda bolup geçýän tolgunyşyklaryň we durnuksyzlygyň arasynda Azatlyk Radiosy ýurduň syýasy-ykdysady-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlamagy dowam etdirdi, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary, özleriniň şahsy howpsuzlygyny töwekgelçiliklerini astyna alyp, halkyň gözi, gulagy boldy, bolup geçýän wakalara barada yzygiderli habar berdi.
“Bazarlarda harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagy, ýa-da käbir iýmit önümleriniň ýetmezçilik etmegi barada Azatlyk Radiosynda habar berilse, şol hepdäniň içinde käbir harytlar arzanlaýardy. Adamlar Azatlykda habar berildi, şonuň üçin çäre görýärler diýip, öz aralarynda köp gürrüň edýärdiler. Azatlykda agzalýan problemalar boýunça edara-kärhanalarda barlaglaryň geçirilen pursatlary köp boldy” diýip, beýleki bir türkmenistanly diňleýjisi aýdýar.
Azatlyk Radiosy tarapyndan Türkmenistanda dürli pudaklarda şulara meňzeş oňyn täsirleriň döredilen pursatlary az bolmady. Oba hojalyk işgärleri, hususan-da pagtaçy we gallaçy kärendeçiler soňky ýyllarda şeýle täsiriň gözli şaýatlary boldular.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda pagta ýa-da bugdaý ösdürip ýetişdirýärler we ýetişdiren hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Türkmen hökümeti ýyllarboýy pagtany we gallany daýhanlardan ujypsyz bahalardan satyn alyp gelýärdi. Azatlyk Radiosy daýhanlara salgylanyp, şeýle problemalara yzygiderli ünsi çekdi.
“Azatlyk Radiosyna bu mesele boýunça yzygiderli çap edilen habarlaryň yz ýany, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandy. Muňa biziň özümiz 100% göterim şaýat bolduk” diýip, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli daýhanlara salgylanýar.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylynda bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhlary, Azatlyk Radiosynyň maglumatlaryndan soň, degişlilikde 2,5 esse we 3,5 esse ýokarlandy.
Okyjylarymyz we diňleýjilerimiz şuňa meňzeş başga-da köp mysala salgylanýarlar.
“2018-nji ýylda ýurtda ýiti çörek gytçylygy emele geldi. Şonda çörek we un nobatlarynyň wideolary we suratlary Azatlyk Radiosynda dowamly çap edilenden soňra, halkyň çörek problemasy ýeňledi. Bu ýagdaýyň düzelmegine bölekleýin hem bolsa Azatlyk Radiosynyň uly ýardamlary boldy” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Olar “Azatlyk Radiosynyň dünýäniň bir künjeginde oturyp, beýleki bir künjeginde, Türkmenistanda halkyň durmuşynyň gowulanmagyna goşant goşup bilýändigini” aýdýarlar.
Grantlaryň 'togtadylmagy'
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp hökümet netijeliligi tagallalarynyň çäklerinde 14-nji martda ýedi sany federal agentligiň, şol sanda ABŞ Global Media Agentliginiň işini azaltmak boýunça karara gol çekdi. Munuň yz ýany, agentligiň garamagyndaky media serişdeleriniň birnäçesine şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Kongres tarapyndan bölünip berlen grantlar togtadyldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus bu çäräniň “Amerikanyň garşydaşlaryna äpet uly sowgat bolandygyny” aýtdy. Munuň yz ýany, media guramasy özüniň grant berijisini, Global Media Agentligini kazyýete şikaýat etdi.
“Biz kanunyň biziň tarapymyzda bolandygyna ynanýarys. Dünýädäki despotlar biziň soňumyzy örän ir gutlap başlady” diýip, şonda media guramasynyň prezidenti ýene beýanat berdi.
Alternatiw habarlar
“Türkmenistanda adatdan daşary tebigy hadysalar bolanda hem adamlar şeýle betbagtçylyklaryň ýol açan netijeleri barada Azatlyk Radiosynyň efir tolkunlarynyň üsti bilen habarly boldular” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri şeýle hadysalar barada hem habar bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir uly ýaşly türkmenistanly SSSR döwründe hem, SSSR dargandan soňra hem, Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň giňden diňlenendigini aýdýar.
“Azatlyk öňler hojalyklarda radio tolkunlarynyň üsti bilen diňlenerdi. Soňra Radionyň gepleşikleri sputnik, emele hemra arkaly halka hödürlenip başlandy. Adamlar bir-birek bilen Azatlygyň tolkunlary barada maglumatlary paýlaşyp, onuň gepleşiklerini diňleýärdiler” diýip, uly ýaşly goja aýdýar.
Media hünärmenleri ýapyk jemgyýetlerde garaşsyz maglumatyň gymmatynyň başgaça bolýandygyny, onuň edil “syr alyp, syr berişmek” ýaly ilat arasynda uly gyzyklanma döredýändigini aýdýarlar.
“Halkyň ýeke-täk garaşsyz habar çeşmesiniň sesi kesilse, häkimiýetleriň eden-etdiligi artar” diýip, balkanly ýaşaýjylar alada bildirýär.
'ABŞ-da kanularyň güýji bar'
Ýöne ilat arasynda, hususan-da intelligensiýa wekilleriniň arasynda Azatlyk Radiosynyň geljeginiň parlak bolandygyny, onuň Birleşen Ştatlarda täsirli adamlar tarapyndan, Kongresde kanun çykaryjylar tarapyndan goldanjakdygyny aýdýan adamlar hem bar.
“Birleşen Ştatlaryň Kongresi, Konstitusiýasy we Kazyýet edaralary beýle hereketlere ýol bermezler. Olar Birleşen Ştatlaryň gymmatlyklarynyň, erkin metbugatyň tarapynda çykyş ederler. Birleşen Ştatlarda kanunlaryň güýji bardyr” diýip, Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan intellektual adamlar aýdýar.
“Olar özlerini Birleşen Ştatlaryň duşmanlaryna gülki etmezler” diýip, olar sözüniň üstini ýetirýär.
Birleşen Ştatlaryň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş edarasy Çehiýa Respublikasynyň Praga şäherinde ýerleşýär.
Şoňky birnäçe günüň dowamynda metbugat azatlygy boýunça halkara guramalar, demokratik ýurtlardaky iri media edaralary we käbir hökümet resmileri Azatlyk Radiosyna öz goldawlaryny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdiler.
Medet beriji sözler
Şol bir wagtda, Pakistandan Owganystana, Eýrandan Russiýa, ol ýerden Belarusa we Ukraina çenli giň territoriýalarda ýaşaýan halklaryň wekilleri hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny goldap çykyş etdiler.
“Men bir obada ýaşaýaryn. Bizde emeli hemra ýa-da ygtybarly Internet ýok. Siziň Radioňyz maňa umyt berýär” diýip, eýranly bir diňleýji Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna Telegram arkaly iberen hatynda aýdýar.
“Farda Radiosy [Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy] meniň esasy maglumat çeşmäm, sebäbi ol ýerde ters meýilsiz we professional habarlar berilýär” diýip, diňleýji aýdýar. “Olary ýitirmeklik örän agyr bolar. Şol gün hiç haçan gelmez diýip umyt edýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
“Siz käteler edil ýalan tümüstanlygyny böwsüp geçýän ýagtylyk şöhlesi ýaly bolduňyz” diýip, bir ukrainaly ýaşaýjy, Oleh Pozorow özüniň Facebook sahypasy arkaly Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna sagbol aýdýar. Azatlyk Russiýa Ukrainada üç ýyl ozal giň gerimli çozuşa girişeli bäri frontdan, gyzgyn urşuň barýan ýerlerinden habar berip gelýär. Ol syýasy azatlyklary goramak ugrunda bu gullugyň bitiren işlerine minnetdarlyk bildirýär.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owganystan we Pakistan gulluklaryna hem şulara meňzeş ýüzlerçe medet beriji sözler gelip gowuşdy.
“Radio Azadi [Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy] biziň üçin möhüm bolup durýar. Ol meni dünýäde bolup geçýän zatlar barada habarly edip durýar. Men gije-gündiz onuň gepleşiklerini diňleýärin, radionyň üsti bilen-de, telefonyň üsti bilen-de” diýip, Radio Azadiniň diňleýjisi Hajy Hudaýberdi WhatsApp arkaly iberen goldaw hatynda aýdýar.
“Azatlyk Radiosy köplenç unudylýan ýurtlar üçin umyt şöhlesi boldy. Onda berilýän gepleşikler kiçijik obalardaky adamlary dünýä bilen birikdirdi. Men ýeke-täk radio bilen çet obada ýaşap, onuň sesini hakykatdan-da göwünlik beriji hasaplaýaryn. Men onuň gepleşikleri elmydama batly we janly galar diýip umyt bildirýärin” diýip, beýleki bir owganystanly diňleýji, Saga Mehr Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna ýazýar.
Beýleki bir diňleýji, Owganystanyň günorta Zabul welaýatyndan bolan Nabiullah Zabuli Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampa, hem-de Azatlyk Radiosynyň maliýe üpjünçiliginiň kesilmegi boýunça kabul edilen karara täsir edip biljek islendik adama ýüzlenýär.
“Haýyş, siz özüňiziň millionlarça wepadar diňleýjileriňize biwepalyk etmäň! Bu maglumat ýol görkezijisini diri saklaň!” diýip, ol aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň bir diňleýjisi, Zmitrok Siemieniuk Instagramda şeýle ýazýar:
“Siz propagandadan hem-de ýigrençden azat habarlary berýärsiňiz. Men dünýäde bolup geçýän ençeme möhüm wakalar barada habar alýaryn. Elbetde, men habarlary öz ene dilimde okap bilýärin” diýip, belarusly okyjy aýdýar.
Belarus gullugynyň beýleki bir okyjysy, Tatsiana bu media guramasynyň gepleşiklerini diňlände özüni hakyky ýewropaly raýat ýaly duýýandygyny aýdýar.
“Onuň missiýasy bu günki günde entek tamamlanmady – bu hekaýa dowam etmeli” diýip, ol belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum