Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident täze suw desgalaryny synlap, Azatlygyň suw habaryna reaksiýa bildirdi


Türkmen TW-si suwuň tygşytlanmagyna peýdasy degmejek täze ýaplary görkezdi.
Türkmen TW-si suwuň tygşytlanmagyna peýdasy degmejek täze ýaplary görkezdi.

Hünärmenler ýurtdaky ýer, suw meselelerini çözmek barada 1960-njy ýyllardan bäri edilýän çagyryşlaryň ozal kompartiýanyň, soňra bolsa dempartiýanyň wagyzlarynyň arasynda ýitendigini, sowet hyýalbentliginden hakykata gelmek islemezligiň 2021-nji ýylyň hasylyna hem peýda etmejekdigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Azatlygyň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý barada soňky aýlarda beren anyk habarlaryna gytaklaýyn reaksiýa bildirip, güneşe baý, ýeri ýeterlik we dowamly azyk gytçylygyna uçran ýurtdaky ýer, suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga çagyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji maýda Kaka etrabyndaky “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi bilen tanşanda suw meselesine üns berdi, ýöne oba hojalygynda dörän agyr ýagdaýyň sebäplerini anyklaşdyryp bilmedi.

TDH-nyň ýerden we suwdan rejeli peýdalanmakda edilen we edilýän işler barada beren maglumatlaryndan çen tutulsa, hünärmenleriň pikiriçe, döwlet baştutany daýhanlaryň meselesini çözmek bilen däl-de, öz ikinji "oba özgertmesiniň" gazanmadyk abraýyny dikeltmek bilen gyzyklanýana meňzeýär.

Döwlet neşiriniň habarynyň aglaba böleginde daýhanlaryň Azatlygyň üsti bilen edýän şikaýatlary gytaklaýyn ret edilýär we önüm öndürijiler üçin ähli şertiň döredilýändigi tassyklanýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki metbugaty ýurtdaky problemalar, şol sanda oba hojalygyndaky heläkçilikli ýagdaý hakynda hiç bir maglumat bermeýär. Emma kärendeçiler, Azatlygyň üsti bilen häkimiýetlere sesini eşitdirjek bolup, her ýyl habarçylara öz kynçylyklaryny gürrüň berýärler.

Bu üstümizdäki ýylda hem şeýle boldy we kärendeçiler ýyl başyndan ozaly ekerançylyk ýaplaryndaky suw ýetmezçiligi barada şikaýat etdiler, döwletiň talap edýän hasylynyň bu ýylam bolmajakdygyny, özleriniň ýene bergili çykmaklarynyň ahmaldygyny duýdurdylar.

Türkmenistanda ýer, suw doly döwlet eýeçiliginde galýar we adamlar kärendeçilik, potratçylyk edip, bazaryň däl-de, hökümetiň kesgitlän nyrhynda önüm öndürmeli bolýarlar. Emma hökümet, kärendeçileriň aýtmaklaryna görä, her ýyl diýen ýaly suw, dökün, tehnika üpjünçiligi barada berýän wadalaryny, öz üstüne alan beýleki borçlaryny doly we öz wagtynda ýerine ýetirmeýär.

Türkmenistanda ilatyň aglaba köplügi oba ýerlerinde ýaşaýar we ekerançylyk, ýerden alynýan hasyl on müňlerçe maşgalanyň esasy eklenç çeşmesi bolmagynda galýar.

Türkmenistanda suwuň ýaryndan gowragy aralyk ýaplarda ýere siňýär diýip, hünärmenler aýdýar.
Türkmenistanda suwuň ýaryndan gowragy aralyk ýaplarda ýere siňýär diýip, hünärmenler aýdýar.

Ýöne häkimiýetler daýhanlaryň kynçylyklaryny tassyklaman, edilen uly işler barada hasabat bermeklerini dowam etdirýärler.

Mysal üçin, wise-premýer E.Orazgeldiýewiň sözlerine görä, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň suw göteriji bekedi dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy we bu ýer suw (Garagum derýasynyň 630-njy kilometrliginden) her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly getirilýär.

Lebaply kärendeçiler bolsa, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde suw nasoslarynyň köpüsiniň döwükdigini, olaryň ogurlanýandygyny, nasos üçin pul ýygnamagyň daýhanlara goşmaça salgyt bolandygyny aýdýarlar.


Emma Kakada iň döwrebap nasoslar bilen birinji bekede gelen suw soňra bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda, 61 metr beýiklikde ýerleşýän 2-nji suw göteriji bekede, ondan hem 10 kilometr uzaklykda, 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekede, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki, göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýulýar.

Eger ýatlatsak, Azatlyk soňky ýyllarda ýurtdaky suw howdanlarynyň, şol sanda Garagum derýasynyň hem, onlarça ýyllap idegsiz galandygyny, olary gyrmança basandygyny habar berdi.

Ýerli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, soňky onýyllyklarda mermer daşlaryna harçlanan altyn pullaryň ýarysy harçlanan hem bolsa, ýere siňip ýatan suw serişdeleriniň köp bölegini altyn pula öwrüp bolardy we işsizlik beýle derejä ösüp ýetmezdi.

Ýöne ýurtdaky işsizleriň möçberlerini, aýlyk gazançlarynyň ýagdaýyny anyklaşdyrmaýan TDH işsizlik meselesiniň çözülýändigini ýaňzydyp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş ornunyň döredilendigini belleýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedowyň ikinji "oba özgertmeleri" bilen baglylykda, paýdarlaryň her birine uzak möhletli ulanmak üçin ýüzlerçe gektar ýeriň bölünip berlendigi habar berilýär.

Türkmen prezidenti ikinji "oba özgertmelerini" 2018-nji ýylda yglan etdi. Berdimuhamedowyň ondan öňki oba syýasaty netijesiz bolup çykdy we Saparmyrat Nyýazowdan gelýän oba hojalyk krizisini has çuňlaşdyrdy diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri oba hojalyk syýasatyny Moskwa garaşsyz, özbaşdak kesgitleýär, ýöne hünärmenler ýurtdaky ýer, suw meselelerini çözmek barada 1960-njy ýyllardan bäri edilýän çagyryşlaryň ozal kompartiýanyň, soňra bolsa dempartiýanyň wagyzlarynyň arasynda ýitendigini, sowet hyýalbentliginden hakykata gelmek islemezligiň 2021-nji ýylyň hasylyna hem peýda etmejekdigini aýdýarlar.

Ýyl-ýyldan tozýandyklaryny aýdýan daýhanlardan tapawutlylykda, hökümet her ýyl metbugatda ýokary hasylyň alnandygyny aýdyp, ýerli häkimleri, daýhanlary 'netijeli' işlemezlikde aýyplamagy dowam etdirýär. Şol bir wagtda-da bazarlardaky nyrhlar, azyk gytçylygy we importa garaşlylyk aýdylan "bol hasylyň" ýarysynyň hem alynmandygyny yşarat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG