4-nji aprelde NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçirilýän duşuşygynyň ikinji gününde birnäçe ýokary derejeli ýewropaly diplomat Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ABŞ tarapyndan ilerledilýän Ukrainadaky urşy soňlamak baradaky parahatçylyk başlangyjyna goşulmazlygyny aç-açan tankytlady.
Diplomatlar Moskwanyň gepleşikler boýunça hereketsizligine garşy hyzmatdaş ýurtlary rus ýolbaşçylaryna has güýçli basyş etmäge çagyrdylar.
Britaniýanyň daşary işler ministri Deýwid Lemmi çykyşynda Putiniň “wagty yza çekmek üçin hereket edýändigini” we ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin hiç bir ädim ätmeýändigini aýtdy.
“Ol häzirki wagtda ok atyşlygy togtatmak ylalaşygyna goşulyp bilerdi. Muňa garamazdan, Ukrainanyň parahat ilatyna we energiýa ulgamyna zarbalary urmagyny dowam etdirýär. Seni görüp durandyrys, Wladimir Putin. Näme edýän bolsaň, bilýändiris,” diýip, Lemmi aýtdy.
NATO agza ýurtlary Russiýanyň Ukrainadaky doly gerimli urşuna garşy umumy pozisiýa görkezmek islese-de, Ýewropa ýurtlary olaryň tagallalarynyň käbir ýagdaýlarda äsgermezlik edilýändigini duýýarlar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, wezipä girişenden soň, Russiýanyň üç ýyldan gowrak dowam edýän söweşine soň bermek meselesini özüniň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ol çalt parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak ugrunda tagallalarynyň çäginde, ýokary derejeli wekillerini Moskwa, Kiýewe we beýleki ýurtlara ýollady.
Şeýle-de bolsa, geçen aýda Moskwa ABŞ-nyň teklip eden ok atyşyklary 30 günlük doly togtatmak baradaky teklibini ret etdi. Ukraina we Russiýa diňe energetika infrastrukturalaryna garşy hüjümleri wagtlaýyn bes etmek boýunça çäkli ylalaşyk gazanypdy. Emma soňy bilen iki tarap hem bu şertleriň bozulmagynda biri-birini aýyplady.
NATO-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy şu pursatda diňe urşuň dowam edýän döwründe däl, eýsem soňky döwürde Ukrainany nähili goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşýar.
Ukrainanyň NATO agzalygyna kabul edilmegi häzirki wagtda gün tertibinde bolmasa-da, köp sanly Ýewropa ýarany, ABŞ-nyň Ukrainany ýarag bilen üpjünçiliginiň dowam etjekdigine we NATO-nyň ukrain esgerleri üçin taýýarlyk missiýasynyň saklanyp galjakdygyna kepillik almagy isleýär.
Ýöne, ABŞ indi Ukrainany harby taýdan goldamak üçin döredilen Ramşteýn toparyna ýolbaşçylyk etmeýär. Toparyň soňky duşuşygyna fewralda Britaniýa ýolbaşçylyk edipdi. Geljekki duşuşyk bolsa 11-nji aprele meýilleşdirilip, oňa Britaniýa bilen Fransiýanyň bilelikde başlyklyk etmegine garaşylýar.
Forum