Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan Eýran arkaly türkmen gazyny import etmegi maslahatlaşýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Aşgabat we Ýerewan türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Ermenistana import etmek baradaky ylalaşygy maslahatlaşýar diýip, Türkmenistanyň Hronikasy” ermeni metbugatyn salgylanyp habar berýär.

Ermenistan Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmengaz” konserni bilen gaz söwdasy barada ylalaşyk baglaşmak üçin gepleşik geçirýär.

“Armenpress” neşiri bu habary 26-njy martda, Ermenistanyň premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň Ýerewanda geçirilen 10-njy mejlisinde aýdan sözlerine salgylanyp berdi.

Tumanyanyň sözlerine görä, ermeni wekiliýetleri soňky ýyllarda Türkmenistana birnäçe sapar edip, energiýa we beýleki ugurlar boýunça birnäçe taslamany ara alyp maslahatlaşdy.

XS
SM
MD
LG