Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda sygyr saklaýan ýaşaýjylara jerime salýarlar


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary öýlerinde mal saklaýandygy üçin jerimä sezewar edilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, öý-dolandyryş edarasynyň işgärleri barlag geçirýärler we jerime salýarlar.

"Tanyşymyň iki sany sygyry bar, öý-dolandyryş edarasyndan geldiler-de her sygyr üçin 800 manat jerime saldylar, jemi 1600 manat, bir çärýek üçin. Eger maly ýok etmeseler, üçünji çärýekde hem jerime salynjagyny duýdurdylar" - diýip, Azatlygyň habarçysy 11-nji iýulda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda öýerde mal saklanmagyna garşy göreş Keşi obasynda amala aşyrylýar.

"Häzire çenli Hitrowka, Köşi, Şor ýaly ýerlerde käbirler bir-iki goýun saklaýarlar. Emma munuň ysy sebäpli dessine anyklaýarlar we jerime salýarlar. Köşüde mydama sygyr köp saklaýardylar. Häzir ol ýerde uly tutumly ýykan-ýumranlyklar, ilatyň göçürilmegi we mal saklanmagyna garşy aktiw çäreler başlandy. Adamlar malyny gizleýärler, emma öýme-öý barlag geçirilýär, anyklaýarlar, jerime salýarlar we haýbat atýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Aşgabadyň eteginde ýerleşýän onlarça ýaşaýyş punk 2013-nji ýylda paýtagtyň düzümine giripdi. Abadan şäheri, Jülge, Ruhabat posýoloklary we Bagyr, Tejribe, Garadaşaýak, Gypjak, Birleşik, Magaryf, Herrikgala, Ýalkym, Gurtly, Hellewler we ýene birnäçesi özleriniň administratiw birlik statusyny ýitirip, Aşgabat şäheriniň düzümine giripdi.

​Ýaşaýyş nokatlaryň administratiw statusynyň üýtgemegi olaryň infrastrukturasyna we ýerli ilatynyň durmuş şertlerine täsir ýetirmedi. Bu ýerdäki ilat köpçüligi howly jaýlarynda ýaşaýar we mellek saklaýar.

Üstesine ekerançylyk we mal saklamaklyk köp maşgalalaryň ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýar.

"Onuň jaýy we mellegi bar. Howlusynda mal üçin iým we sygyr saklaýan ýeri bar. Onuň özi işsiz, öň ýük ulag sürüjisidi" diýip, habarçymyz Aşgabadyň çetindäki obalaryň biriniň ýaşaýjysy barada gürrüň berýär.

Aşgabadyň gyrasyndaky obalaryň ýaşaýjylary mal saklamakdan el çekmäge taýýardygyny, sebäbi bu agyr işiň çykdajysynyň hem gitdigiçe artýandygyny aýdýarlar. Emma olaryň sözlerine görä, gazanç üçin mümkinçilikleriň çäkli bolmagy ilaty mal saklamaga mejbur edýär.

"Sygyrlardan dynmaga taýýar, sebäbi olaryň iýmiti örän gymmat. Emma iş ýok. Kakamyň pensiýasy dermanlaryna ýetenok. Maşgalam, çagalarym bar", diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz aýtdy.

Mundan birnäçe aý öň Aşgabadyň düzümindäki Çoganlynyň ýaşaýjylaryna öz howlularynda mal saklamak gadagan edilipdi. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 1-nji martda habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň häkimiýetleriniň ilatyň mal saklamagyna garşy göreşiniň käbir sebäplerini anyklady.

"Käbir sanitariýa normalary bar, olar öň kabul edilipdir. Bu antisanitariýa garşy göreş bilen bagly. Şäherde mal saklamak gadagan. Obalar şäheriň düzümine girizilen badyna howlularda mal saklanmagyna garşy göreş başlanýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Iýun aýynda Azatlygyň habarçylary Aşgabatdan 150 kilometr uzaklykdaky obalarda mallaryň keselden gyrylýandygyny habar beripdi. Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri bu problemany agzamandy.

Azatlyk Radiosy paýtagtda we beýleki şäherlerde ilatyň mal saklamagyna degişli gadagançylyk bilen bagly düzgünleriň jikme-jiklerini, jerimeleriň resmi möçberini we mal saklanmagyna degişli talaplary anyklamaga synanyşdy. Aşgabadyň häkimligine eden ýüzlenmelerimiz häzirlikçe netije bermedi.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG