Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskä we ýurduň ähli halkyna Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
"Türkmenistanyň prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, prezident Wladimir Zelenskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ukrainanyň halkyna bolsa durnuklylyk, rowaçlyk arzuw etdi" diýip, habarda bu ýurtda alty aý bäri dowam edýän uruş agzalman, wepat bolan adamlara we olaryň ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirilmän aýdylýar.
Bu gutlag türkmen lideriniň Türkiýede we Gyrgyzystanda bolan ýol hadysalarynda heläk bolan adamlar baradaky gynanjynyň çap edilen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Prezidentiň mundan öň, beýleki ýurtlaryň liderlerine iberen gutlaglarynda parahatçylyk, mundan beýläk hem gülläp ösmek arzuwlary edilen bolsa, ukrain liderine iberilen gutlagda bu däpden hem çykylypdyr, parahatçylyk arzuw edilmändir.
Türkmenistanyň hökümeti Russiýanyň Ukrainada alyp barýan agressiýasy babatda öz pozisiýasyny aýtmaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynda 3-nji martda geçirilen ses berişlikde 141 ýurt Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny biragyzdan ýazgaryp ses berdi. Emma Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady.
Ukrainada barýan esassyz urşuň fonunda, BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak barada ses berişlik geçirdi. 93 ýurt bu teklibi biragyzdan goldady, Türkmenistan bu ses berişlige-de gatnaşmady.
Türkmenistan aprel aýynda Ukraina ynsanperwer ýardam iberjekdigini yglan etdi. Ýöne bu hemaýatyň Ukraina gowşup-gowuşmandygy ýa-da Ukrainanyň haýsy sebitlerine niýetlenendigi mälim bolmady.