Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emeldarlaryň ‘Awaza’ dynç almaga gelmegi bilen, sebitde VPN-e garşy göreş güýçlendirildi


Awaza
Awaza

Türkmenistanda ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň zähmet rugsadyna çykyp, şol sanda “Awaza” syýahatçylyk zolagyna gelip başlamagy bilen, ýurduň günbatar sebitinde beýleki çäklendiriji düzgünler bilen birlikde, VPN ulanyjylaryna garşy alnyp barylýan göreş hem güýçlendirildi.

“Şu gün, ýagny 2-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde we Awazada VPN düýbünden işlemedi. Häzir howpsuzlyk güýçleri VPN gurnap berýän ussalary edil neşe söwdagärleri kimin awlaýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran türkmenbaşyly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Ol ozal haýal hem bolsa, internede bökdençsiz girmäge mümkinçilik beren VPN ulgamlarynyň hem işlemegini bes edendigini belledi.

“Täze açylan VPN ulgamlary hem dessine petiklenýär. Ozallar mobil telefon ussalary 200-300 manada VPN gurnap berýärdiler. Emma indi olar hem güýçlendirilen yzarlamalardan howatyr edip, bu hyzmatlaryny bes etdiler. Howpsuzlyk gulluklary şular ýaly beýleki ussalara, jenaýat işi bilen hem haýbat atypdyrlar” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy ýurtdaky maglumat akymyny berk çäklendirýän türkmen häkimiýetleriniň iýun aýyndan bäri VPN ulgamlaryna garşy göreşini güýçlendirendigi, munuň netijesinde ýurduň tas ähli künjeklerinde, şol sanda Aşgabatda hem bu ulgamlaryň käte ençeme günläp işlemegini bes edendigi barada maglumat berip gelýär.

Habarçylarymyz bu tagallalaryň çäginde, VPN ulanyjylarynyň IP adresleriniň petiklenmegi netijesinde ýurtdaky birnäçe daşary ýurt kompaniýasynyň birbada daşary ýurt serwerlerine girmek mümkinçiligini ýitirendiklerini hem habar beripdiler. Bu kompaniýalar beýleki ýurtlardaky uzak serwerlerde saklanýan proýekt dokumentleriniň elýeterliligini ýitiripdir, käbirler buhgalteriýa hasabatlaryny we işgärlere aýlyk geçirmek mümkinçiligini ýitiripdir.

Şol bir wagtda, türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň döwlet edara-kärhanalarynda duýdansyz reýd geçirip, mümkin VPN ulanyjylaryny äşgär etmek üçin, işgärleriň mobil telefonlaryny hem barlaýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Türkmenistan dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biridir. Ýurduň hökümeti ilat üçin garaşsyz maglumat elýeterliliginiň öňüni alýar, internete gözegçiligi güýçlendirýär we VPN hyzmatlarynyň ulanyjylaryny hem-de guraýjylaryny yzygiderli yzarlaýar.

Şol bir wagtda, 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç alyşa çykan resmileriň ýurduň günbataryndaky Kaspiniň kenarlaryna gelmegi bilen, diňe bir VPN hyzmatlary çäklendirilmän, eýse ýerli ilatyň adaty durmuşy hem togtadyldy.

Azatlyk Radiosy “Awazada” döwlet emeldarlarynyň gelmeginiň öňüsyrasynda beýleki welaýatlardan gelen içerki migrantlaryň çykarylýandygy, ýerli belgisi bolmadyk ulaglaryň dynç alyş zolagyna goýberilmeýändigi, galyberse-de adaty raýatlaryň deňizde suwa düşmegine gadagançylyk girizilýändigi barada habar beripdi.

"Awaza birinji awgustdan ýapyk bolar, sebäbi bu ýere ýokary derejeli resmiler we olaryň maşgala agzalary gelýär" diýip, efirde adynyň agzalmazlygyny soran ýerli çeşmeleriň biri gürrüň beripdi.

Şeýle ýagdaý sebitde, esasanam dynç alyş möwsüminde yzygiderli ýüze çykýar.

Iýul aýynyň başynda Azatlygyň habarçylary ygtybarly çeşmelere salgylanyp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşlarynyň dynç almak üçin “Awaza” gelendiklerini habar berdiler. Şonda prezidentiň garyndaşlarynyň gelmegi Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary üçin dürli oňaýsyzlyklary döretdi. Şäheriň käbir köçeleri, bazarlary we söwda merkezleri günde birnäçe gezek ýapyldy. “Awazada” dynç alýan beýleki welaýat ýaşaýjylary öz öýlerine gitmek üçin howa we demir ýol biletlerini satyn alyp bilmediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG