Türkmenistanyň häkimiýetleri özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary anyklamak işlerine döwlet we hususy eýeçilikdäki taksileriň sürüjilerini çekip başladylar.
Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri taksi sürüjilerinden ýolagçylara dürli soraglary berip, olaryň içki pikirini öwrenmegi talap edýärler. Bu barada taksi sürüjileriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.
“MHM-nji işgärleri paýtagtyň çäginde hereket edýän ýeňil taksileriň sürüjilerini şugulçylyk işlerinde ulanýarlar. Olar taksi sürüjilerini Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, tölemeli edilende, olaryň başyny gutarmaga kömek ediljekdigi bilen höweslendirýärler” diýip, paýtagtly taksi sürüjileriniň biri anonim şertde aýtdy.
Mundan başga-da, MHM işgärleri taksi sürüjilerine, eger olar özlerini gyzyklandyrýan wajyp maglumatlary ýetirip dursalar, onda olaryň aýlyk girdejileriniň ýokary bolmagyna hem täsir edip biljekdiklerini aýdyp, olar “bu hyzmatdaşlyk üçin pul tölenjekdigini” hem belleýärler.
“Howpsuzlyk işgärleri hyzmatdaşlyga razy bolan sürüjilere haýsy ýolagçylara, nähili soraglaryň gönükdirilmelidigini aýdýarlar. Olar soraglaryň esasan howa menzilinden, demirýol wokzalyndan, söwda merkezlerinden we bazarlardan münýän ýolagçylara berilmelidigini aýdýarlar” diýip, başga bir taksi sürüjisi anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, ýolagçylara gönükdirilmeli soraglaryň arasynda:
- Durmuş kynlaşyp barýar, size hem aňsat däldir?
- Nazir Habibow tutulypdyr diýýärler, kim tarapyndan ele düşürildi, biler ýaly bolmady. Biri Eýranda saklandy diýse, başga adamlar Türkmenistanyň serhetçileri tarapyndan diýýärler, şeýle dälmi?
- Ýolbaşçylaryň işinden boşadylmagy ýa-da türmä basylmagy bilen üýtgeýän ýagdaý ýok. Bu bidüzgünçiliklerde prezidentiň hem eli bolmaly, şeýle dälmi? ýaly sowallar bar.
“Olar ýolagçylary gürledip, içki pikirini öwrenmegi talap edýärler. Olar şeýdip, ‘ygtybarsyz raýatlaryň’ anyklanjakdygyny aýdýarlar. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň bu wyždansyz oýunlaryna gatnaşýan taksi sürüjileri bar” diýip, aşgabatly sürüji belledi.
Azatlyk bu barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa soraglara berlen jogaplaryň netijesinde “ygtybarsyz raýat” hasaplanan adamlara garşy nähili çäre görülýändigini hem anyklap bilmedi.
Şu ýylyň başynda paýtagtdaky habarçylarymyz VPN programmalary arkaly döwlet tarapyndan oňlanmaýan sosial torlara girýän okuwçylaryň ene-atalarynyň soraga çekilýändigini we şeýle hojalyklaryň “ygtybarsyz hojalyklar” hasaplanylýandygyny hem aýdypdylar.
“Bu hojalyklar jogapkärli döwlet wezipelerinden çetde tutulýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy belläpdi.
Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri raýatlara gözegçiligi güýçlendirýär.
10-njy aprelde habarçylarymyz Aşgabadyň mekdeplerinde Bilim ministrliginiň işgärleriniň mugallymlar bilen ýörite ýygnaklary geçirip, olara bolup geçýän wakalar barada hiç ýerde, hatda öýde hem gep-gürrüň etmezligi tabşyrandygyny habar berdiler.
Türkmenistanda hökümet ilatyň problemalaryny, şol sanda ykdysady kynçylyklaryny görmezlige salýar we ýyllarboýy ilata nägilelik bildirmez ýaly basyş edip gelýär, pikirini beýan edýänleri yzarlaýar.
Forum