Suw çüwdürimleriniň golaýynda ýaşaýan şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda çagalaryň we eneleriň, gartaşan adamlaryň tomsuň yssysynda, gyzgyn epgek gowşanda, agşamara az wagt dynç alýan ýerleri hem, ýa suw, ýa-da tok tygşytlanmagy netijesinde, kem-kem ellerinden alynjaga meňzeýär.
Maryda suw çüwdürimleriniň, fontanlaryň golaýynda indi kän adam görünmeýär, sebäbi olar işlemeýär diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
Bu habar ýurtda gurak gelen ýylda yssa çydaman ýogalýan adamlaryň öňki ýyllaryň tomuslaryna garanda hem görnetin köpelendigi barada ýaýran resmi däl maglumatlaryň yz ýanyndan geldi.
Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen fontan işgäriniň sözlerine görä, işlemez ýaly, şäheriň suw çüwdürimleriniň köpüsiniň suwuny boşatdylar; içi suwly duran fontanlar her gün bir sagat, öýlän sagat 18:00-dan 19:00-a çenli işledilmeli, galan wagtlarda, birden çagalaryň gelip, bu ýerde suwa düşmezligi üçin, olara berk gözegçilik etmeli diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Eger-de suw çüwdürimleriniň suwy aýrylsa, olary işletmek, işgärlere aýlyk tölemek zerurlygy hem aradan aýrylýar.
“Ozalam idili aýlyk ýokdy, ýöne indi fontanlar işlemän dur diýip, bolanja aýlygymyzy hem kemelderler ýa bermezler” diýip, fontan işçileri alada edýär.
Olar mundan öň, fontanlaryň işleýän wagtynda hem, sorujy, nasos döwülse, siz seretýärsiňiz diýip, aýlyklarynyň ýarysynyň tutulyp alnandygyny gürrüň berdiler.
“Biz ozal smenalaýyn, iki wagtyna gezekleşip işleýärdik, indi biziň haýsam bolsa birimizi aýyrmakçy bolýarlar, kimiň bijesiniň çykjagy belli däl” diýip, işini ýitirmekden alada galýan işgär gürrüňini dowam etdirdi.
Adamlar adatça her gün öýlän, gün ýaşyp gelýärkä çagalaryny alyp, şäheriň fontanly ýerlerine gelýärler. Sebäbi suw çüwdürimleriniň işleýän ýerlerinde howa salkyn bolýar, çagalar hezil edip oýnaýarlar, ulular oturyp, özara gürleşip, gije ýatmazdan öň gyzan bedenlerini sowadýarlar. Emma indi olar bujagaz hözirimizden hem kesilýär diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Suw çüwdürimleriniň suwunyň aýrylmagyna hususan-da çagaly aýallar, garrylar gynanýar diýip, fontan işgäri aýtdy.
“Indi bu yssy howada çagalarymyzy oýnatmaga hem zar bolarys, salkynjak ýer diýip, hezil edip gelýärdik” diýip, ýanyna iki sany ýaş çagasyny alyp, işlemeýän suw çüwdüriminiň ýanynda gezim edýän ene hem gynanjyny paýlaşdy.
“Çagalarymyz fontanyň içinde galanja suwa aýaklaryny soksalaram, derrew fontana seredýän adam ylgap gelýär. ‘Çykaryň çagaňyzy suwdan, bizi gepe goýmaň, gadagan etdiler’ diýýärler.
Ýerli hünärmenleriň käbiri häkimiýetleriň fontan gadaganlygyny elektrik toguny tygşytlamak zerurlygy bilen düşündirýär.
Ýerli suw basseýnleriniň ählisi wagtlaýynça ýapylmaly edildi, olaryň haçan açyljakdygy hem belli däl diýip, ýagdaýdan habarly işgär aýtdy.
Agşam sagat 19:00-a çenli daşarda salkyn düşmeýär, şäher ýaşaýjylary howanyň epgegi gowşandan soň bary-ýogy iki sagat daşarda gezim edip bilýärler, şondan soň, sagat 21:00-da komendant sagady başlanýar diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerinde görä, sagat 21:00-dan soň adamlar hökmany suratda öýlerine girmeli.
Gurak klimatly, yssy howaly Türkmenistanda suw bir tarapdan gowaça meýdanlarynda bisarpa ulanylsa, ikinji tarapdan hemişe, hususan-da tomus aýlarynda kän ýetmezçilik edýär, daşary ýurtlara eksport edilýän tok bolsa, hem tomusda, hem gyşda ýetmezçilik edýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Turkmen.Newsiň” maglumatyna görä, soňky wagtlarda paýtagt Aşgabatda ilata berilýän agyz suwuny hem gijelerine kesip başladylar.
Neşir häkimiýetleriň bu ýagdaýy suw ýetmezçiligi bilen düşündirýändigini we agyz suwy meselesiniň ýurduň beýleki şäherlerinde hem problema bolup galýandygyny belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.