Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki “Bitarap Türkmenistan” merkezi gazeti 10-njy oktýabrda Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçisi Wiktor Maýko bilen iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýyl dönümi mynasybetli geçirilen söhbetdeşligi çap etdi. Döwlet metbugaty sekiz aý töweregi wagt bäri Russiýanyň esassyz çozuşyna garşy söweşýän ýurduň ilçisi bilen geçiren söhbetdeşliginde Ukrainada barýan urşy agzamady. Ukrain ilçisi Türkmenistanyň aprel aýynda Ukraina iberen gumanitar ýardamyna minnetdarlyk bildirdi.
“Türkmenistan 2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde ynsanperwer ýardam ibermek bilen, şeýle agyr döwürde ukrain halkyna uly raýdaşlyk görkezdi” diýip, ukrain ilçisi Türkmenistanyň döwlet metbugatyna beren interwýusynda aýtdy.
Ilçi halkara syýasatynyň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda global howpsuzlyk meseleleri babatda iki ýurduň eýeleýän pozisiýalarynyň meňzeş bolmagynyň Türkmenistan bilen Ukrainanyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň gatnaşyklary ösdürmegine goşant goşýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, ilçi türkmen metbugatyna beren interwýusynda Ukrainanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy, galyberse-de, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan sepgitlere salgylandy.
“2021-nji ýylda Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 69,3 % ýokarlandy” diýip, ilçi aýtdy.
Şeýle-de ol ukrain işewürleriniň Türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygyny, Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetine hem oňyn täsir ýetirjekdigini aýtdy.
Maýkonyň pikiriçe, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin Ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň işini güýçlendirmek bilen bir hatarda, iň işjeň kompaniýalaryň başlyklaryny we wekillerini öz içine alýan Işewür geňeş döredilse, ýerlikli bolardy.
Türkmenistanyň döwlet metbugatynda çap edilen söhbetdeşlikde Ukrainada sekiz aý bäri dowam edýän uruş, Russiýanyň esassyz çozuşy agzalmady. Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 10-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ukrain ilçisiniň türkmen metbugatyndaky interwýusyny seljerdi.
“Birinjilik bilen, meniň pikirimçe, megerem, ukrain ilçisi urşy agzan bolsa gerek! Ýöne türkmen metbugaty bu barada aýdylan bölekleri taşlamagy saýlap alýar. Sebäbi, bilşimiz ýaly, Türkmenistan Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuny düýbünden agzamaýar. Aradan sekiz aý geçdi, ýöne şonda-da, olar bu barada hiç zat aýtmady. Olar hususan-da ukrain ilçisi gürlände urşy asla agzamazlar. Sebäbi, aýratyn-da soňky wakalara ser aýlasak, hususan-da Russiýa Ukrainanyň üstüne çozuşa girişeli bäri, Türkmenistan Russiýa tarap örän ýakyn golaýlaşýar. Görnüşinden, bu olaryň "saýlap alan ýarany" bolup durýar. Belki-de, bu olar üçin režimiň aman galmagynyň kepili bolup durýar. Bilşimiz ýaly, Serdar [Berdimuhamedow] prezident hökmünde özüniň ilkinji daşary ýurt saparlarynyň birini Russiýa amala aşyrdy. Bilşimiz ýaly, Serdar [Berdimuhamedow] saýlanmazdan öň, türkmen resmileri Russiýa gatnady. Türkmenistanyň Russiýanyň berk ýaranydygy örän aýdyň bolup durýar. Şonuň üçin olar Russiýa bilen aradaky gatnaşyklara howp abandyryp biljek hiç bir zady döwlet metbugatynda asla agzamazlar. Şu wagta çenli olar Ukrainada barýan urşy teswirlemezlik arkaly Russiýa bilen gatnaşyklary oňat saklamagy başardylar" diýip, Panniýer Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda Ukraina urşy babatda geçirilen ses berişliklere gatnaşman gelýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynda 3-nji martda geçirilen ses berişlikde 141 ýurt Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny biragyzdan ýazgaryp ses berdi. Emma Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady.
Ukrainada barýan esassyz urşuň fonunda, BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak barada ses berişlik geçirdi. 93 ýurt bu teklibi biragyzdan goldady, Türkmenistan bu ses berişlige-de gatnaşmady.
Ýöne, bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ukrainada barýan urşy agzamadan, Ukrainanyň garaşsyzlyk güni mynasybetli prezident Wolodymyr Zelenskä gutlag iberen ýeke-täk Merkezi Aziýa lideri boldy.
Ukrainanyň ilçisi Wiktor Maýko “Bitarap Türkmenistan” neşirine beren interwýusynda Ukrainanyň Türkmenistana Merkezi Aziýa sebitinde möhüm söwda hyzmatdaşy hökmünde hem garaýandygyny aýtdy.
Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýol goýuldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentligi döwründe 2009, 2011, 2013 we 2015-nji ýyllarda, her iki ýylda bir gezek, ukrain prezidentleri Türkmenistana sapar etdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi 2012-nji ýylda Ukraina sapar etdi. Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini bikanun anneksiýa etmeginden soňra, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ýokary derejeli resmi saparlar seýrekleşdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum