Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda arzan bahadan satylan ýumurtga käbir adamlaryň saglygyna zyýan ýetirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň döwlet dükanlarynyň käbirinde arzan bahadan towuk ýumurtgasy satyldy. Hususy dükanlar bilen deňeşdirilende 30% arzan nyrhdan satylan bu ýumurtganyň hyrydary köp boldy. Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň we lukmanlaryň ençemesi ýumurtgalaryň ýaramlylyk möhletiniň geçendigini we olary iýenleriň arasynda saglygy ýaramazlaşan adamlaryň köpdügini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Marynyň döwlet dükanlarynda arzan ýumurtga satyldy. Bir sanysy 1 manat 20 teňňeden satylan ýumurtga her ele 10 sany berildi. Olaryň hususy dükanlardaky bahasy 1 manat 80 teňňä barabar. Öý ýumurtgalary 2 manat 20 teňňeden satylýar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, adamlar nobata durup satyn alan bu ýumurtgalaryny iýmekçi bolanda, olaryň aglabasynyň ýaramlylyk möhletiniň geçendigini bilip galdylar.

"Ýumurtgalar çakylandan soňra, olardan ýiti ýakymsyz ys gelýär we olary iýer ýaly däl. Bu ýumurtgadan çagalara günortanlyk nahar edip bermek üçin pomidor gowrup, üstüne ýumurtga çakdym welin, ol nahary durşy bilen zaýalady. Ýakymsyz ysdan ýaňa nahary derrew dökmeli boldum" diýip, bir ene aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan başga bir ene satyn alan ýumurtgalaryny çagasyna irden okuwa gitmänkä gaýnadyp berendigini, soňra onuň mekdepden ýaraman gelendigini aýdyp, şeýle diýdi:

"Çagam iki gün bäri gaýtaryp ýatansoň, ony hassahana alyp gitdim. Lukmanlar asma sanjym goýberdiler we onuň zäherlenendigini aýtdylar. Şeýle-de, lukmanlar şol satylýan ýumurtgany satyn almazlygy maslahat berdiler" diýip, maryly ene gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan birnäçe lukmanyň sözlerine görä, soňky günlerde zäherlenip, hassahanalara gelýän adamlar köp. Olaryň köpüsi döwlet dükanlarynda satylan ýumurtgalary iýensoň, özlerini ýarawsyz duýup başlandyklaryny aýdýarlar.

"Käbir harytlar döwlet dükanlaryna ýaýradylmanka barlagdan geçmeýäne meňzeýär. Ýa-da barlaglar geçirilende, pul bilen zaýa harytlaryň üsti ýapylýana çalym edýär. Bu harytlara jogap berýän edaralar adamyň jany bilen oýanaýarlar. Adam pahyr 'arzan' diýip alýar, yzyndan ýaraman on esse köp pul çykaryp, öz saglygyna seretdirmeli bolýar" diýip, ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz ýaşaýjylaryň ençemesiniň döwlet dükanlaryna arz edendigini, ýöne işgärleriň olara "Biz size bize gelýän harydy satýarys" diýip jogap berendigini hem aýtdy.

"Dükan işgärleri ulanylmadyk zaýa ýumurtgalalary yzyna almadylar" diýip, ýaşaýjy sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýatyň söwda edarasyndan, şeýle-de saglyk bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, döwlet dükanlarynda satylýan ýumurtgalaryň ählisiniň möhletiniň geçendigini ýa-da geçmändigini hem anyklap bolmady.

Bellesek, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýaramlylyk möhleti geçen, zaýa harytlaryň satylýandygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozal-da onlarça gezek habar beripdiler. Şol harytlaryň arasynda, ýeralma, un, mal we towuk etleri, şireli suwlar ýaly azyk önümleri bar.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlara hiç hili resmi reaksiýa bildirmeýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, habarçylarymyň maglumatyna görä, köp maşgala döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal satuwa çykarylýan arzan azyk önümlerine garaşly galýar. Köp maşgalanyň täjirçilik bahasyndan azyk satyn almaga mümkinçiligi ýok. Ilat arasynda elektrik energiýasy, gaz we suw ýaly hojalyk hyzmatlary üçin töleglerini töläp bilmeýän, zir-zibil dörýän, dilegçilik edýän raýatlar köpelýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri "halkyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny" aýdyp, ne ykdysady kynçylyklary, ne-de onuň ilata ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG