Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Bankomatlarda nagt pul ýene tapdyrmaýar


Türkmenistanda bankomatlara pul salynmagyna garaşýan zenanlar. Arhiw suraty
Türkmenistanda bankomatlara pul salynmagyna garaşýan zenanlar. Arhiw suraty

Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt ýetmezçiligi ýene ýitileşdi. Bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy sebäpli raýatlar zähmet haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda ýiti kynçylyk çekýärler. Munuň bilen bagly, raýatlaryň bank ýolbaşçylaryna edýän arz-şikaýatlarynyň oňyn netijesi bolmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden maglumat berdiler.

"Şu günler adamlar köpçülikleýin welaýatyň bankomatlaryna aýlanýarlar. Ýöne olar haýsy bankomada barsalar-da, hemişe bolşy ýaly puluň ýokdugyny bilip galýarlar. Adamlar banklara baryp, diňe bank kartynyň içinde näçe manadyň bardygyny görüp bilýärler" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda adatça her aýyň 1-5 aralygynda pensiýa we döwlet kömek pullary, şondan soňky günlerde bolsa zähmet haklary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilýär.

"Adamlar aýyň başyndan bankomatlara aýlanyp başlaýarlar. Ýöne olaryň aglabasynda pul ýokdugy sebäpli kartlaryndaky pullaryny ençeme günläp, käte birnäçe hepdeläp nagtlaşdyryp bilmeýärler. Hususan-da pensionerler gaty kösenýär. Käte şeýle ýagdaýlar hem bolýar: käbir adamlar kartlarynda puly aýyň ahyrynda, ýagny nobatdaky aýlygy kartyna gelmezinden sähel öň nagtlaşdyryp bilýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran başga bir maryly ýaşaýjy aýtdy.

Şu günler, habarçymyzyň maglumatyna görä, raýatlaryň ençemesi bank ýolbaşçylaryna ýüzlenip, nogsanlyklara çözgüt tapyp bermegi soraýar. Ýöne raýatlaryň bank ýolbaşçylaryna edýän ýüzlenmeleriniň oňyn netijesi bolmaýar.

"Dört sany aýal "Daýahanbanka" gelip, başlyk bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. Başlyk olary kabul etdi. Olar bankomatda pul ýokdugyny aýdyp, haçan salynjakdygyny soradylar. Başlyk olara: "Adamlar töleg geçirip, banka pul gelmese, biz bankomatlara pul goýup bilmeýäris. Bize daşyndan nagt pul gelenok. Gelýän puluň aglabasyny-da Aşgabatdaky Merkezi banka geçirmeli bolýarys. Häzir plastik kartdan söwda edäýmeseňiz, başga çykalga ýok' diýdi" diýip, waka şaýat bolan bank işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, zenanlar öz hal-ýagdaýyny düşündirmäge synanyşdylar. Olar döwlet dükanlarynda un we çöregiň kadaly satylmaýandygyny, şol sebäpli bu önümleri hususyýetçilerden nagt pul töläp satyn almaly bolýandyklaryny aýtdylar.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri söwda nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny habar berýärler. Ýöne habarçylarymyz ýurduň söwda nokatlarynyň aglabasynda diňe nagt tölegiň soralýandygy barada yzygiderli maglumat berýärler.

"Aýallar başlyga: Biz özümize we çagalarymyza gerekli zatlary almak üçin nagt pul bermeli. Kartdan töleg kabul edýän bir-iki sany hususy dükan hem bar. Ýöne olar kartdan töläniňde, harydyň üstüne 20% goýup, has köp pul alýarlar. Olara gözegçilik edýän adam ýok. Biz çykgynsyz ýagdaýda" diýdiler. Başlyk 'elinden gelýän zadynyň ýokdugyny' aýdyp, olary ugratdy" diýip, bank işgäri belledi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň sekiz ýyldan gowrak wagt bäri, ýagny ýurtda zähmet haklary, pensiýa we döwlet kömek pullary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilip başlany bäri dowam edýän bu problemalaryny aç-açan boýun alyp, bu barada çykyş etmeýärler.

Ýöne soňky hepdäniň dowamynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bank işgärleriniň we Lebabyň sosial üpjünçilik edaralarynyň derňelýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.

Ýagdaýdan habarly balkanly çeşmämiziň maglumatyna görä, garşysyna iş gozgalan käbir bank hünärmenleri plastik kart eýelerinden kanunda görkezilmedik töleg alyp, munuň öwezine olara pul nagtlaşdyrmaga ýardam bermekde güman edilýärler.

Lebapdaky çeşmämiz bolsa, derňewleriň geçirilip başlanmagy bilen, Türkmenabatda bank kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň hem azalandygyny, bankomatlara yzygiderli pul goýulýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG