Ukraina Türkmenistana Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar diýip, “Orient” neşiri Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi Wiktor Maýkonyň “Bitarap Türkmenistan” gazetine beren interwýusyna salgylanyp habar berýär.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan söhbetdeşligiň dowamynda, abraýly ukrain kompaniýalaryny çekmek bilen, bilelikdäki tagallalar arkaly, giň gerimli we döwlet ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilendigi bellenýär.
Maýko ukrain işewürleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän birnäçe möhüm taslamany, şol sanda “Altcom” ýol gurluşyk komapniýasy, “Yug-Neftegaz” kompaniýasy we beýlekiler bilen durmuşa geçirilen işleri agzap geçdi.
Şeýle-de ol ukrain işewürleriniň Türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasynyň ýylsaýyn artýandygyny, Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň iki ýurduň ykdysadyýetine hem oňyn täsir ýetirjekdigini aýtdy.
Maýkonyň pikiriçe, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin Ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň işini güýçlendirmek bilen bir hatarda, iň işjeň kompaniýalaryň başlyklaryny we wekillerini öz içine alýan Işewür geňeş döredilse, ýerlikli bolardy.
Şeýle-de ol öz adyndan we ukrain halkynyň adyndan Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna görkezilen uly raýdaşlyk we 26-njy aprelde, ýurt üçin çylşyrymly döwürde Ukraina iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, habarda bellenýär.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ukrainada barýan uruş, Russiýanyň 24-nji fewralda goňşy ýurda garşy başlan sebäpsiz hüjümi barada hiç bir zat aýtmadylar we türkmen metbugaty, adatça bolşy ýaly, bu uruş hakynda hiç bir habar çap etmeýär.
Şonuň bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleri bu uruş bilen baglylykda Ukraina kyn ýagdaýa düşen türkmen raýatlary barada hem hiç bir maglumat çap etmedi.