Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM talyplara we ýokary synplardaky mekdep okuwçylaryna hyzmatdaşlyk teklip edýär


Bezeg suraty. Döwlet telewideniýesinden alyndy
Bezeg suraty. Döwlet telewideniýesinden alyndy

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri sebitleriň birinde ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny, ýokary synplardaky mekdep okuwçylaryny we medeniýet işgärlerini hyzmatdaşlyga çekýär, şugul gözleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň birnäçesi, şeýle-de içer işler edaralaryndaky bir çeşme bu maglumatlary tassyklap, hyzmatdaşlyk teklip edilýän raýatlaryň esasan sosial media başarnyklaryna üns gönükdirilýändigini aýdýarlar.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat bölüminiň bir işgäri käbir mekdeplerdäki informatika mugallymlarynyň ýardamlary bilen, täze tehnologiýalardan, sosial ulgamlardan, galyberse-de VPN programmalaryndan baş çykarýan okuwçy ýaşlary anyklaýarlar we olar bilen söhbetdeşlik geçirýärler” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme anonimlik şertlerinde gürrüň berdi.

Häkimiýetler özleriniň potensial ‘hyzmatdaşlaryna’ özüne çekiji teklipleri hödürleýär.

Ýokary synp mekdep okuwçylaryna ýurduň ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul edilmek babatynda, talyp ýaşlara bolsa, MHM edaralaryna işe kabul edilmek babatynda howandarlyk teklipleri hödürlenýär.

Galyberse-de ýaşlara täze gatžetler, smartfonlar sowgat berilýär, tölegsiz wirtual şahsy torlar (VPN) sowgat hökmünde berilýär.

Ýöne MHM-niň ‘potensial hyzmatdaşlarynyň’ ýurduň iň täsirli howpsuzlyk edarasynyň tekliplerini kabul etmekden başga çykalgalary hem ýok ýaly bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň şahsyýetleriniň anyklanylmagyna getirip biljek maglumatlary aýan etmekden saklanýar.

Ýöne biri-birinden habarsyz çeşmelerimiz MHM işgärleriniň ýaşlary hyzmatdaşlyga yrýandygyny aýdýarlar.

Aňtaw işgärleri geljekgi hyzmatdaşlarynyň öňünde özleri üçin ilat arasynda zerur bolan maglumatlary toplamak boýunça käbir wezipeleri goýýarlar. Meselem, talyp we okuwçy ýaşlar VPN oňarýan, satýan ýa-da şeýle programmalary daşary ýurtlardan satyn alýan tanyş-bilişleri barada MHM edaralaryna maglumat bermäge çagyrylýarlar. Olar şeýle işleri watan söýgüsi we watançylyk duýgulary bilen baglanyşdyrýarlar.

“Watana hyzmat etdigiňiz bolar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy MHM işgärleriniň iş interwýusynda mekdep okuwçylaryna aýdan sözlerini sitirleýär.

Howpsuzlyk gulluklary sebitlerde medeniýet işgärlerini we jemagat gullugynyň işgärlerini hem hyzmatdaşlyga çekýärler.

Ýerli MHM edarasynyň sebit häkimlikleriniň birinde iki sany döwlet tansçysy bilen ‘şugulçylyk’ boýunça geçiren syrly söhbetdeşligi mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar bilen geçirilen interwýular bilen deňeşdirilende biraz dartgynly geçipdir.

“Otaga giren badyma dessine telefonymy elimden kakyp aldylar we paýyş sözler bilen telefonymyň parolyny soradylar. MHM işgäri TikTok ulgamynda meniň köçeleriň abatlanylmazlygy barada ýazan teswirlerimi görüp, elindäki ýaşyl bloknot bilen ýüzüme urdy. Soňra bolsa, maňa hyzmatdaşlyk teklip etdi. Men özümi halas etmek üçin öňüme goýlan kagyza gol goýmaly boldum. Otagdan çykanymda daşarda, men ýaly ýene-de 10-a golaý adam garaşyp oturan ekeni” diýip, döwlet tansçysy gürrüň berýär.

Howpsuzlyk işgärleri öz wezipelerini ýerine ýetirmekde jemagat gullugynyň işgärlerinden hem peýdalanmaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan bir sebit ýaşaýjysy howpsuzlyk gulluklarynyň bir VPN programmasyny ýaýratmak üçin jemagat gullugynyň işgärlerinden ýardam sorandygyny gürrüň berýär.

"Şol programmany kärdeşlerimiň arasynda, goňşy-golamyň arasynda ýaýradyp bersem, maňa edaradan nagt pul çekmäge ýardam berip biljekdiklerini aýtdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy jemagat gullugynyň işgärini sitirleýär.

Azatlygyň habarçylary bir aý töweregi mundan ozal MHM işgärleriniň taksi sürüjilerini hem şugulçylyga çekýändiklerini habar berdiler.

Türkmenistanda howpsuzlyk gulluklary maglumat toplamakda öňden bäri şugullardan peýdalanýar. Şol bir wagtda häkimiýetler soňky ýyllarda şeýle işleri ýerine ýetirmekde, täze tehnologiýalardan hem peýdalanyp başladylar.

Häkimiýetler şeýle tärlerini esasan ýurtda özge pikiri basyp ýatyrmak, tankytlary sem etmek maksady bilen ulanýarlar, ýöne şol bir wagtda, olar bu hili tilsimlerini köplenç jemgyýetde asudalygy, agzybirligi we jebisligi gorap saklamak, tertip-düzgüni ýola goýmak tagallalary bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk gulluklarynyň ilat arasynda alyp barýan hyzmatdaş gözlegleri boýunça, Milli howpsuzlyk ministrliginden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG