Türkmen paýtagtynyň dürli etraplarynda we Aşgabadyň eteklerinde, şähere girizilen obalarda tomsuň jokrama yssysynda ýiti suw problemasy ör boýuna galdy diýip, ýerli habarçylar habar berýär.
5, 6, 9, 10 we 11-nji etrapçalarda, Parahat etrapçalar toplumynyň ählisinde gündizine we gijelerine ençeme sagatlap suw bolmaýar; käbirlerinde gije ýarymyndan ir sagat ýedä çenli suw bolmaýar, Abadan-Büzmeýiniň köp ýerinde, 30-njy etrapçada suw berlende hem basyş örän pes, mysal üçin, suw pes bolansoň, kir ýuwulýan maşynlar hem işlemeýär diýip, habarçy aýtdy.
Suw berlende hem, köp ýerde hapa suw gelýär. Hiç ýerde hiç kim suw soragyna jogap bermeýär, problemanyň haçan çözüljekdigini bilýän hem ýok, diňe garaşmaly diýýärler, bolany diýip, bu mesele bilen gyzyklanan adamlar Azatlyga gürrüň berdi.
Tassyklap bolmaýan maglumatlara görä, suwuň bolmazlygy şäher ilatynyň ulanýan agyz suwunyň täze gurulýan Aşgabat-sitä ugrukdyrylmagy bilen bagly.
Parahat- 7-de, Andalyp köçesiniň ugrundaky elita jaýlarynda, şol ýeriň gapdalynda ýerleşýän 79-njy 84-nji mekdeplerde, 17-nji çagalar bagynda, 24-nji we 15-nji poliklinikalarda suw meselesi ýiti bolmagynda galýar.
Düýn agşam elita jaýlarynyň ýaşaýjylaryna, ýerzeminlerdäki howdanlara suw daşaýan awtoulaglarda suw getirdiler, bu jaýlaryň suwlary ýerzeminlerdäki howdanlardan alynýar. Bu howdanlara suw turbalar arkaly getirilip, zerurlyga görä, wagtly-wagtynda doldurylyp durýar. Diýmek, geçirijiler arkaly suw gelmändir, basyş ýeterlik däl diýip, habarçy aýtdy.
Şeýle-de habarçy ol howdanlaryň wagtal-wagtal arassalanylmalydygyny, dezinfeksiýa edilmelidigini, emma bu işleriň edilmeýändigini, şol sebäpden olaryň läbikden, hapadan dolandygyny habar berýär.
Aýdylmagyna görä, elita jaýlarynda agyz suwy üçin-de, beýleki zerurlyklar, ýangyn öçürmek üçin-de suw howdanlary bar.
Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde gaty gyzýan beton jaýlarda günüň dowamynda birnäçe gezek suwa düşmezden, üstüňden suw akytmazdan ýaşamak tas mümkin däl. Habarçy bilen gürleşen adamlar birinji gatlardaky jaýlarda suwuň azajykdan hem bolsa, pes basyşda gelýändigini aýtdylar, ýöne suw 3-nji we 4-jni gatlara çykmaýar.
Ýokarky gatlara suw agşamlyk we irden çykýar, başga wagtlarda adamlar tapan gaplaryna suw alyp goýup, şondan peýdalanýarlar.
Gündizlerine howanyň gyzgyny 45 gradusdan geçýär, gyzgyn günüň aşagynda işlemek jan saglygy üçin howply diýip, radionyň söhbetdeşleri aýtdy.
Bu maglumatlary Azatlygyň Aşgabatdaky ikinji habarçysy hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, Aşgabatdaky kwartira jaýlarynda suw günde diňe 3 sagatlap berilýär.
Basyş örän pes, ýöne şol gysga wagtda, hajathana we beýleki zerurlyklar üçin ulanar ýaly, wannany suwdan dolduryp ýetişjek bolmaly.
Şeýle-de, ýaşaýjylar suwuň hiliniň örän ýaramazdygyny, jaýlarda oturdylan filtrleriň, süzgüçleriň bir hepde içinde hapadan dolýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň Agyz suwy hakyndaky kanunynda aýdylmagyna görä, ýurduň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär.
Emma bu kanun köplenç kagyz ýüzünde galýar we ýurduň ilaty suwuň mugt wagtynda-da, soňra tölegli edileli bäri hem, hem sebitlerde, hem paýtagtda arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmeýär diýip, hünärmenler aýdýar.
Şol bir wagtda, ýurduň suw howdanlarynda, kanallarda we ara ýaplarynda suwuň bisarpa ulanylmagy, ýitirilmegi, güne bugardylmagy, ýere siňdirilmegi adaty zat bolmagynda galýar we agyz suwy meselesini gozgaýanlar yzarlanamalara sezewar bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.