Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda un, ýumurtga, pagta ýagy, mal etleri we towuk eti gytaldy


Türkmenistanda ýumurtga nobatyna duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty
Türkmenistanda ýumurtga nobatyna duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde unuň, ýumurtganyň, pagta ýagynyň, dürli mal etleriniň we towuk etiniň gytçylygy emele geldi. Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy bu önümleriň gytçylygyny diňe döwlet dükanlarynda däl, eýse şäheriň ähli bazardyr söwda nokatlarynda görse bolýandygyny aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylar hepdäniň başyndan bäri dowam edýän bu gytçylygy "ýurduň garaşsyzlyk taryhynda görlüp-eşidilmedik gahatçylyk" häsiýetlendirýärler.

"Bazarlarda we et dükanlarynyň öňünde uly nobatlar emele geldi. Her ele diňe 0,5 kg et satylýar. Et irden sagat 8-de satylyp gutarýar we şondan soň tapdyrmaýar. Ýumurtga umuman ýok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 14-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu gytçylyk şäheriň bazarlarynda gazak ununyň bahasynyň tas iki esse ýokarlanmagyna hem getirdi. Häzirki wagtda gazak ununuň bir haltasy, ýagny 50 kg 1500 manada gymmatlady. Mundan öň onuň bahasy 700-800 manat aralygynda üýtgeýärdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, söwda resmileri nobatda duran adamlary köşeşdirmek üçin hepdäniň ahyryna çenli azyk önümleriniň ählisiniň gytçylygynyň aradan aýryljakdygyny wada berýärler.

"Çörek we ýag gytçylygyny tiz wagtda çözeris. Ýumurtga we et önümleri hepde ahyryna ýa-da birinji güne gelip ýetişer. Aşgabatdan gelýän towuk etiniň gümrük barlag we karantin sebäpli sanitariýa-barlag işleriniň möhleti dördünji güni tamamlanar we şondan soňra paýlanar" diýip, habarçy şäheriň bir söwda resmisiniň aýdan sözlerini sitirledi.

Onuň sözlerine görä, söwda resmileri duýdansyz dörän gytçylygyň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne ýerli ýaşaýjylar munuň sebäplerini sentýabr aýynyň başynda şäheriň Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen ilteşdirýärler.

"Syýahatçylaryň sebitden gidip başlamagy bilen şähere üns azaldy we azyk doly kesildi. Balkan welaýaty oba hojalyk sebiti bolmandygy sebäpli azyk meselesinde beýleki welaýatlara garaşly bolmagynda galýar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň döwlet dükanlarynda bu önümleriň gytçylygy eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýär. Hususan-da, soňky aýlarda häkimiýetler ilatyň un we ýag paýlaryny öz wagtynda paýlap bilmeýärler. Döwlet dükanlarynda çörek gytçylygy hem dowam edýär.

Habarçymyz bu önümleriň gytçylygynyň bazarlarda we hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda hem döremeginiň, ykdysady kynçylyklar we işsizlik zerarly ozal hem gurpdan düşen köp maşgala goşmaça zarba urýandygyny aýdýar.

"Şäher raýatlary 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, azyk harytlarynyň bolçulygynyň we arzançylygynyň bolmagyna garaşýardy. Ýöne bu umytlar puja çykdy" diýip, başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da möhüm çäreleriň öňüsyrasynda, adatça bazarlarda "emeli azyk bolçulygyny we arzançylygyny" döredýärler. Ýöne bu "emeli azyk bolçulygy we arzançylygy" birnäçe gün dowam edýär we baýramçylygyň yz ýany aradan aýrylýar.

Bu aralykda, habarçymyz garaşsyzlyk baýramynyň golaýlamagy bilen, hepdäniň başyndan bäri bankomatlara birneme köp nagt puluň salnyp başlanandygyny hem habar berýär.

Şol bir wagtda, ol şäherde temmäki önümleriniň bahasynyň gymmatlap başlandygyny hem aýdýar. Ol muňa ýerli salgyt we kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň temmäki önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere garşy reýdleri geçirmeginiň sebäp bolandygyny belleýär.

"Bu reýdlerde Russiýadan bikanun getirilendigi aýdylýan temmäki önümleriniň üsti açyldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýerli salgyt we söwda edaralaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistan şu ýyl garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny öz ýakyn taryhyndaky üçünji lideriň ýolbaşçylygynda baýram edýär. Bu sene ilkinji gezek täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda belleniler. Bu ýyl häkimiýetler tarapyndan "aýratyn ähmiýet berilýändigi" aýdylýan garaşsyzlyk baýramy ýurtda ykdysady krizisiň, işsizligiň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän wagtynda bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG