Azatlyk Radiosy fewralyň başlarynda Türkmenabat şäherinde pagta möwsüminde ýatyrylan döwlet awtobus gatnawlarynyň heniz-de dikeldilmeýändigini habar berenden soňra, bu gatnawlar fewralyň soňky hepdesinde gaýtadan ýola goýlupdy. Şol gatnawlar aprel aýyndan başlap, ýene-de seýrekleşip başlady.
Türkmenistanda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň hem-de ýapylmagynyň tertibi prezidentiň karary bilen tassyklanýar.
“Soňky iki aý çemesi wagt bäri kadalaşan döwlet awtobuslarynyň gatnawy apreliň 1-den başlap, ýene-de egsilip başlady” diýip, Türkmenabat şäheriniň birnäçe ýaşaýjysy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häzirki wagtda şäheriň iň iri köçeleriniň biri bolan S. A. Nyýazow köçesiniň ugrunda diňe 1-lik we 2-lik belgili döwlet awtobuslarynyň gatnaýandygyny aýdýarlar.
Bitarap Türkmenistan şa ýolunyň ugrunda heniz-de awtobus gatnawlary dikeldilmändir. Welaýat häkimligi we prokuratura edarasy ýaly möhüm döwlet edaralary bu köçäniň ugrunda ýerleşýär. Ýerli ýaşaýjylar Bitarap Türkmenistanda köçesinde ençeme ýyllardan bäri awtobus gatnawlarynyň gadagan edilip gelinýändigini aýdýarlar. Şäherde, onsuzam, iki sany iri köçe bar: olar, S. A. Nyýazow köçesi hem-de Bitarap Türkmenistan köçesi. Bu iki köçe-de, biri-birine parallel görnüşde, şäheriň demirgazyk böleginden günorta bölegine çenli uzap gidýär.
“Derýaçylar etrapçasyndan Himik etrapçasyna çenli iki sany 1-lik belgili awtobus hereket edýär, şäýle-de täze bazara çenli aralykda üç sany 6-lyk belgili awtobusy hem görmek bolýar. Tutuş şäherde iki sany 7-lik belgili awtobus bar” diýip, çeşmeler aýdýar.
7-lik belgili awtobus S. A Nyýazow köçesinde hereket edip, Demirýolçylar etrapçasyna barýar. Derýaçylar etrapçasy-da, Demirýol etrapçasy-da şäheriň demirgazyk böleginde, Amyderýanyň ýakalarynda ýerleşýär.
Türkmenabatda awtobus gatnawalary bilen bagly problemalar ýyllarboýy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri geçen ýylyň pagta möwsüminde şäherde köp sanly awtobus gatnawlarynyň ýatyrylandygyny, döwlet awtobuslarynyň köpüsiniň pagta ýygymçylaryny daşamaga iberilendigini habar berdiler. Bu habarlaryň yz ýany, fewralyň soňky hepdesinde ýatyrylan gatnawlar gaýtadan dikeldildi.
Azatlyk Radiosynyň transport pudagyndaky çeşmeleri mundan ozal şäherde gaýtalanýan ýagdaýyň awtobus ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrylýandygyny aýtdylar.
Döwlet telewideniýesi geçen ýylyň dowamynda bu welaýata 200 çemesi täze awtobusyň berlendigini habar berdi.
Welaýatlarda transport üpjünçiligi problema bolmagynda galýar. Döwlet media serişdeleri geçen ýylyň dowamynda sebitleriň her birine 200 awtobusdan, jemi 1000 çemesi awtobusyň iberilendigini habar berdiler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatyna täze gowşurylan awtobuslaryň uzak wagtlap Lebap awtoulag önümçilik birleşiginiň garažlarynda saklanandygyny habar berdiler.
Resmi maglumatlara görä, bu birleşik 2024-nji ýylyň dowamynda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat edip, 23 million 244 müň manatlyk iş ýerine ýetiripdir.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Lebap welaýatynyň sebit merkezinde dowam edýän awtobus ýetmezçiliginiň arasynda, Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň köne marşrutkalaryň sürüjilerine ‘jerime ýazmak işlerini’ batlandyrandyklaryny aýdýar.
Şäherde köplenç täze hasaplanýan döwlet awtobuslary bilen bir hatarda Sowetler döwründen galan köne awtobuslar hem hereket edýär. Olar hususy taraplar tarapyndan dolandyrylýar.
Hususy awtobuslaryň ýol kireýleri 1 manat, döwlet awtobuslaryň tölegleri 50 teňňe hökmünde kesgitlenýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Demirýolçular etrapçasynyň bir ýaşaýjysy öz sebitlerinde diňe köne awtobuslaryň hereket edýändigini aýdýar.
“Bizde diňe SSR döwründen galan we ýol kireýi 1 manat bolan köne awtobuslar gatnaýar” diýip, ol aýtdy.
Türkmenabatda köpçülik transport hyzmatlary esasan Lebap awtoulag önümçilik birleşigi tarapyndan ýola goýulýar.
Azatlyk Radiosy bu şäherde dowam edýän transport problemalary barada ulag kärhanasyndan teswir alyp bilmeýär.
Bu önümçilik birleşigi “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyndadyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum